Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

JYNSY GOWŞAKLYK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.86 (79 Ses)

Maşgala  gatnaşyklarynda är-aýal jyns gatnaşyklarynyň esasy orny tutýandygy hemmämize mälimdir. Jynsy gatnaşyklaryň dürli bozulmalary düşünişmezliklere, agzalalyga, öýke-kinäniň ýüze çykmagyna getirip biler.

Gynansak hem, biziň günlerimizde seksual bozulmalarynyň arasynda jynsy gowşaklyk giňden ýaýran ýagdaýlaryň biridir.

Jynsy gowşaklyk (impotensiýa) dürli sebäplere görä ýüze çykyp, jynsy gatnaşyklary wagtynda erkegiň ujydynyň gönelip, şol ýagdaýda saklanmaga ukybynyň bolmazlygyny aňladýar. Kada laýyk ýagdaýynda erkegiň ujydynyň gönelip bilme häsiýetine "ereksiýa" diýilýär.

1992-nji ýylda geçen urolog lukmanlarynyň halkara konferensiýasynda, kynçylygyň anyk sebäbini görkezmek maksady bilen oňa "erektil bozulmalary" diýen täze lukmançylyk kesgitlemesi berildi. Bu ýagdaý 35-40 ýaş aralygyndaky adamlaryň 40% -de duş gelýändir. Onuň ýüze çykmagy ýaş ulaldygyça köpelip, 40-70 ýaş aralykda 52%-i, 70 ýaşdan soň bolsa 67%-ýagdaýlary öz içine alýandyr.

Jyns gowşaklygy birnäçe sebäplere görä ýüze çykyp biler:

  • Kiçi çanaklyk agzalaryň sowuklama keselleriniň ýüze çykmagy (meselem, erkeklik jyns mäziň, ýumurtgajygyň we onuň goşundysynyň, peşew haltanyň sowuklamalary);
  • Ereksiýa wagtynda ujytda ýüze çykan gan aýlanyşygynyň bozulmalary (arteriýa gan akymynyň  bozulmalary ýa-da wena damarlarynyň gowşaklygy);
  • Dowamly keseller: ateroskleroz, süýji keseli, gan basyşynyň ýokarlanmagy, semizlik;
  • Endokrin bozulmalary;
  • Oňurganyň dürli şikeslenmeleri;
  • Ujydyň şikeslenmegi;
  • Kiçi çanaklyk agzalarynda geçirilen operatiw bejergi;
  • Uzaga çeken nerw dartgynlylyk we gamgynlylyk ýagdaýlary;
  • Daşky faktorlaryň ýaramaz täsiri-elektromagnit şöhlelenmeleri, radiasiýa;
  • Derman serişdeleriniň käbir toparlaryny kabul etmek hem adamyň jynsy ukybyna täsir edip, ony peseldip biler. Häzirki wagtda şonuň ýaly dermanlaryň 200-e golaýy bellidir. Olara gan basyşyny düşürýän serişdeler (rezerpin, klonidin, beta-blokatorlar), iýmit siňdiriş ýollarynyň kesellerinde ulanylýan dermanlar (simetidin, metoklopromid, ranitidin), ruhy kesellerde (amitriptilin, fluoksetin) we howply täze döreme ýagdaýlarynda ulanylýan derman serişdeleri degişlidir.

Öz gelip çykyşy boýunça jynsy gowşaklyk organiki we psihogen görnüşlerine bölünýärler. Organiki jynsy gowşaklyk dürli sebäplere görä ýüze çykyp biler. Bu görnüşe ujydyň arteriýa we wena damarlarynda gan aýlanşygynyň bozulmagy, nerw ulgamynyň dürli kesellerinde (meselem, oňurga şikeslenmeleri ýa-da dagynyk skleroz keseli), endokrin kesellerinde ýüze çykýan (Isengo-Kuşenganyň keseli, Paskualiniň sindromy) jynsy gowşaklyk degişlidir.

Psihogen bozulmalar arkaly ýüze çykýan jynsy gowşaklyk, esasan-da ereksiýa gözegçilik edýän merkezleriň bozulmalary bilen baglanyşyklydyr. Bu görnüş köplenç uzaga çekýän nerw dartgynlylykdan soň ýüze çykýar. Organiki gelip çykyşly jynsy gowşaklyga  köp halatlarda psihogen bozulmalar hem goşulýandyr.

Jynsy gowşaklygyň görnüşine laýyklykda  ýüze çykyş alamatlary hem tapawutlanýandyr.

Organiki jynsy gowşaklyk-ereksiýanyň hiliniň gaçmagy we bozulmalaryň beterleşmegi bilen häsiýetlendirilýär. Bu görnüşde gijeki we irdenki öz-özünden döreýän ereksiýalar ýüze çykmaýar. Dürli gan damarlarynyň bozulmalary onuň esasy sebäbi bolup durýandyr. Barlaglaryň görkezişi ýaly, sagdyn erkeklerde, gijeki ukyda dowamlylygy 10-15 minut, 4-6 sany ereksiýanyň ýüze çykmagy kada bolup durýandyr. Öz-özünden ýüze çykýan ereksiýa, gijeki ukynyň dowam edýän umumy wagtynyň 20%-ni tutýandyr. Erkegiň ýaşynyň ulalmagy bilen, gije ýüze çykýan ereksiýanyň hili peselip, ujyt ganyň dolmasy netijesinde ulalsa hem, ýeterlik çeýelige eýe bolup bilmeýär.

Nerw ulgamynyň keselleri netijesinde ýüze çykýan jynsy gowşaklygynda jynsy höwesi (libido) doly saklansa-da, bu bozulmada döli dökme (eýakulýasiýa) kynçylygy ýüze çykyp biler. Erkeklik jyns gormonlarynyň derejesiniň peselmegi bilen döreýän jynsy gowşaklyk jynsy höwesiň peselmegi bilen utgaşýandyr.

Psihogen gelip çykyşly jynsy gowşaklyk erkegiň durmuşynda ýaramaz hadysalaryň ýüze çykmagy bilen baglanşyklydyr. Bu görnüşde irdenki we gijeki öz-özünden ýüze çykýan ereksiýanyň hili üýtgemeýär. Jynsy gatnaşyklaryň hili aýalyň daşky keşbine, jynsy höwesine, jynsy gatnaşyklaryň geçiş ýagdaýyna we görnüşine bagly bolup biler. Köplenç jynsy höwesiň, jynsy keýp almanyň we eýakulýasiýanyň hili peselip bilýär.

Jynsy gowşaklygy (erektil bozulmalary) anyklamak näsag bilen içgin gepleşmeden başlanýandyr. Gürrüňdeşlik netijesinde jynsy gatnaşyklaryň geçiş şertleri we görnüşleri, eýakulýasiýanyň bozulmalary, jynsy höwesiň, keýp almanyň, eýakulýasiýanyň hili barada, dowamly keseller we geçirilen operatiw bejergiler, är-aýal gatnaşyklaryň hili barada maglumat toplanýandyr.

Barlag geçirilende, näsagyň beden gurluşyna, ikilenç erkeklik jynsy alamatlaryň ýüze çykyşyna, daşky jyns agzalaryň we erkeklik jyns mäziniň ýagdaýyna üns berilýändir.

Laborator anyklaýyş gany gormonlara (testosteron, prolaktin, estradiol we başgalar) barlamak çäreleri öz içine alýandyr.

Ereksiýanyň bozulmalarynyň görnüşini we derejesini anyklamak üçin aşakdaky barlaglar geçirilýändir:

  1. Derman serişdeleri bilen emeli ereksiýany döretmek-ereksiýanyň hilini we dowamlylygyny anyklamak üçin ulanylýar. Derman serişdeleri (papawerin, fentolamin ýa-da prostaglandin E-1) ujydyň gowak görnüşli bedenjiklerine goýberilýär we ereksiýanyň derejesine Ýunemanyň şkalasy boýunça baha berilýär.
  2. Ujyda sapajykly halkanyň geýdirilmegi arkaly gijeki öz-özünden ýüze çykýan ereksiýany anyklap bolýar. Halkanyň barlag sapajyklarynyň üzülmegi gijeki ereksiýanyň bolanlygyndan habar berýär. Ujydyň dartgynlylyk derejesini "Rigistan" abzalyň kömegi bilen hem anyklap bolýar. Agzanyň dartgynlylygynyň üýtgeme derejesini oňa oturdylan datçikler hasaba alýandyr.
  3. Farmakodopplerografiýa-ujydyň gowak görnüşli bedenjiklerine derman serişdelerini goýbermek bilen, ereksiýany amala aşyrýan gan damarlarynyň ýagdaýy ultrases doppler usulyň kömegi bilen barlanylýar. Barlag 10 minutdan gaýtalanyp, alnan netije deňeşdirilýändir.
  4. Ujydyň gowak görnüşli bedenjiklerini barlamak-rentgen usuly bolup, ujydyň damarlarynyň bozulmalaryny we gowak görnüşli bedenjikleriniň gurluşyny barlamak üçin ulanylýar.

Anyklaýyş çäreleri näsagda bar bolan kesellere baglylykda psihonewrolog, newropatolog, endokrinolog lukmanlaryň gatnaşmagynda geçirilmelidir we gerek bolan ýagdaýlarda goşmaça barlaglar bellenilmelidir.

Jynsy gowşaklykdan ejir çekýän näsaglaryň wagtynda bejergi üçin ýüz tutmaýanlygy esasy kynçylygy döredýän sebäp bolup durýandyr. Erkek adamlar şahsy kynçylyklar bilen ýüz tutmaga özlerine uslyp bilýärler. Ýöne bu diňe bir şahsy kynçylyk däl-de, maşgala agzalalygynyň, şahsy durmuş dramasynyň sebäbi bolup durýanlygyny ýatdan çykarmaly däldir.

Häzirki zaman lukmançylygynda jynsy gowşaklygy bejermegiň birnäçe usullary işlenip düzüldi. Bejeriş çäreleri keseliň sebäbini aradan aýyrmaga gönükdirilen bolmalydyr. Bejergi derman serişdeleri we operatiw usullary bilen geçirilýändir.

Dermanlar bilen geçirilýän uzak möhletli bejergide biologiki tijendirijiler (ženşeniň ekstrakty, eleutorokokk, pantokrin, araliýa), damar giňeldiji, ganyň düzümini kadalaşdyryjy, ösümliklerden ýasalan derman serişdeleriniň fizioemleri bilen utgaşmagy ulanylýar. Dermanlar gan damarlarynyň çeýeligini ýokarlandyryp, olaryň işini kadalaşdyrýandyr. Nerw ulgamynyň bozulmalary netijesinde dörän jynsy gowşaklykda prozerin, dupleks, B toparyň witaminleri, fizioemleri ulanylýandyr. Gormon bilen bejergi çäreleri ýüze çykanda, endokrin bozulmalaryna görä bellenilýär. Erkeklik gormonlarynyň ýetmezçiliginde testosteronyň dürli serişdeleri ulanylýar.

Dürli serişdeler bilen seksual uýgunlaşmany gazanmak we jynsy gatnaşygy geçirmek maksady bilen, ereksiýany wagtlaýyn ýokarlandyrýan serişdeler hem ulanylýar. Olara wakuum-erektorlar, ujydyň gan damarlaryna ganyň gelmegini ýokarlandyrýan, gowak görnüşli dokuma sanjym görnüşde goýberilýän (alprostadil, fentolamin, papawerin) serişdeler, peşew çykaryş kanalyna goýberilýän (Alprostadil  "MUSE") we gerdejik görnüşde berilýän (sildenafil sitrat-wiagra) dermanlar degişlidir.

Bu dermanlar başga bejeriş çäreleri bilen bilelikde psihogen jynsy gowşaklykda hem has netijeli kömek edýändir.

Operatiw usullaryň kömegi bilen ujydyň gan damarlarynyň gandan kadaly doluşmagy gazanylýandyr. Arteriýa gan damarlarynyň ýetmezçiliginde, ujydyň gowak görnüşli bedenjiklerine goşmaça arteriýa gan akymyny üpjün eder ýaly mümkinçilik döredilýär. Wena damarlaryndan ganyň çalt yzyna akmagy bolsa, tersine, wena gan akymyny saklar ýaly, wena damarlarynyň bir bölegini aýyrmak arkaly gazanylýar. Häzirki wagtda bu iki usul utgaşykda ulanylýar.

Ýokarda agzalan operatiw we derman serişdeleri bilen geçirilen bejerginiň netijesiz bolan ýagdaýynda ýa-da gowak görnüşli bedenjikleriň dokumasynyň üýtgän ýagdaýynda ujyda plastiki we gidrawliki protezler goýulýandyr. Ol protezler tebigy ereksiýa meňzeşligi üpjün edip, ujydyň gerekli anatomiki görnüşini döretmäge mümkinçilik berýändir.

  • 31679 gezek okalan