Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ÝOLDAŞYŇY PREZERWATIW ULANMAGA HÖWESLENDIRJEK DELILLER
Islendik gatnaşyklarda bolşy ýaly, jynsy gatnaşyklarda hem özara ynamlylyk, biri-biriň duýgularyny we talaplaryny sylamak, diňlemek wajypdyr. Goragly jynsy gatnaşyklar – sagdyn gatnaşyklardyr. Biri-biriň goraglylygyny üpjün etmek üçin bolsa ýatakhanada şeýle gürrüňdeşligiň bolmagy ähtimaldyr.
Zenan: "Men göwreliligiň öňüni alýan gerdejikleri ulanýan. Alada edere zat ýok".
Erkek adam: "Men saňa ynanýan, ýöne men mümkin boldugyça ikimizi hem doly goramak isleýän".
Erkek adam: "Biz eýýäm bir gezek prezerwatiwsiz bile bolduk. Hiç zat bolmad-a?!"
Zenan: "Şonda ýalňyşypdyrys. Men bütin aý göwreli bolaryn öýdüp gaýgy edip gezdim".
Zenan: "Näme, näme? Prezerwatiwmi? Näme, men senden başgalar bilenem bolýandyryn öýdýäňmi? Maňa ynamyň ýokmy?"
Erkek adam: "Ýok, men saňa ynanýan. Ýöne maňa seň howpsuzlygyň hem edil özümiňki ýaly möhüm. Prezerwatiw ikimiz üçin hem peýdaly, diňe birimiz üçin däl".
Erkek adam: "Men elmydama döl göýbermänkäm ujydymy aýyrýaryn. Alada etme".
Zenan: "Bilýän, ýöne prezerwatiw geýseň jynsy gatnaşygy üzmäniň geregi hem bolmaz. Bu bolsa ikimiz üçin hem has lezzetli bolar".
Zenan: "Prezerwatiw geýeňde men hiç zat duýup bilemok".
Erkek adam: "Beh, ol-a gowy däl. Gel onda biraz sabyr edip, başga görnüşlerini, maňa has laýyk boljak ölçegdäkilerini deňäp göreli. Täsirliligi artdyrmak üçin ýörite ýagam (lýubrikant) ulanyp göreli".
Erkek adam: "Men prezerwatiw geýsem ereksiýany saklap bilemok".
Zenan: "Men bolsa prezerwatiw geýmeseň özümi rahat duýup lezzet alyp bilemok. Saňa ereksiaňy saklamak üçin kömek etmäge men taýýar".
Bulardan başga-da, ýoldaşyňyz bilen howpsuz jynsy gatnaşyklaryny alyp barmak baradaky aladalaryňyzy we bilýän maglumatlaryňyzy paýlaşyp bilersiňiz:
↪ Her sagatda ýer ýüzünde 2 adama AIW (WIÇ) ýokuşýar.
↪ Kadaly jynsy gatnaşykdaky ýaşlaryň 4-den biri jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyga uçraýar.
↪ Jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklary görüp ýa-da ysgap bolmaýar. Diýmek, sen ýoldaşyňa seredip onda ýokançlygyň bardygyny ýa-da ýokdugyny bilip bilmeýärsiň.
↪ Üzülen jynsy gatnaşyk (döli göýbermezden ujydyňy çekmek) usuly göwreliligiň öňüni almakda täsirli däl. Ýoldaşlary bu usuly ulanan zenanlaryň her ýylda 27%-e golaýy göwreli bolýarlar.
↪ Çaga edinmek köp çykdaýjy talap edýär.
GARAÝYŞLAR WE GYMMATLYKLAR
Jogapkärçilik:
↬ Jynsy gatnaşykda göwreli bolmak mümkinçiliginiň zenan maşgala degişli edilýändigi üçin, köplenç kontrasepsiýa meselelerinde diňe zenan jogapkärçilik çekmeli diýlip düşünilýär.
↬ Prezerwatiw ulanmak erkeklere bu jogapkärçiligi deň bölüşmäge mümkinçilik berýär.
↬ Ýöne indi özi bilen erkek prezerwatiwini saklaýan zenanlaryň hem sany artýar.
Prezerwatiw we lezzet:
⇒ Prezerwatiwler jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklara uçramak we göwreli bolmak gorkusyny aýryp, jynsy gatnaşygyň lezzetini artdyrýar.
⇒ Prezerwatiwleriň döli ir dökmäni azaldyp, jynsy gatnaşygyň dowamlylygyny uzaltmaga hem kömegi degýär.
⇒ Kähalatlarda jynsy gatnaşygyň dowamynda prezerwatiw geýmek gatnaşygy bölüp, ujydyň duýgurlygyny peseldip ýa-da käbir erkekleriň ereksiýany saklap bilmezligine sebäp bolup bilýär. Ýöne şeýle ýagdaýlaryň azdygyny bellemelidir.
⇒ Aýal prezerwatiwleri bolsa ujydyň duýgurlygyna az täsir edýär, ýöne olar ses döredip bilýärler. Ony bolsa käbir jübütler gelşiksiz diýip kabul edýärler.
⇒ Prezerwatiwiň jynsy gatnaşyklaryň lezzetini peseltmegine ýol bermän, artdyrmagyny gazanmak üçin onuň her dürli görnüşlerini we ölçeglilerini synap görmek maslahat berilýär.
Terjime eden: Şöhle Gulamowa
Ulanylan WEB Salgy
- 5446 gezek okalan