Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

JYNSY GATNAŞYKLARYŇ PSIHOLOGIÝASY: SEN MENI NÄME ÜÇIN ISLÄŇOK?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.20 (118 Ses)

Jemgyýetdäki gatnaşyklaryň arasynda jynsy gatnaşyklary ýaly inçeden çylşyrymly, köpdürli emosional taraply gatnaşyklar ýok bolsa gerek. Gatnaşyklaryň beýleki görnüşleri belli bir kada-düzgünler bilen alnyp barylýan bolsa-da, erkek bilen aýalyň arasyndaky gatnaşyklar durmuş akymynyň köp taraplaryna bagly bolup durýandyr. Köp meseleler emosional ýakynlylyk, seksual häsiýetnama ýaly faktorlara bagly bolup, olary belli bir kanunalaýyklyga deň getirme, belli bir ülňä salma asla mümkin hem däldir.

Emosional öwüşginlere baý, bagtyýarlyga, ruhy deňagramlylyga getirýän, söýgüden doly bu gatnaşyklary tutaşdyryp saklama üznüksiz zähmeti, yhlasy, birek-birege blan dowamly duýguny talap edýändir. Söýgi oduny ýyllar boýy öçürmän, birek-birege bolan seksual gyzyklanmany, hyjuwy saklamak ugrunda aýal hem, erkek hem dynman zähmet çekmelidir.

Emma, ýyllaryň jümmüşinde söýgi odunyň öwüşgini "körese" hem-de durmuş aladalarynyň zarbasy astynda seksual joşgun, hyjuw indi Size ýat bolup barýan bolsa näme etmeli?

Näme üçin ýyllaryň geçmegi bilen maşgala gatnaşyklaryna sowuklyk aralaşýar?

Esasy sorag - onuň öňüni nädip alyp bolarka?

1. Gizlin gapma-garşylyklar.

Seksual gatnaşyklar maşgala gatnaşyklarynda bar bolan emosional ýagdaýyň aýnasy bolup durýandyr. Eger är-aýal gatnaşyklarynda gizlin gapma-garşylyklar bar bolsa, bu ýagdaý hökman jynsy gatnaşyklaryna hem täsirini ýetirip biler. Köplenç biz öz duýgularymyzy gizläp, isleglerimizi hem-de talaplarymyzy äsgermeýäris. Ýüze çykan öýkäni hem-de gahary bolsa basyp ýatyrmak isleýäris.

Maşgala durmuşyndaky maddy kynçylyklar, ýanýoldaşyňyzyň size aýdan göwnedegiji sözleri, dürli durmuş meselelerinde döreýän kynçylyklar babatdaky garşylyklar seksual durmuşyň hiline öz täsirini ýetirip biler.

Ýene bir sebäp – saglyk ýagdaýydyr.

Çynlakaý saglyk ýagdaýlaryny göz öňüne almazdan, jynsy gatnaşyklaryndan boýun gaçyrmak üçin oýlanyp tapylan kelle agyrylar hem-de ýadawlylyk (we ençeme başga ýüzleý sebäpler) hem, bu gatnaşyklardan halas bolmak üçin oýlanyp tapylýan keseller bolup biler.

2. Gatnaşyklary berkitmek ugrunda işläň.

Ýyllaryň geçmegi bilen seksual gyzyklanmanyň peselmegi – garaşylýan ýagdaýdyr. Gatnaşyklary tutaşdyryjy söýgi hyjuwy geçip, onuň ýerini has asuda gatnaşyklar tutýar. Beýle ýagdaýyň hem esasy sebäbi – jübütleriň seksual gatnaşyklarynyň üstünde işläp,oňa bar bolan duýgular bilen utgaşdyrylan fantaziýany ulanmagyň zerurlygyny bilmeýänligindedir. Köpler seksual özüňeçekijiligi tebigat tarapyndan berlen ömürlik peşgeş höküminde kabul edip, onuň belli bir wagt ýitip gidip biljekdigi barada pikir hem etmeýär. Biri-biriňe bolan seksual gyzyklanma ýitip gidende bolsa, süýjüli duýgularyň tamamlanyp, indi çagalar üçin ýaşamalydygyny boýun alýarys ýa-da ýanýoldaşymyza ikilik edýäris.

Tebigat adama seksual durmuşda diňe başlangyç itergi berip, ony hemişe seksual kuwwatlylyk bilen üpjün etmegi boýun almaýar. Eger Siz haýwanat dünýäsine syn edýän bolsaňyz, haýwan jübütleriniň uzak ýaşaýan halatlary seýrekdir. Olaryň aglaba görnüşi öz taýyny her ýyl çalşyp durýarlar. Bir adam bilen 20, 30 we ondan hem uzak möhlet ýaşamak tebigat üçin adaty ýagday bolmasa hem, adam şeýle gatnaşygy ahlaklylyk düzgünlerini kabul edişine baglylykda saylap alyp dowam edýär. Şonuň üçin her adama öz seksual hyjywuny öz talaplaryna baglylykda "tutaşdyryp" saklamagy başarmak wajypdyr.

Durmuş akymynyň islendik oňaýly halatlarynda jynsy gatnaşyklary meýilleşdirmäge, timarlamaga çalşyň. Oňa täzelikleri girizmekden çekinmäň. Siz ýanýoldaşyňyz bilen dynç almagy meýilleşdirýäňizmi? Deňiziň gyrasynda ýatdan çykmajak söýgüden doly günleri oňa peşgeş beriň. Çagalar gidip, öýde ikiçäk galanyňyzda hem, biri-biriňiziň mähriňizden ganyp, duýdulardan doly söýgi gijesini geçirmäge ymtylyň.

3. Erkek "gözleri" bilen, aýal "gulaklary" bilen söýýär.

Şu jümle biziň hemmämize belli bolsa-da, ýyllaryň geçmegi bilen aýalymyza (ýa-da ýoldaşymyza) seredip, "Ol meniňki. Gaçyp gitjek ýeri ýok" diýip pikir edýäris. Hüşgärligi elden berip, işe, myhmançylyga gidenimezde özümize serenjam bermegimizie hökmany ýagday ýaly seretsek hem, öýde saçymyz daralmadyk, ütüksiz, köne egin-eşikde gezip bilýäris. Öýde tämiz, ýanýoldaşy üçin hemişe özüne çekiji, biraz syrly, hoşamaý gezme esasan hem aýal maşgalalar üçin wajypdyr. Siziň ýoldaşyňyzyň ýolda, işde öz daşky keşbine üns berýän, gözel gelin-gyzlaryň ýüzlerçesini görüp, olara üns berýängini ýatdan çykarmaň. Hemişe hüşgärliligi elden bermäň, öz taýyňyz üçin özüňe çekiji, syrly, islenýän, mährem bolmaga çalşyň.

4. Biri – biriňize gyzykly boluň.

"Söýgi küýzesi" diýen düşünje bolýar. Är-aýal gatnaşyklarynyň ilkinji ýyllarynda, entek emosional hem-de seksual jähtden biri-biriňe gyzyklanma ýokaryka, söýgi küýzesi doly bolýar. Wagtyň geçmegi bilen, duýgular "kütelişensoň" bu küýze boşap, ony hemişe doldurma zerurlygy döreýändir. "Nädip doldurmaly?" diýip soramagyňyz mümkin. Täze duýgular, meýiller, duşuşyklar bilen. Hawa, täze adamlar bilen tanyşma, gürrüňleşme, pikir alyşma, emosional öwüşginli sosial durmuş iki adamynyň maşgala bileleşigini berkidýändir. Duýgular "öçüp" başlanda täze serişdeleri gözleme ýerliklidir. Umumy durmuş maksatlary, syýahat etme, dostlar bilen gatnaşma dogry çykalga bolup biler.

Emosional taýdan baý durmuşy bile ýaşama täze duýgulara ýol açyp, seksual gatnaşyklary berkidip bilýändir.

Täze zatlary amala aşyrmaga synanşyk etmeden, özüňi gowy görüp, öz hakyky içgi dünýäňizi äşgär etmekden gorkmaň.

Esasy zat – durmuşdan lezzet alyp, ony söýüp ýaşap, bu duýgulary başgalara peşgeş bermegi başarmakdyr.

  • 25613 gezek okalan