Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ZORLANYLAN ADAMA NÄMELER DIÝMELI DÄL?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.86 (7 Ses)

zorlanylana diymeDiýme: "Bu ynanylmajak zat! Onuň ýaly kiçi ýaşdaky çaga zorlanylyp bilinmez ýa-da hökman ene-atasyna aýdar."

Näme üçin: Islendik ýaşdaky we islendik jynsdaky adam zorlanma sezewar bolup bilýär. Şonuň üçin pida ynanmazçylyk etmek diňe onuň ýarasyna duz seper.

Diýme: "Şol zorlan adama durmuşa çykyp goýber."

Näme üçin: Beýle zat diýmek diňe seniň hakykatdan örän uzakdadygyňy we zorlanylma hiç hili düşünmeýändigiňi görkezýär we pidany diňe senden daşlaşdyrar.

Diýme: "Özüňde-de günä bardyr. Biwagt daşarda gezensiň, geýmesiz eşikleri geýensiň ýa barmasyz ýerlere baransyň."

Näme üçin: Gynansakda, zorlanmalaryň köpüsi garaňky köçede ýa seýilgähde däl-de, rahat we howpsuz saýylýan ýerlerde (öýlerde we ş.m.) bolup geçýär we zorlaýjy köplenç pidanyň tanaýan adamsydyr.

Diýme: "Maňlaýyňda bardyr. Hiç kimiňem durmuşy birkemsiz däl. Gaýta janyň sagdygyna şükür et."

Näme üçin: Bu sowuklykdan we seniň pidany diňlemek we oňa goldaw bermek islemeýändigiňden habar berýär we diňe pidany dymmaga itekleýär.

Onda zorlanylan adama nädip dogry çemeleşmeli?

Zolanmany başyndan geçiren adama hemişe dogry sözleri diýmek we onuň ýanynda özüňi dogry alyp barmak kyn düşüp biler. Zorlanylan adama hem başyndan geçenleri paýlaşmak aňsat bolmaýar. Eger ol seniň bilen şahsy hekaýasyny paýlaşan bolsa, diýmek saňa ynanýandyr we seniň ýanyňda özüni howpsuz duýýandyr. Saňa hem onuň bu ynamyny ödemek möhümdir.

Emosional goldaw:

↪ "Wah-eý, başyňa gelen zatlara gaty gynandym. Käşgä bolmadyk bolsady."

↪ "Saňa ynanýan. Bu zatlary aýtmak aňsat düşen däldir."

↪ "Munda hiç hili seniň günäň ýok. Sen nädogry iş etmediň."

↪ "Ýeke dälsiň. Içiňdäkileri meniň bilen arkaýyn paýlaşyp bilersiň."

↪ "Şu wagt gerek zadyň barmy? Men nähili kömek edip bilerin?"

Fiziki goldaw:

↪ Tankytlaýjy sözleri aýtmakdan ("Haçana çenli beýdip gynanyp ýörjek, indi yzyňa garama!") we mejbur ediji hereketlerden ("beýle bol, eýle etme") daş dur.

↪ Dowamly habar tutup dur. Zorlanmanyň bolup geçenine köp wagt geçen bolsa-da, onuň yzasy heniz hem bildirip biler. Şonuň üçin pidadan häli-şindi habar tutup, ol barada pikir edýändigiňi we kömege taýýardygyňy ýatladyp dur.

↪ Resurslary bil. Pida diňe emosional kömegiň ýeterlik bolmazlygy mümkin. Eger zerur bolsa, ýaşaýan ýeriňde nireden lukmançylyk we başga dürli kömekleri alyp bolýandygyny bil we olary pida bilen paýlaş. Razylygyny sorap, medisina kömegini almana gideninde ýoldaş bolup bile git.

ZORLANYLAN ADAMA BERILMELI ILKINJI KÖMEK

  • 946 gezek okalan