BSSG TENINI SATÝAN ADAMLARA GARŞY ZORLUGYŇ, DISKRIMINASIÝANYŇ BES EDILMEGINE ÇAGYRÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSSG) özüniň ähli agza ýurtlaryny teniňi satmak işini jenaýat hasaplamagyň we şu iş bilen meşgullanýan aýal, erkek we transgender adamlara garşy kada-kanunlary adalatsyz ulanmagyň bes edilmegine çagyrýar. BSSG-niň bellemegine görä, tenini satyp gazanç edýän adamlara garşy fiziki, jynsy, psihologiki we emosional zorluklar we gorkuzmalar giňden ýaýran.

BSSG häkimiýetleri tenini satýan adamlar bilen adam hukuklarynyň, adam mertebesine hormat goýmagyň esasynda iş alyp barmaga çagyrýar hem-de "Diskriminasiýalary bes etmeklik tenini satýan adamlara garşy ulanylýan zorluklaryň öňüni alar we olaryň WIÇ infeksiýasyna we SPID keseline uçramak ähtimallygyny peselder" diýip, belleýär. Zorlugyň pidalary hyýanatçylyklara müşderileri, polisiýa işgärleri, lukmanlar we garyndaşlary tarapyndan sezewar edilýär.

"Zyýanyny azaltmak" (Harm Reduction) çemeleşmesi

"Zyýanyny azaltmak" çemeleşmesi islendik bir jemgyýetde ähli adamlara (zorluksyz, mejbury etmän) tenini satmagy ýa-da neşe etmegi goýdurmak başartmaýar diýen düşünjeden ugur alýar. BSSG guramasy we başgada iri halkara guramar "harm reduction" (zyýanyny azaltmak) çemeleşmesini giňden goldaýarlar we dürli ýurlarda onuň netijeliligi barada barlaglar alyp barýarlar. Bu çemeleşmäniň maksady jemgyýetdäki ten söwdasynyň, neşekeşligiň profilaktikasy bolmak däl-de, şu pişeler bilen meşgul bolýanlaryň özlerine we töweregindäkilere edip biljek zyýanyny azaltmaga gönükdirilýär. Meselem, halkara tejribä görä, neşekeşi arassa iňňeler bilen üpjün etmek WIÇ we gepatit C ýokuşmasyny azaltmakda uly netijeler berdi. Munuň içine neşä garaşly bolan adama metadon berip garaşlylygy ýeňmäne mümkinçilik döretme hem girýär.

Tenini satýan adamlar üçin bolsa "zyýanyny azaltmak" çemeleşmesi olara ýokançlyklar, WIÇ, prezerwatiw barada maglumat bermek, öz bedeni, öz howpsuzlygy barada alada etmegi öwretmek olaryň özüne we daş-töweregindäki adamlara keselçiligiň ýokuşma ähtimallygyny peseldýär diýen düşünjeden ugur alýar.

Eýse şeýle çemeleşme jemgyýetde ten söwdasynyň pajarlap ösmegine getirmezmikä? Ýok! Halkara guramalarynyň barlaglaryna görä, "zyýanyny azaltmak" çemeleşmesi jemgyýetdäki keselçiligiň, WIÇ ýokançlygynyň derejesini azaldýar, ten söwdasyny artdyrmaýar.

Hödürlenilýän Çözgütler

Tenini satýan adamlar üçin medisina hyzmatlary elýeterli we gowy hilli bolmaly. Olar medisina hyzmatlaryny alanlarynda masgarlanmaly däl. Keselleriň öňüni alyş çärelerini diňe tenini satýan adamlar bilen hyzmatdaşlyk edýän we olaryň gündelik durmuşynda ýüzbe-ýüz bolýan ýagdaýlaryna düşünýän, olar bilen işleşýän guramalar bilen bilelikde geçirip bolýar. Zorlugyň azalmagy, jemgyýetdäki ýowuz düşünjeleriň özgermegi, çydamlylyk medeniýetiniň berkemegi tenini satýan adamlara öz saglygy barada gorkusyz alada etmek üçin mümkinçilik döredýär. Şeýle topara degişli adamlar öz saglygy barada alada edenlerinde keselçiligiň ýaýramagy peselýär – "zyýany azalýar".

"Addressing Violence against Sex Workers" (Tenini satýan adamlara garşy zorlugyň çözgütleri) diýip atlandyrylan praktiki gollanmada birnäçe ýurtlarda durmuşa geçirilýän netijeli işler barada giňden söz açylýar.

"Safer work" (Howpy azaldylan iş) atly Ýewropa Birleşigi tarapyndan maliýeleşdirilen kitapça bolsa tenini satyp gazanç edýän adamlaryň gatnaşmagynda işlenilip düzüldi we bu iş bilen meşgullanýan adamlara niýetlenen maslahalatlary öz içine alýar.

Kitapça birnäçe bölümden ybarat bolup, onda tenini satyp gazanç edýän adamyň öz howpsuzlygy barada alada etmegi üçin maslahatlar, öz hukuklary we kanunçylyk barada maglumat we saglygyna degişli birnäçe peýdaly maslahatlar bar. Onuň ‘saglygyň barada alada etmek’ bölüminde anyk şeýle maslahatlar berilýär:

1. Saglygyň barada alada et! Daşyndan arassa görünýän müşderi hökman sagdyn adam däldir.

2. Howpsuz jynsy gatnaşyklary alyp bar, prezerwatiw ulan.

3. Prezerwatiwiň jynsy gatnaşykda ýyrtylmagyndan hüşgär boluň.

4. Jynsy gatnaşygyň ähli görnüşüni diňe prezerwatiwiň ulanylmagynda geçiriň: waginal, oral we anal gatnaşyklary-da.

5. Prezerwatiwiň ýyrtylmagynyň öňüni almak üçin suw esasly lubrikantlary ulanyň. Içinde ýag saklaýan serişdeleri hiç haçan ulanmaň. Düzüminde ýag saklaýan serişdeler prezerwatiwe zeper ýetirip bilýär.

6. Wagtly-wagtynda gan tabşyryp, WIÇ we beýleki jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keselleriň ýoklugyny barladyp duruň. Infeksiýa ýokuşan wagtynda, ýokançylyklaryň gan tabşyrmada ýüze çykmagy üçin üç aý gerek bolýar.

7. Aýbaşyňyz (biliňiz) gelýän döwründe işlemejek boluň. Sebäbi ol döwürde ýokançlyklaryň geçmeginiň ähtimallygy has hem artýar. Eger işlemäge mejbur bolsaňyz, onda howpsuzlyk çärelerini has dykgatly berjaý ediň.

8. Prezerwatiw ýyrtylanda daşky organlaryňyzy ýuwuň. 2-4 gün aralygynda lukmana hökman görüniň we bolan ýagdaý barada aýdyp, adatdan daşary ýagdaýlar üçin bejerişi alyň (göwreliligiň öňüni almak üçin kontrasepsiýany).

9. Wagtly-wagtynda lukmanyň barlagyndan geçiň. Bedeniňiz we ruhy saglygyňyz barada alada ediň. Işleýän ýurduňyzda WIÇ-e garşy bejerginiň bardygyndan ýa ýokdugyndan hökman habarly boluň.

Ulanylan WEB Salgylar: 1 / 2 / 3

  • 117 gezek okalan

Teswirler (0)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location