Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

AÝBAŞY WAGTY JYNSY GATNAŞYKLARY GEÇIRME HOWPLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (8 Ses)

aybasy wagty jynsy gatnasykHer bir aýal maşgala aýda bir gezek özi üçin ol diýen oňaýly fiziologiki hadysa bolmadyk aýbaşyny başdan geçirýär. Aýallaryň köpüsi aýbaşyny ýeňil geçirseler, ençemesi agyryly sanjylary düýýarlar.

Aýbaşy oňaýsyzlyklary bilen bilelikde, "Aýbaşy döwründe jynsy gatnaşyk geçirmek bolýarmy?" diýen sorag hem ýüze çykyp bilýär. Aýbaşy döwründe jynsy gatnaşyklary geçirmegiň peýdaly we zyýanly taraplary barada dürli pikirler bar bolsa hem, bu soragy jübütler özi üçin çözmelidir. Erkek adamlaryň arasynda aýbaşysy gelýän zenana döreýän jynsy höweslileri barlar hem bolsa, ganyň görnüşini "adaty görmän", gatnaşyklardan gaça durýan erkeklerde (aýallar hem) bardyr.

Aýallaryň arasynda hem aýbaşy wagty jynsy höwesiniň ýokarlanýandygyny belleýänler bolýar.Ýöne näme-de bolsa, aýbaşy wagtynda jynsy gatnaşyklary geçirmek islegi jübütleriň ikisi üçin hem ýaramly bolup, olarda psihologiki oňaýsyzlyk döretmeli däldir.

Aýbaşy döwründe geçirilýän jynsy gatnaşyklaryň ýaramly taraplary nämede?

↪ Adatylykdan üýtgemek – eger jübütler köp ýyllap bile ýaşaýan bolsa, onda "aýbaşy" söýgüsi olara üýtgeşik lezzetliligi berip, olaryň seksual durmuşyna üýtgeme getirip biler.

↪ Agyrylaryň peselmegi – aýbaşysy agyryly gelýän aýallarda, orgazm netijesinde ýatgy ýygrylmalary azalyp biler.

↪ Aýbaşynyň gysgalmagy – jynsy gatnaşyklar wagty ýatgy ýygrylyp, biologiki işjeň maddalar (prostoglandinler) bölünip çykýar we ýatgynyň içki gatlagy basym arassalanýar.

↪ Jynshananyň nemlenmegi – aýbaşy wagty bölünip çykýan ganyň hasabyna goşmaça nemlendirijiler gerek bolmaýar. Şeýle hem, aýbaşy wagty jynshananyň çişginliligi we daralmasy gatnaşyklarda aýala ýokary lezzetlilik berip biler.

"Aýbaşy" gatnaşyklaryň oňaýsyz taraplary.

Aýdylanlara garamazdan, aýbaşy wagty geçirilýän jynsy gatnaşyklaryň öz ýetmezçilikleri hem bardyr:

↪ Ýokançlyklaryň ýokuşma howpy – bu howp hem erkekler, hem aýallar üçin saklanýandyr. Aýallarda aýbaşy wagty ýatgy boýunjygynyň agzy açylyp, ondaky nemli dyky aýrylýandyr. Şol sebäpli hem, ýatgynyň içine ýokançlyklaryň düşmek howpy ýokarlanýandyr. Ondan başga hem, aýbaşy gany bakteriýalaryň köpelmegi üçin ýaramly gurşaw bolup durýandyr. Erkek adamlar üçin hem, aýbaşy ganynyň peşew çykaryş kanalyna düşmegi netijesinde sowuklama keselleri bilen kesellemek howpy ýokarydyr.

↪ Göwrelilik – ýörgünli bolan düşünjelere garamazdan, eger aýalyň aýbaşysy kadasyz ýa-da aýbaşy halkasy gysga bolsa (21-24 gün), göwreliligiň galma howpy bardyr.

↪ Psihologiki taýynlyk – eger jübütlerde özara ylalaşma bolmasa, "aýbaşy" söýgüsinden saklanmak ýerliklidir.

↪ Oňaýsyzlyk – düşekleri hapalamak gorkusy käbir derejede oňaýsyzlyga getirip biler.

Egerde siz aýbaşy wagty jynsy gatnaşyklary geçirmegi meýilleşdirýän bolsaňyz, oňaýsyzlyklary aradan aýyrmak üçin käbir maslahatlary bilmelisiňiz:

↪ Jübütleriň şahsy gigiýena düzgünlerini berjaý etmegi;

↪ Prezerwatiwleriň ulanylmagy (diňe ýokançlyklardan dälde, aýbaşy halkasy üýtgän bolsa, islenilmedik göwrelilikden hem gorap biler);

↪ Jynsy gatnaşyk wagty düşek örtgüçleriň üstüne süpürgiç ýazmaly;

↪ El astynda çygly gigiýeniki süpürgiçleriň bolmagy;

↪ Jynsy gatnaşyklary aýbaşy bölünip çykmalaryň azalan günleri geçirmek.

  • 805 gezek okalan