Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

EZIZIM, MAŇA DÜŞÜNMEGIŇI HAÝYŞ EDÝÄRIN!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.08 (86 Ses)

Erkegi we aýaly näme birleşdirýär? Olar näme üçin bir-birinden aýra ýaşap bilmeýärkä? Mümkin, munuň sebäbi olaryň garşylykly jynsa degişliligindedir. Erkekleriň we aýallaryň arasynda gatnaşyklar dürli häsiýete eýe bolup bilýär. Olar dostlukly, mähirli gatnaşyklarda bolup bilýärler. Emma erkek bilen aýalyň arasyndaky jynsy gatnaşyklaryň eýeleýän orny örän uludyr. Erkek we aýal bir-biri bilen ýakynlaşyp, ajaýyp fiziki we emosional taýdan lezzet alýarlar. Jyns gatnaşygynyň dowamynda erkek kişi diňe özi barada, öz islegini kanagatlandyrmak barada pikir etmän, öz söýgüli zenanyny hem kanagatlandyrsa, onda seksual gatnaşyklar belli bir kämillik derejä mynasyp bolýar. Şeýle ýagdaýlarda erkegem, aýalam bu ajaýyp söýgi pursatlarynyň dowam etmegini isleýärler. Elbetde, bu hereket ikitaraplaýyn bolmalydyr.

Käte erkegiň we aýalyň jyns gatnaşyklaryna öz garaýşy bolýar. Bu ýagdaý dürli faktorlara baglydyr. 30 ýaşdan geçen erkek adamlaryň köpüsinde seksual gatnaşyklara bolan höwes peselýär. Bu erkek seksuallygynyň kadaly, ýaş bilen bagly dinamikasydyr. Aýallaryň seksual gatnaşyklara bolan höwesi ýokary derejede 45-50, käte 60 ýaşa çenli saklanýar. Är-aýalyň ýaş tapawudy uly bolmasa-da, erkegiň höwesi ýuwaş-ýuwaşdan peselýär.

Kähalatlarda, aýal  öz ýanýoldaşyndan has ýaş bolýar. Erkek adamyň ýaşy ulaldygyça, ol iş bilen, gazanç etmek bilen has köp meşgullanmaly bolýar. Ony gündeki aladalar gurşap alýar. Şeýle ýagdaýda onuň jyns gatnaşyklar barada pikir etmäge-de wagty bolmaýar. Işden ýadap gelip, agşamlyk edinip, ukusyny almagyň aladasyny edýär. Aýaly bolsa ýoldaşyndan mähir isleýär. Şeýle ýagdaýlar ýüze çykanda, esasy orun erkege däl-de aýala degişli bolýar. Ýoldaşy bu "ýaramaz endige" öwrenişmez ýaly, aýaly has işjeňleşmeli! Ol özüne serenjam berip, seksual, owadan içki geýimleri geýip, öz ýarynda isleg döretmeli. Erkekleriň köpüsine aýallaryň owadan içki geýimleri "oňaýly" täsir edýär we  olarda seksual gatnaşyklara isleg döredýär.

Birnäçe ýyl bile ýaşaşan är-aýalyň arasynda birek-birege gyzyklanma ýitip gitmez ýaly, erkek hem, aýal hem hemişe öz durkuna üns bermeli. "Öňi-soňy bile bir öýden girip-çykyp, bir-birimize belet" diýip, şol bir egin-eşigi çykarman, wagtly-wagtynda saç-sakgala seretmän ýörmegi endik edinmeli däldir. Aram-aram agşam naharyň başynda iň owadan eşikleriňizi geýip, saçyňyza timar berip, tagamly, üýtgeşik nahar taýýarlap, şem ýakyp oturyň. Birek-biregi mähirli sözler, syrly garaýyşlar bilen gurşap alyň. Elbetde, bu siziň ýanýoldaşyňyzy parhsyz goýmaz, onda bu gijäni hökman söýgi gijesine öwürmäge  höwes dörär.

Erkek kişiler hem öz "erkeklik borçlaryny" agyr bir iş hökmünde däl-de, ajaýyp söýgi pursatlary hökmünde kabul etmegi unutmaly däldir. Seksual gatnaşyklarda esasy zat san däl-de hildir!

Aýal maşgala öz duýgularyny, isleg-arzuwlaryny ýoldaşyna beýan etmäge çekinýär. Ýöne seksual gatnaşyklarda erkegiň edýän hereketlerinde oňa ýarap-ýaramaýany bar bolsa, ol bu barada ýanýoldaşy bilen hökman gürleşmelidir. Erkek hem öz gezeginde aýalyň seksual gatnaşyklardan nämä garaşýandygyny duýjak bolmaly, bu gatnaşyklara seresaplyk bilen çemeleşmeli, tötänlikde aýal maşgalanyň göwnüni ýykmajak bolmaly. Bu meselede aýalyň orny uludyr. Erkek ony akyl, duýgy, durmuş taýdan kanagatlandyrýan bolsa, seksual gatnaşyklary hem sazlaşykly, lezzet getirýän gatnaşyklara öwürmek ugrunda biraz işlemeli.

Erkek kişi aýal maşgalany halaýan bolsa, oňa fiziki  we emosional taýdan bagly bolsa, ol ony kanagatlandyrmak isleýär. Erkek kişi hem seksual, duýgy we akyl taýdan kanagatlandyrylan bolsa, ol başga bir ýerlerden keýp gözlemek barada pikirem etmez.

Erkek bilen jynsy gatnaşyklarda käbir meseleler ýüze çykanda, onuň bilen ol barada nädip gürrüň açmaly? Oňaýsyz ýagdaý döremez ýaly näme etmeli? Erkegiň göwnüne nädip degmejek bolmaly? Söýgüliňiz siziň aýtmak isleýän zadyňyza düşüner ýaly, pikiriňizi nähili beýan etmeli?

1. Siz gürleşmek isleseňiz, ony asuda, gözel ýerleriň birine gezelenje çagyryň. Bu "Gürleşjek däl!!!" diýen gazaply sözlerden has oňat bolar. Şeýle sözler erkek bilen aýalyň arasyndaky gürrüňdeşligi garşydaşlaryň dawasyna öwürýär. Tebigatyň gözel ýerlerinde hiç kimiň dawa edesi gelýän däldir. Daş-töwerekdäki gözellik we asudalyk adamda içki asudalygy hem döredýär.   

2. Ilki bilen ýoldaşyňyza ýakymly sözleri aýdyň, onuň gowy taraplaryny öwüň. Diňe şondan soň öz gozgajak bolýan meseläňizi ara alyp maslahatlaşmaga  girişiň. Erkek kişi tankyt edilmegine taýýar bolmasa, onda ol gynanyp, utanyp ýa-da gaharlanyp, siziň aýdan zatlaryňyza gulak asmaz, üns bermez, olara dogry düşünmez.

Her bir sözüňizi oýlanyşykly aýtmaga çalşyň. Goý, ol hökman size köp zatlaryň ýaraýandygyny, lezzet berýändigini eşitsin. Siz söhbetdeşligiňizi belli bir tertipde gurnap bilseňiz, halaýan adamyňyz özi barada aýdylan ýakymly sözleri eşidip, belli netije çykaryp, size lezzet berýän zatlary has ýygy-ýygydan etmäge höweslener.

3. Takyk sözlemegi maksat ediniň. Gatnaşyklaryňyzda fiziki, emosional, akyl taýdan nämeleriň üýtgemegini isleýändigiňizi oňa düşündirip aýdyň. Bu siziň isleýän netijeleriňizi berer. Ondan hem nämeleri üýtgetmek isleýändigini soramagy unutmaň. Şeýle edilse, siziň söhbetdeşligiňiz birtaraplaýyn talapnama öwrülmez. Siz özüňiziň hem ýalňyşyp biljekdigiňize düşünmeli.

Ýoldaşyňyzdan özüňiziň nämeleri nädogry edýändigiňizi sorasaňyz, oňa hem öz pikirlerini aýtmak, siziň isleg bildirýän zatlaryňyzy kabul etmek has aňsat bolar. Siziň islegleriňiz talap görnüşinde däl-de, haýyş ýaly beýan edilmelidir.

4. Söhbetdeşligiňiziň açyk bolmagyny gazanyň. Bu söhbetdeş bolmagy has ýakymly eder. Siz ýoldaşyňyzyň haýyşyny ýerine ýetirjekdigiňize razylyk bildirip, şol bada öz islegiňiziň hem kanagatlandyrylmagyny soraň. Mysal üçin "Men seniň halaýan zatlaryňy geýerin, sen bolsa otagda şemleri ýakyp, ýakymly saz goý". Ýa-da "Men has mähirli we açyk bolaryn, sen bolsa ýerimize geçenimizde çyrany söndürmeseň, gowy bolardy".

5. Sözler bilen ýerine ýetirilmeli işler bir-birine gabat geler ýaly ediň. Haýal etmän ikiçäk galyň, ara alyp maslahatlaşan zatlaryňyzy berjaý etmäge howlugyň! Soňa goýman işe girişseňiz, siz isleg bildiren zatlaryňyzyň ählisini alarsyňyz.

Her bir adamyň seksual özüne çekijilik barada hususy garaýşynyň bardygyny hem unutmaly däldir. Erkekleriň biri uzyn boýly, hortap aýaly halasa, beýleki biri boýy pes, "togkaja" aýaly halaýar. Diýmek, her bir aýal maşgala islese, örän seksual bolup bilýär. Ýöne hemme erkekler we aýallar özlerine düşünjek taýy gözleýärler.

Elbetde, seksual gatnaşyklarda bir-biriňe bolan ynam  örän wajypdyr. Iki adamyň arasyndaky pynhan gatnaşyklar barada  gören ýerde gürrüň etmek öz eziz görýän adamyňyza dönüklik etmek bilen deňdir. Erkegem, aýalam  gabanmaga sebäp döretmeli däldir. Ýöne ýerliksiz gabanjaňlygyň hem seksual gatnaşyklara peýdasyndan zyýany kändir. Hut şu sebäpli siziň maşgalaňyzda agzalalyk döräp, seksual gatnaşyklaryňyz size lezzet däl-de, ezýet berer. Jynsy gatnaşyklarda diňe ajaýyp, ýakymly duýgulary başdan geçirmek üçin bir-biriňizi söýüp, bir-biriňize düşünip, goldaw berip ýaşaň.

  • 24133 gezek okalan

Teswirler (19)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Kakabay

Sj

 
  1. sulya

sag bolun maslahatynyza

 
  1. ποωçα

Onat minnetdar

 
  1. ποωçα

Gowy maslahat minnetdar

 
  1. Allaşükür.

Rus şahyry A.S. Puşkiniň sözüne görä " Söýgi hemme ýaşdaky adamlary boýun egdirip bilýär" diýişi ýaly öz aýalyň bilen düşünişip ýaşasaň ýaş tapawudyna garamazdan bu duýgyny özüňe boýun egdirmek taňrynyň bedeni.

 
  1. Çowdur.

Nemesleriň görnükli ýazyjysy Getanyň ýazyşy ýaly "Ýaşlyk bir ýetmezçilik, ýöne çalt geçip gidýär" diýişi ýaly ýaşlykda bu gatnaşyklara köpler gowy düşünmeýärler. Emma näçe ýaşadygyňça durmuş tejribesi toplanyp bu gatnaşyklar jebişleşip, ýaşlykda...

Nemesleriň görnükli ýazyjysy Getanyň ýazyşy ýaly "Ýaşlyk bir ýetmezçilik, ýöne çalt geçip gidýär" diýişi ýaly ýaşlykda bu gatnaşyklara köpler gowy düşünmeýärler. Emma näçe ýaşadygyňça durmuş tejribesi toplanyp bu gatnaşyklar jebişleşip, ýaşlykda bolan ýalňyşlyklara örän ahmyr edýärsiň.

Dowamy
 
  1. Aýhan.

Hemme zat adam gatnaşyklarynda iki taraplaýyn bolsa ýerine düşýär. Aýal erkegiň jyns gatnaşygynda bu has hem möhüm. Tebigatyň bu döreden lezzeti inçe duýgy bolup, harlanmasa ýagşy.

 
  1. Gyrmyzy.

Erkekleriň seksual gatnaşygyny peseldýän zatlar: Köp işläp ýadamak, alkogol içgileri, çilim çekmek, umuman ýaramaz endikler, galyberse-de aýalyň seksual sowuklygy, utanjaňlyk, erkegiň ýanynda açylp bilmezlik ýa-da seksual çäklendirme diýip...

Erkekleriň seksual gatnaşygyny peseldýän zatlar: Köp işläp ýadamak, alkogol içgileri, çilim çekmek, umuman ýaramaz endikler, galyberse-de aýalyň seksual sowuklygy, utanjaňlyk, erkegiň ýanynda açylp bilmezlik ýa-da seksual çäklendirme diýip düşünýärin.

Dowamy
 
  1. Ýigit.

Aýal sözüň manysynda özüni hakyky näzenin ýaly alyp barsa, erkek baý çalt eräp bolmajysy bolarlaý.

 
  1. Ergeş.

30 ýaşdan geçen erkekleriň köpüsinde seksual gatnaşyklara höwes peselýär diýýäniňize menä ynanyp baramok. Men 42 ýaşymda ýöne aýdan-aýa ösüp barýan hyjywum peselenok.

 
Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location