Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

PYNHAN GATNAŞYKLARY BARADA 6 TOSLAMA

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.98 (86 Ses)

Biziň döwrümizde jynsy gatnaşyklary meselelerinde hemme zat ap-aýdyň, düşnükli ýaly. Bu barada maglumatlary biziň dürli çeşmelerden almaga mümkinçiligimiz bar. Oňa garamazdan, jynsy gatnaşyklaryň fiziologiýasy barada döredilen toslamalar agyzdan-agza geçip, goşmaça "täzelikler" bilen baýlaşýar. Geliň, pynhan gatnaşyklarda duş gelýän iň ýörgünli toslamalar bilen tanşyp, hakykaty mälim edeliň.

Toslama 1 – Masturbasiýa – zyýanly

Elbetde, biziň günlerimizde ene-atalar öz ogullaryny gözbaşyny gadymýetden alyp gaýdýan, elhençlikler bilen gorkuzmaýarlar.

Öňler mastutbasiýa garaguşa, oňurganyň guramagyna getirýän ýagdaý ýaly seretseler, häzirki wagtda seksologlaryň köpüsi, oňa erkeklerde bolşy ýaly, aýallarda hem sagdyn seksuallygyň bölegi höküminde garaýarlar.

Meniň pikirimçe, hakykat iki pikiriň ortasydyr.

Masturbasiýa – bedeniň öz-özüni kadalaşdyrmasynyň tebigy ýagdaýydyr.  Bedende jyns gormonlarynyň möwç alyp, tebigatyň çagyryşyny ýerine ýetirmäge mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda,  masturbasiýa fiziki we ruhy dartgynlylygy aýyrmak üçin gowy usuldyr. Adam maşgala gurandan soň, elbetde, sunuň ýaly endiklerden daşlaşýar. Eger adam bütin ömrüniň dowamynda seksual kanagatlanmany diňe masturbasiýa arkaly alýan bolsa, onda ýagdaý näsazlyklardan habar berip biler.

Toslama 2 – Göwrelilik döwründe jynsy gatnaşyklar çaga zyýan getirip biler

Geljekki eneleriň köpüsi jynsy gatnaşyklara göwrelilik döwründe ýol berilmesiz ýagdaý höküminde seredip, ony çaga üçin howply hasaplaýarlar.

Elbetde, göwreliligiň birinji 6 hepdesinde we dogrumdan öňki 6 hepdäniň dowamynda,  şeýle hem göwredäki çaganyň düşme ýagdaýlarynda jynsy gatnaşyklardan saklanmak maslahat berilýär.

Galan mahalda ene-atanyň pynhan gatnaşyklary göwredäki çagany "hüwdüläp", oňa kislorodyň goşmaça mukdarynyň barylmagyna ýardam berýär.

Ýöne nämede bolsa, bu ýagdaýlaryň çägini bilmelidir: ýanaşma emaý bilen çemeleşip, garna agram salýan hereketlerden gaça durmalydyr.

Toslama 3 – Aýbaşy döwründe jynsy gatnaşyklar howpludyr

Iki tarapyň hem özara islegi bilen we hemme gigiýeniki talaplar berjaý edilende, aýbaşy döwründe jynsy gatnaşyklary alyp barma howpsuzdyr.  Hatda hemme zat tersine bolup hem biler. Aýbaşy döwründe döreýän agyrylaryň pynhan gatnaşyklaryň kömegi bilen ýeňip geçilen halatlarynyň  ençemesi bellidir.

Toslama 4 – G-nokady gyjyndyrman aýalyň jynsy kanagatlanmasyny gazanyp bolanok

Zenan maşgalanyň jynsy kanagatlanmasyny (orgazm) beýnini,  has takygy lezzet alma merkezini gyjyndyrmazdan gazanyp bolmaýanlygyny belläsim gelýär.

Dogrudan hem, G-nokady (jynshananyň öňki diwarynyň ortasynda ýerleşýär) aýalyň güýçli erogen nokady bolsa-da,  ol ýeke-täk däldir.

Kime doly kanagatlanma almak üçin kinnigi gyjyndyrma ýeterlik bolsa, kim göwüs emzikleriniň ellenmesinden lezzet alýar, kimler bolsa gulaga pyşyrdalan, mähir-muhabbata ýugrulan sözlerden "göge galýar".

Bir zady aýdyň bilýärin: jynsy gatnaşyklaryň dowamynda G-nokady tapmak ugrundaky sermenmeleriň aýaly kanagatlanma getirjegi gümanadyr.

Toslama 5 – Aýallary jynsy ýanaşma taýynlamak üçin uzak wagt gerekdir

Bu jümlä doly görnüşde toslama diýip hem bolmaz.

Hawa, gatnaşyklarda çalt "tutaşýan" aýallar bolýar. Ýöne düzgün bolşy ýaly, zenan maşgalany taýynlama hereketleri gerek bolup, bu aýal fiziologiýasynyň aýratynlyklary bilen düşündirilýändir.

Ýöne bu taýynlama çäreleriň, düşekde ýatyp erogen nokatlary gyjyndyrmakdan has öň başlanýandygyny unutmaň.  Bu taýynlaýyş "çäreleri" pynhan garaýyşlardan, öwgüli sözleri aýtmadan, aýratyn keýplilikden başlanýar.

Öz söýgüli zenanyňyzyň bişiren tagamyny ýa-da täze geýen köýnegini tankytlap,  jynsy gatnaşyklarda ony çalt "tutaşdyrmaga" tama hem etmäň.

Siziň pikiriňizçe, näme üçin aýallaryň aglaba bölegi kanagatlanma alma duýgusyny ýalandan suratlandyrýarlar?  Sebäbi olaryň ýanýoldaşlary taýynlama çärelerini "howul-hara geçirýärler".

Toslama 6 – Aýbaşydan galma döwürde jynsy gatnaşyklar aýala gerek däl

Gerek, ondada nähili gerek! Eger 20 ýaşda jynsy kanagatlanmany aýallaryň 50%-den azyragy başdan geçirse, 45 ýaşdan soň-95%-i lezzet alma duýgusyny duýýarlar.

Bu döwürde aýal göwreli bolma gorkusyndan azat bolup, arkaýynlaşýandyr. Aýbaşydan galma döwründe jynsy islegleriň ýokarlanýandygyny ylmy barlaglar görkezýärler.

  • 21378 gezek okalan

Teswirler (16)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Batyr

Oran wajyp jemgiyetcilige gerekli maglumatlar

 
  1. Ýigit.

Guwanç-14-nji teswirçi. "Gowy pikiriňiz we maslahatyňyz" bar. Durmuşa göz ýetirşiňiz sol bolsa öz düşünjäňizi hemra edinip ýaşaberiň, ol diňe size gulluk etsin.

 
  1. guwanch

musulmancylykda gızlemelı dıyıp zat yok bılmeyan zadyny gurleme. musulmancylykda yetgınjek yasa yeten bolsan we gyzy gelın edıp almana pulun ba bolsa oylenmegı maslahat beryaler. eger pulun bolman oylenıp bılmesen we jyns gatnasyklaryndan...

musulmancylykda gızlemelı dıyıp zat yok bılmeyan zadyny gurleme. musulmancylykda yetgınjek yasa yeten bolsan we gyzy gelın edıp almana pulun ba bolsa oylenmegı maslahat beryaler. eger pulun bolman oylenıp bılmesen we jyns gatnasyklaryndan uzaklasyp bılmesen. AGYZ BEklemegı maslahat berılya seydıp pul yygnayancan agyz beklap ozunı dasda saklap bılersın jyns gatnasyklaryndan. we musulmanlar muny gizlanok gaytam gorkaklar gizleyandir. cekinme Alla tarapyn berilyan zatlar bu eger komek gerek bolsa saklanyp bılmeyan bolsan ayt ejen daga oyersınler.

Dowamy
 
  1. Nazar

aybasy 2 3 aydan sonam gelip bilyami

 
  1. Zuleýha.

Pynhan syrlar okuw okap kär edineniň belli bir işi ýerine ýetirmek pişesine meňzeş bolman, ol saňa tebigat tarapyndan berilen peşgeş. Ol esasan erkegiň we aýalyň biri-birine kybabdaş bolan bedende dürli nokatlary tapmak zerurlygy.

 
  1. Guwanjaly.

Hormatly saýtyň işeňňir adamlary! 45 ýaşymda türkmen dilinde pyhan syrlar hakynda birinji gezek okaýşym. Begenip, geň galyp otyryn, sebäbi bu zatlaryň wajyplygyna garamazdan musulmanlar utanç ýaly edip, "ýedi gulpuň" astynda saklajak bolýarlar....

Hormatly saýtyň işeňňir adamlary! 45 ýaşymda türkmen dilinde pyhan syrlar hakynda birinji gezek okaýşym. Begenip, geň galyp otyryn, sebäbi bu zatlaryň wajyplygyna garamazdan musulmanlar utanç ýaly edip, "ýedi gulpuň" astynda saklajak bolýarlar. Sag boluň, işiňiz rowaç bolsun.

Dowamy
 
  1. Tugur.

Özümä "çalt tutaşýan" aýallary gowy görýän we isleýärin. Ýöne näme ody tutaşdyrmak üçinem tutaşgyrlyk gerek ahyryn. Ony hem her bir erkek başaryp baranokmyka diýýärin.

 
  1. Güller.

Erkek aýala ýarasa erkegä bir gyjynar weli aýalam öz-özüni gyjyndyrar. Bu babatda hemmeler üçin ýazylan belli bir nusga ýokmyka diýýärin.

 
  1. Öre.

Men bir zada düşünemok. Näme üçin pynhan syrlary ýa-da göwrelilik we aýbaşy, jyns gatnaşygy ýaly bolaýmaly zatlary döwlet syry ýaly edip saklajak bolýarlar. Indi 21 asyrda ýaşaýarys. Olar hakynda lukmanlar açyk aýdyp, köpçülik habar beriş...

Men bir zada düşünemok. Näme üçin pynhan syrlary ýa-da göwrelilik we aýbaşy, jyns gatnaşygy ýaly bolaýmaly zatlary döwlet syry ýaly edip saklajak bolýarlar. Indi 21 asyrda ýaşaýarys. Olar hakynda lukmanlar açyk aýdyp, köpçülik habar beriş serişdelerinde yzygiderli çykyş edip düşündirip durmaly.

Dowamy
 
  1. Orta ýaşan.

Masturbasiýa (rukobludiýe) erkekde ýetişip ugrandan soň, ýagny spermotozoid emele gelip ugrandan başlaýar. Ýaş oglanlar we aýallar şonuň bilen meşgul bolsalar, diýeli ýaş ýetişen gyzlar nähili masturbasiýa bilen meşgul bolýandygy özüm üçin-ä...

Masturbasiýa (rukobludiýe) erkekde ýetişip ugrandan soň, ýagny spermotozoid emele gelip ugrandan başlaýar. Ýaş oglanlar we aýallar şonuň bilen meşgul bolsalar, diýeli ýaş ýetişen gyzlar nähili masturbasiýa bilen meşgul bolýandygy özüm üçin-ä syrly bolup galýar. Ýöne syrly bolsada köpler ony başyndan geçirýärler.

Dowamy
 
Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location