• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Sagdyn jynsy gatnaşyklar
  • JYNSY GATNAŞYGA BOLAN ISLEGIŇ PESELMEGINIŇ HEM-DE GÜÝJEMEGINIŇ SEBÄPLERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

JYNSY GATNAŞYGA BOLAN ISLEGIŇ PESELMEGINIŇ HEM-DE GÜÝJEMEGINIŇ SEBÄPLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.89 (84 Ses)

Adamyň durmuşynda ýüze çykýan ýagdaýlar, beden we ruhy saglygynda dörän aýratynlyklar onuň jynsy isleginiň, hyýalynyň üýtgemegine itergi berip biler. Jynsy islegiň (libido) üýtgemegi onuň peselmegi ýa-da ýokarlanmagy görnüşinde döräp, dürli sebäpleri öz içine alyp bilýändir.

Jynsy islegiň peselmeginiň sebäpleri

Jynsy islegiň peselmegi seksual talaplaryň peselmegi ýa-da düýbünden ýitirilmegi, jynsy gatnaşyklardan gaça durmak ýaly alamatlar bilen häsiýetlendirilýändir. Dürli endokrin bozulmalary netijesinde erkeklik gormony bolan testosteronyň derejesiniň peselmegi, bedeniň dowamly  keselleri (ýürek keselleri, nerw ulgamyň keselleri), dowamly stress hem-de ruhy gamgynlylyk ýagdaýyny başdan geçirme, käbir derman serişdelerini (meselem, gan basyşy peseldýän, ukysyzlyga garşy ulanylýan dermanlar) ulanma garşydaş jynsa bolan gyzyklanmany peseldip biler. Aýallarda göwreliligiň öňüni alyş gormonal serişdeleriň kabul edilmegi, göwrelilik döwri hem jynsy islegi peseldip bilýändir. Ýeri gelende aýtsak, aýallarda jynsy islegiň üýtgemegine aýbaşy halkasynyň döwürleri öz täsirini ýetirýändir. Jynsy islege bolan höwes aýallarda aýbaşydan soň döräp hem-de aýbaşy halkanyň ortasyna çenli saklanyp, aýbaşynyň öňsyrasynda gowşaýandyr.

Ýokarda bellenen sebäplerden başga-da, jübütleriň arasyndaky düşünişmezlikler, seksual kynçylyklar, maşgalada döreýän dartgynly ýagdaýlar, kadasyz iş güni, dowamly ýadawlylyk, agyr fiziki iş ýaly sebäpler hem jynsy gatnaşyklara bolan höwesi peseldip biler. Seksual gatnaşyklara bolan hyjuwy aýal maşgalanyň (erkegiň hem) daşky görnüşiniň özüne çekiji bolmazlygy (işden gelensoňyz öýde hähili sypatda gezýändigiňize üns beriň), gatnaşyklarda bildirilýän "sowuklyk", erkek tarapyndan bildirilýän gödeklik, biparhlylyk "öçürip" bilýändir. Seksologlaryň bellemegine görä, kähalatlarda jynsy gatnaşyklary uzak wagt geçirip bilmezlik (okuw ýa-da iş saparlary we başga sebäpler) şertleriň täsir etmegi hem jynsy islegi wagtlaýyn peseldip, olaryň kadalaşmagy seksual bozulmanyň aradan aýrylmagyna sebäp bolup bilýändir.

Dörän ýagdaýdan çykalga

Beden kesellerini (ylaýta-da endokrin bozulmalary) özwagtynda bejerme, maşgala gatnaşyklaryny söýgi, özara düşünişme hem-de sylag bildirme duýgularyna esaslanyp gurma,öýüň daşky bosagasynda hemme işdäki kynçylyklary "döküp" öýe girmek, wagtynda ýeterlik dynç almak, seksual gatnaşyklaryňyza täzelikleri girizip, biri-biriňize ünsli, mährem bolmak bu çynlakaý kynçylygy ýeňip geçmäge kömek edip biler. Androlog lukmanyň maslahatyndan soň, erkeklere testosteronyň serişdelerini bermek hem peýdaly netijeleri berýär.

Jynsy islegiň ýokarlanmagynyň sebäpleri

Amerikan alymlarynyň bellemegine görä, erkek adam bir gije-gündiziň dowamynda 124 (!) gezek jynsy gatnaşyklary barada pikir edýär. Şeýle islegiň mukdar taýdan görkezijisi hemme erkeklere degişli edilmese hem, jynsy islegiň kadadan çykýan ýokarlanma ýagdaýy kesgitlenende, adamyň beden aýratynlyklary, dini terbiýesi, durmuş ýörelgesi göz öňüne tutulmalydyr.

Lukmançylykda, erkeklerde doreýän jynsy hyjuwynyň ýokarlanmagy "satiriazis" diýip atlandyrylsa, aýallarda bu ýagdaý "nimfomaniýa" ady bilen bellidir.

Köplenç ýagdaýlarda, jynsy islegiň güýjemegi öz seksual mümkinçiliklerine ynamy bolmadyk ýa-da oňa kembaha garaýan adamlarda ýüze çykyp, bu häsiýet şol mümkinçilikleri hemişe barlap durmaga zerurlyk döredýär.

Jynsy hyjuwyň ýokarlanmagy öz seksual talaplaryny kadaly kanagatlandyryp bilmeýän adamlarda (tussagda oturanlar, deňizçiler, uzak ekspedisiýa gidýänler) hem döräp, jynsy islegi basyp ýatyrma synanşygy köp halatlarda seksual islegiň has güýjemegine hem-de ondan masturbasiýanyň kömegi bilen dynylmagyna getirip biler. Seksual islegiň güýjemegi käbir ruhy kesellerde (meselem, şizofreniýa), beýniniň täze döremelerinde, gormonal bozulmalarda, neşe serişdeleri (kokain, meň), kömürturşy gaz bilen zäherlenmeler netijesinde ýüze çykyp bilýändir.

Öz hereketleriňize gözegçilik ediň!

Şeýle kynçylykda, dyňzap duran seksual güýji gowşatmak üçin işjeňligiň başga görnüşlerini saýlap almak peýdaly bolar. Özüňizi gyzyklandyrýan iş bilen gümra boljak boluň. Işiňize üns berip, mümkin bolsa artyk iş sagatlaryny alyp işläň. Tans ediň, surat çekiň, sport bilen meşgullanyň. Gündelik durmyşyňyzyň her pursadynda peýdaly iş bilen gümra bolmaga çalşyň, şonda size jynsy gatnaşyklar barada pikir ýöretmäge wagt galmaýar.

Şu günki gün telewizor bize ýarym ýalaňaç aýallaryň we erkekleriň bedenini synlamaga mümkinçilik döredýär. Şeýle gyjyndyryjylardan özüňizi goraň.

Halk lukmançylygynda huşly gunçanyň, narpyzyň gaýnatmalarynyň bu maksat üçin ulanylýanlygy barada maglumatlar bardyr. Şeýle-de, bu maksat üçin lukmanlar käşiriň, şugundyryň, petruşkanyň, ysmanagyň, kokos miwesiniň şiresiniň kabul edilmegini maslahat berýärler. Bir günüň dowamynda 1,5 litrden az bolmadyk suwuklygy kabul etmek ündelýär. Siz diňe bir aşa bildirýän seksual hyjuwyňyzy gowşatman, bedeniňizi hem witaminler bilen baýlaşdyrarsyňyz.

  • 19391 gezek okalan