Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

MEN G-NOKADYMY NÄDIP TAPMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.22 (9 Ses)

G nokadyOl ýerde diňe G-nokady ýok, kän nokat bar!

Jynsy gatnaşyk baradaky hekaýalarda G-nokady waginanyň öňki diwarynda ýerleşýän we aýallary dälirediji güýje eýe bolan toslamadyr. Medeniýetde bu bir mäz diýlip tanalýar. Emma, waginada hiç hili gizlin mäz ýa struktura ýokdur.

G-nokadyna bu ady Dr. Ernst Graffeburgiň şanyna dakýarlar. Ol 1950-nji ýylda bu nokadyň üstüni açan hasaplanýar. Emma bu nädogrudyr. Dr. Graffeburg diňe öz ylmy işinde waginanyň öňündäki lezzet beriji zona barada ýazýar. Ol muny uretra (peşew ýoly) we peşew haltasynyň aşaky bölegi bilen ýakyn gatnaşykda, ýagny, kinnigiň bedeni we köki, diýip suratlandyrýar. Emma bu ýerde hiç hili gizlin mäz ýa struktura ýokdur.

Biziň ählimiziň beden taýdan tapawutlydygymyz sebäpli, waginanyň aşaky bölegini gyjyndyrmak arkaly kinnigi oýarmagyň aňsatlygy ýa kynlygy hem aýaldan aýala üýtgeýär. Eger bu ýeri gyjyndyrmak saňa lezzet bermeýän bolsa, alada edere zat ýokdur.

G-nokat aýalyň seksual anatomiýasyny aşa ýönekeýleşdirmäge edilen nädogry synanyşykdyr. Bu terminiň ulanylmasy bes edilmeli. Çünki bu hiç kime peýda bermeýär, tersine, "G-nokatlaryny" tapyp bilmeýän aýallary kemsindirýär.

Kinnik diňe göze görünýän bölekden düzülmeýär (göze onuň diňe ujy görünýär). Şonuň üçin hem, waginanyň aşaky bölegini, uretranyň töwereklerini, we dodaklary barlap görmek, kinnikde goşmaça gyjynma döredip, lezzeti artdyryp biler.

How do I find my G-spot? / The G-spot doesn’t exist

  • 1864 gezek okalan