Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GÖWRELILIGIŇ ÖŇÜNI ALYŞ SERIŞDELERI (KONTRASEPSIÝA) BARADA NÄME BILMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (71 Ses)

Medisina jähtinden, maşgalany meýilleşdirmegiň soraglarynda, kontrasepsiýa meseleleri möhüm orny eýeleýändir. Abortlaryň aýal bedenine ýetirýän zyýany ikiuçsyzdyr. Ondan soňky ýüze çykýan irki we giçki  gaýraüzülmeler, diňe beden saglygyna täsir etmän, jyns agzalarynyň ýagdaýyna hem zyýan ýetirýändir.

Häzirki döwürde, göwreliligiň öňüni almak üçin dürli kontrasepsiýa serişdeleri we usullary ulanmak dogry hasaplanýar. Olaryň dürlüligine garamazdan, usullaryň hersiniň öz  ulanmaga garşy görkezmeleri,peydalylyk derejesi, kemçilikleri bardyr.

Kontrasepsiýa usullaryna bildirilýän talaplar bardyr:

97-98%-den ýokary peýdalylyk häsiýeti, aýalyň we erkegiň, olaryň geljekki nesilleri üçin zyýansyz bolmagy, kontraseptiw ulanmak bes edilenden soň, çaga dogmak ukybynyň çalt dikelmegi, kabul etmekde amatlylyk, jyns gatnaşygynda oňaýly ýagdaýy döretmek, elýeterlilik we arzan bahadan satyn almak mümkinçiligi ýaly häsiýetlere eýe bolmalydyr.

 

HÄZIRKI ZAMAN KONTRASEPSIÝA SERIŞDELERI WE USULLARY:

Kontrasepsiýanyň fiziologiki usuly.

Bu usuly ulanmak üçin, aýalyň aýbaşy aýlawynyň fiziologiki häsiýetlerini ýatlap geçmek möhümdir.

Aýbaşy aýlawy aýbaşynyň birinji gününden, indiki başlanjak aýbaşynyň birinji gününe çenli dowam edip, aýal bedeninde belli bir wagt aralygynda bolup geçýän fiziologiki üýtgemeleri öz içine alýandyr.

Aýbaşy aýlawy wagtynda ýatgyda we ýumurtgalyklarda üýtgeşmeler bolup geçýändir. Aýbaşy aýlawynyň birinji gününden ýumurtgalygyň içinde aýal öýjügi ýetişýän follikul çalt ösüp başlaýar. Aýbaşy aýlawynyň 10-18-nji gününde (ortaça 14-nji günde) follikul ýetişip, ýarylýar we içinden aýal öýjügi çykyp,(owulýasiýa) garyn boşlugyna düşýär. Ol ýerden, aýal öýjügi ýatgynyň turbajyklarynyň ösüntgileriniň kömegi bilen turbalaryň içine düşýär. Aýal jyns öýjügi tohumlanma ukybyny 24-48 sagatlap saklaýandyr. Erkeklik jyns öýjügiň (spermatozoidler) hem aýal jyns agzalarynda tohumlandyrmak ukyby şonça dowam edýär.

Spermatozoidler jynshanadan ýatga, ondan hem onuň turbajyklaryna düşýärler. Tohumlanma turbajyklarda bolup geçip,  tomumlanan öýjük ýatga düşýändir. Ol ýerde ösýän çaga düwünçegi, ýumurtgalykda öňki follikulyň ýerine, göwreliligiň sary bedeniniň emele gelmegine sebäp bolýar.

Aýbaşy aýlawy iki döwürden ybaratdyr. Aýal öýjügiň emele gelmegi birinji döwürde bolup geçse, ikinji döwürde sary bedeniň ösmegi bolup geçýändir. Eger tohumlanma bolup geçmese, sary beden “ölüp“, owulýasiýadan 12-14 gün geçenden soň, nobatdaky aýbaşy başlanýar. Sary bedeniň gormony bolan progesteronyň täsiri bilen, owulýasiýa wagty ýa-da oňa 1-2 gün galanda, göni içegede temperatura 37 gradus ýa-da ondan hem ýokary bolup bilýändir. Aýbaşy döwründe göni içegede ölçelýän temperatura bazal temperatura (BT) diýilýär.

Aýal jyns öýjüginiň ýetişip çykmagyna 3-4 gün galanda, ýatgynyň boýunjygynda ak nem köp mukdarda ýygnanyp, jynshana akmagy bolup geçýär. Owulýasiýadan 2-3 gün soň, nemiň emele gelmegi bes edilýär.

Kontresepsiýanyň fiziologiki usuly, göwreliligiň döremek mümkinçiligi ýokary bolan, owulýasiýa wagtynyň kesgitlenmegine esaslanandyr. Göwreliligiň döreme mümkinçiligi, aýal jyns öýjüginiň garyn boşlugyna düşýän we ondan soňky 24-48 sagadyň içinde ýokarydyr.

Owulýasiýa döwri BT kömegi bilen kesgitlenilýär.Ony kesgitlemek üçin aşakdaky düzgünleri ýerine ýetirmelidir:

  1. termometriň dogry işleýänligine göz ýetirmeli;
  2. hemişe şol bir termometri ulanmaly;
  3. BT-ny hemişe irden, meselem, 7-8.00 aralygy kesgitlemeli;
  4. aýal aýaklaryny dyzynda epip, garnyna ýetirip, gapdallaýyn ýatmalydyr;
  5. termometriň inçe tarapyny göni içegä salmalydyr we 6-7 minut saklamalydyr;
  6. alnan netijäni, aýy we aýbaşy aýlawynyň gününi ýazmalydyr;
  7. BT-ny ýiti infeksion keseller bilen kesellän döwrüňizde kesgitlemeli däldir.

 

Göwreli bolmak ukyby, BT 37 gradus ýa-da ondan hem ýokary galan wagtyndan 2-3 gün soň ýitýändir.

Owulyasiýany jyns ýollarynda ýygnanýan nemiň mukdary we süýnmek ukybyndan hem kesgitläp bolýar.Onuň  köp süýnmegi,(10-16sm aralyga) basym owulýasiýanyň bolup geçjekdiginden habar berýär. Şol  döwürde jyns gatnaşyklaryndan saklanmalydyr ýa-da başga usullary ulanmalydyr.

Öz owulýasiýa wagtyny bilýän we aýbaşy aýlawy kadaly bolan aýallar üçin bu usul 100%-e çenli peýdalydyr. Aýbaşy aýlawynyň kadasyz bolan halatlary, dogrumdan ýa-da abortdan soň, aýbaşy kadalaşýança bu usuly maslahat berip bolmaýar.

Hemme düzgünler berjaý edilende, kontrasepsiýanyň fiziologiki usuly jyns gatnaşyklaryň hiline täsir etmeýär. Ol elýeterli bolup,onuň goşmaça täsirleri we oňa garşy görkezmeler bellenilmeýär.

 

Kontrasepsiýanyň päsgelçilik döredýän (mehaniki) usullary.

Kontrasepsiýanyň mehaniki (päsgel döredýän) görnüşleri, spermatozoidleriň ýatga düşmek  mümkinçiligine bökdençlik döredýärler. Adatça erkeklik öýjükleri serwikal kanaldan ýatga 2-10 min., kähalatlarda birnäçe sagatdan soň düşýärler. Aýallar we erkekler mehaniki serişdeleri (ýatgy boýunjygyna geýdirilýän gapajyk, kondomlar, jynshana diafragmalar) we spermatozoidleriň hereketine täsir edýäň dürli himiki serişdeleri (spermisidleri) ulanýarlar.

Erkek kondomlary (prezerwatiwler) XV-XVII asyrlardan bäri belli bolup, biziň döwrümizde has hem giňden ýaýrandyr. Olar esasan ýuka lateks serişdesinden taýynlanyp, käbir dörnüşleri ýörite spermisidler bilen işlenilýär. Olar dürli ölçegde, görnüşde we reňkde bolup bilýär. Prezerwatiwler, diňe bir islenilmedik göwrelilikden däl-de, jyns gatnaşygy arkaly geçýän kesellerden (merezýel, hlamidioz, trihomonioz, AIDS we başgalar) hem goraýandyr. Olary dürli ýaşda, dürli ýagdaýda ulanyp bolýandyr.

Latekse we olaryň işlenilen himiki serişdelerine allergiki täsiriň ýüze çykmagy, onuň ölçegi nädogry saýlananda, ýyrtylyp, tohum suwuklygyň jynshana düşmegi, prezerwatiwleriň esasy ýetmezçiligi bolup durýandyr.

Dogry ulanylanda, olaryň peýdalylygy 95-97%-e barabardyr.

Aýal kondomlary (prezerwatiwleri) hem sintetiki serişdelerden, lateksden taýynlanyp, dürli görnüşde (banan şekilli we başgalar) bolup bilýärler. Olar hem dürli pastalar, spermisidler bilen işlenip biler. Aýal prezerwatiwleri, jyns gatnaşygynyň öň ýanynda, jynshananyň oýtumyna salynýar. Olar ulanylanda hem allergiki täsirler ýüze çykyp biler.

Jynshana diafragmalar – sintetiki serişdeler we rezinden taýynlanýar. Jyns gatnaşygynyň öň ýanynda, jynshana 6-7 sm. aralyga salynýandyr. Olar jynshana diwarlaryna mäkäm degip, tohumlygyň ýatga düşmeginiň öňüni alýar. Gatnaşykdan 10-12 sagat soň, diafragmany jynshanadan çykaryp, sabyn bilen ýuwyp, gaýnan suwda çaýkalýandyr we arassa gaba çykarylyp goýulýandyr. Diafragmany ulanma ýörite taýynlygy talap etmeýär.

Ýatgynyň boýunjygyna geýdirilýän gapajyklar – aýala lukman tarapyndan ýörite saýlanylyp, ulanma düzgüni öwredilýändir. Ol spermatozoidleriň ýatga düşmeginiň öňüni alýar.

Jyns gatnaşygynyň öň ýanynda goýulyp, ondan 6 sagat geçenden soň aýyrmak bolýar. Ulanylandan soň, gapajyklar sabynly ýyly suw bilen ýuwulyp, arassa gapda saklanylýar. Aýal jyns agzalarynyň sowuklama kesellerinde, dogrumda ýatgynyň boýunjygynyň ýyrtylmagy yüze çykan yagdayynda, boýunjygyň gysga görnüşinde gapajyklary ulanmakdan saklanmalydyr.

Himiki serişdeler (spermisidler) – spermatozoidleri öldürme ýa-da olaryň öňe gidijilik hereketine zeper ýetirme häsiýete eýedir. Häzirki wagtda gel, pastalar, kremler, köpürjikleýän jynshana şemleri, gerdejikler, kollagen özeni (gubka) görnüşinde çykarylýandyr.

Gaýnan suw bilen öllenen pastalar, gerdejkler, kollagen gubkalar jynshana gatnaşygynyň 10 min. öňýanyndan, gury gerdejkler bolsa, 1 sagat öňýanyndan goýulmalydyr. Dogry ulanylanda, sper-misidler peýdalylygy bilen tapawutlanyp, belli derejede weneriki we wirusly kesellerden goraýandyr.

Spermisidler allergiki täsirlere getirip bilerler. Bu täsirler, esasan, spermisidler ýygy-ýygydan ulanylanda (günde birnäçe gezek) ýüze çykyp biler.

 

Kontrasepsiýanyň hirurgiki usuly.

Hirurgiki usul indi çaga dogurmagy meýil etmeýän aýallarda ulanylýar. Bu usul köp ýurtlarda iň ýaýran usullaryň biri bolup, ol uzaga gidýän, hemişelik  netijäni berýändir.Usulyň esasy manysy, ýatgy turbajyklaryny daňmakdan ýa-da arasyny kesmekden ybaratdyr.

Bu çäreler ýerli ýa-da umumy agyrsyzlandyrma arkaly,laporotomiýa usuly bilen amala aşyrylýar. Aýalyň ýumurtgalyklarynyň işine täsir edenok. Bu usul köplenç kesar kesimi ýa-da dürli sebäplere görä edilen ginekologiki operasiýalar wagty (mioma düwünler, kistomalary aýyrmak) hem geçirilýär.

Erkeklerde hirurgiki kontrasepsiýa, tohum getiriji ýudajygyň kesilmegi bilen geçirilýär. Bu usul elýeterli, arzan bahadan, çalt amala aşyrylýan, ynamly bolup, häzirki wagtda giňden ýaýrandyr.

Kontrasepsiýanyň hirurgiki usulyny ulanmak işleýän aýal we erkek adam onuň hemişelik netijäni berýänliginden habardar bolmalydyr.

           

Ýatga salynýan serişdeler (ÝSS).

ÝSS (spirallar) adamlary we haýwanlary göwrelilikden goraýan usul höküminde gadymy wagtlardan bäri bellidir. Häzirki döwürde ÝSS-yň 100-den gowrak görnüşi bellidir. Öz düzüminde derman saklamaýan ýa-da peýdalylygy ýokarlandyrmak üçin derman ( metal-gyzyl, kümüş, mis we gormon-gestagen) saklaýan görnüşleri bardyr.

ÝSS-i saýlama we goýma lukman ýa-da ýörite öwredilen akuşer tarapyndan amala aşyrylmalydyr.

ÝSS goýulmazdan öň, aýal lukman tarapyndan seredilip, ýokançlyklara ganyň we jynshananyň çyrşagynyň barlagy geçirilmelidir.

ÝSS goýlanda aşakdaky düzgünleri berjaý etmelidir:

  • bedende ýokançlyklaryň we göwreliligiň ýoklugyna göz ýetirmeli;
  • spiraly dograndan 5-6 aý, abortdan hem 2-3 aý geçenden soň goýmalydyr;
  • goýlan wagty arassaçylyk (aseptiki) düzgünleri berjaý etmelidir.

 

ÝSS-i ujyndaky sapajyklaryndan çekip, has gowusy aýbaşy wagty aýrylýandyr.

 

ÝSS-ni aşakdaky ýagdaýlarda ulanma gadagandyr:

  • göwrelilik ýa-da oňa güman etmek;
  • ýiti we dowamly geçýän jyns agzalaryň sowuklama keselleri;
  • bedende täze howply döremeleriň emele gelmegi;
  • ýatgydan disfunksional gan akma ýüze çykanda;
  • jyns agzalaryň çiş keselleri;
  • ýatgydan daşary göwrelilik sebäpli operasiýa geçiren aýallar.

                                                                                                        

Gormonal kontrasepsiýa.

Häzirki döwürde göwrelilikden goranmagyň iň ýaýran usulydyr. Birinji gormon kontrasepsiýasy 1959-njy ýylda amerkan fiziology G. Pinkus we akuşer ginekologlaryň gatnaşmagynda işlenilip çykaryldy. Ýarym asyrdan gowrak wagt içinde onlarça gormon serişdeleri alynsa-da, aýal gormonlaryň bedendäki fiziologiki üýtgeşmelerini gaýtalamaga  kömek etjek serişdäni almak başardanok.

XX asyryň 90-njy ýyllarynda döredilen üç döwürli gormon serişdeleri şu talaplara bir az laýyk gelse-de, olaryň hem öz goşmaça ýaramaz täsirleri bardyr.

Gormon seişdeleriň içinde, estrogen-gestagen gormonlaryň utgaşmasyndan döredilen serişdeler giňden ulanylýandyr. (regiwedon, regulon, nowinet, tri-regol, triziston, trikwelar we başgalar)

Gormon serişdelerini dogurmaga ukyply ýaşdaky hemme aýallar kabul edip biler. Bu serişdeleri endokrin ulgamynyň işiniň doly ýola goýulmanlygy sebäpli, 18 ýaşa ýetmedik gyzlara kabul etmegi maslahat berip bolmaýar. Şonyň ýaly-da 35 ýaşdan uly aýallar üçin olaryň goşmaça ýaramaz täsirleri bolup biler.

Gormon serişdeleriň görnüşlerini, kabul etmek tertibini, uzaklygy, degişli barlagdan soň, ginekolog lukmany belläp, öz gözegçiligine alýandyr.

Utgaşdyrylan gormon serişdeleri aýbaşynyň 5-nji gününden, 21 günläp kabul edilýär. Onuň iň soňky gerdejigi indiki aýbaşa 2-3 gün galanda içilip tamamlanyandyr.

Barlaglaryň görkezişi ýaly, utgaşdyrylan gormon serişdeleri ýatgynyň ragynyň, ýumurtgalyklaryň kistoz üýtgemeginiň öňüni alýandyr. Bu gormon serişdeleriniň ýaramaz täsiriniň biri hem, bedeniň agramynyň artmagydyr. Ol progestinleriň täsiri netijesinde ýüze çykýar. Bu ýetmezçiligi gormon serişdesiniň hilini gowulandyrmak, fiziki maşklar, berhiz bilen aradan aýryp bolar.

Utgaşykly gormon serişdelerini aşakdaky ýagdaýlarda kabul etmek maslahat berilmeýär:

  • ýürek-damar keselleri bolan aýallar.Ylaýta-da, gipertoniýa(gan basyşynyň galmagy), tromboflebit kesellerinden ejir çekýänler;
  • bagryň, böwregiň işiniň ýetmezçilik ýagdaýynda;
  • 35 ýaşdan uly aýallar we çilim çekýän aýallar;
  • süýt mäziniň çiş keselleri;
  • süýji keseli bolan aýallar.

 

Düzüminde diňe progestin bolan gormon serişdeleriniň hem käbir ýetmezçilikleri bardyr. Ýatgydan gan akmalara getirmek, olaryň ýaramaz täsirleriniň biri bolup durýar.

Estrogen serişdeleri ulanmak bolmaýan aýallara (35 ýaşdan uly, çilim çekýän aýallar) maslahat berip bolar. Kontrasepsiýa höküminde, häzirki wagtda progestinli gormon serişdeleri giňden ulanylýan däldir.

Düzüminde uzak wagtlyk täsirli progestin saklaýan kontraseptiw serişdeleriň sanjym görnüşi hem bardyr. Olar uzak wagt täsir edip, estrogenleri ulanmaga garşy görkezmeleri bolan aýallara maslahat berlip biler.

DMPA (depo-prowero)-150 mg. mukdarda myşsa içine goýberlip, peýdalylygy 3 aý saklanýandyr. NET-EN - bir sanjymda 200 mg. bolup, täsiri 2 aýyň dowamynda saklanýandyr. Täsiriniň uzaklygy sebäpli olary ulanmak amatlydyr. Aýbaşynyň kadasyz gelmegi ( gan akmalar, aýbaşynyň bozulmagy) we täsiri gutarandan soň, göwreli bolmak ukybynyň haýal dikelmegi (3-12 aý töweregi) onuň esasy ýetmezçiligi bolup durýandyr.

Klimaks döwründe, ýatgydan gan akmalarda bejergi geçirmek üçin ol serişdeleri ulanyp bolýar. Häzirki döwürde, deriniň aşagyna salynýan implantatlar hem giňden ulanylýar. Olara 5 ýylyň dowamynda göwreliligiň öňüni alýan norplant we 1,5 ýyl täsir edýän kapronor degişlidir.

Norplant 6 sany silindirli kapsulalardan ybarat bolup, troakoryň kömegi bilen, çep goşaryň iç ýüzüne, deriniň aşagyna goýulýandyr.

Norplant ýatgydan gan akmany azaldyp, aýbaşyny kesip bilýär. Estrogenli serişdeleri ulanmak bolmaýan aýallara maslahat berilýär. Norplant aýalyň islegi boýunça, islendik wagtda aýrylyp bilýandyr.

Kontrasepsiýa serişdesiniň görnüşini, her aýala lukman, onuň saglyk ýagdaýyny, islegini, endiklerini, maşgala ýagdaýyny göz öňüne tutup belleýändir.

  • 22103 gezek okalan

Teswirler (20)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Yslam

Salam lukman gowredäki çagany haýsy usullar bilen düşürse bolar ? Onuň usullary barada bilmek isleýän

 
  1. Bagul

Lukman habar yyolayyn gowrelikan aybasyn gelermi? ?

 
  1. Bagul

Salam lukman gowrellilin 1nji ayy aybasyn gelip bilermi jogap yollayyn ullakan hayys Allajanyn haky ucun hayyys edyan!

 
  1. Bagul

Salam lukman gowreliligin 1 nji ayy aybasyn gelse caga galyarmy ?

 
  1. Selbi

Chaga entak galanyny galmanyny bilemok..sho galmazy yaly hich hili onini alyp bolmayamy?

 
  1. Selbi

chagan galanyny galmany bilemok entak..shon galmazy yaly hich hili onini alyp bolmayamy?

 
  1. Mesele

[quote name="Dowlet"]Lukman egerde cagany aldyrsan indiki nesile zyýan yetermika.jogabyny aydayyn hayis[/quote]<br /><br />Sen galdyrmada, aldyrmada. Hawa, indiki nesile, ayal gyzlara uly zyyany bar. Abort -kontrasepsiva dal.

 
  1. Dowlet

Alo lukman

 
  1. Dowlet

Lukman egerde cagany aldyrsan indiki nesile zyýan yetermika.jogabyny aydayyn hayis

 
  1. Maksat

Karoci gowredaki cagany nadip duşurse bolar, hic kim bilmez yaly dermany barmy, Lukman siziñ komegiñize mätäc

 
Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location