Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

KADALY JYNSY ISLEGIŇ BOZULMALARYNYŇ SEBÄPLERI WE GÖRNÜŞLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (72 Ses)

Lukmançylykda jynsy islegiň ýüze çykyş ugrunyň we ony kanagatlandyrmagyň şertleriniň bozulmalaryny jynsy azgynlyk, jynsy perwersiýa ( lat. "perversio" – öwrülme) diýip atlandyrýarlar. Jynsy perwersiýalar jynsy islegiň ýüze çykyş häsiýetiniň bozulmalaryna degişli edilip, adamynyň jynsy kanagatlanma adaty bolmadyk usulyň kömegi esasynda ýetýändigi bilen häsiýetlendirilýär.

Olara jynsy gatnaşyklar üçin adaty bolmadyk özüňi alyp barma häsiýetiniň ýüze çykmagy ýaly bozulmalar degişlidir. Bu topara jynsy gatnaşyk geçirýän ýoldaşyňa ezýet berme arkaly (sadizm) ýa-da tersine, ol tarapdan ezýet, agyry duýup seksual kanagatlanmany alma degişli edilip bilner. Psihologlaryň bellemegine görä, mazohizmiň emele gelmeginiň düýp sebäbi, adama temmi berme ýa-da zulum edilmegi netijesinde onda alaçsyzlyk duýgusynyň döräp, ömürlik emosional yz galdyrmasy bolup biler.

Jynsy azgynlylygyň başga toparyna, jynsy islegiň adaty bolmadyk zada gönükdirilmegi ýa-da adam bilen seksual aragatnaşygyň başga, öwezini dolujy hereket bilen çalşyrylmagy ýaly görnüşdäki bozulmalar degişli edilýändir: jynsy islegiň öz-özüňe (narsisizm), haýwanlara (zoofiliýa), jesetlere (nekrofiliýa), ýakyn garyndaşlara (insestofiliýa) gönükdirilmegi.

Jynsy perwersiýalar halanýan adamynyň zadyna (egin-eşigine) eýe bolma isleginiň (fetişizm) döremegi bilen hem ýüze çykyp biler. Ogurlanyp alnan şol zat (fetiş) dürli fantaziýalar bilen baýlaşdyrylyp, halanýan adamynyň ýerini tutujy nyşan bolup durýandyr. Gizlin alnan zatsyz adamynyň jynsy gatnaşygy geçirip bilmezligi, adamynyň seksual durmuşyny çäklendirip bilýändir. Gurjaklara ýa-da heýkellere döreýän jynsy isleg (pigmalionizm) hem şu görnüşe degişli edilip bilner.

Jynsy azgynlyk hereketleri jynsy agzalary başga adamlaryň (esasan aýallaryň) öňünde açyp görkezme (eksgibisionizm), geçirilýän jynsy gatnaşyklara, ýalaňaç adamlara (wizionizm), peşew ýa-da täret edýän adama seredip jynsy kanagatlanma alma (wuaýerizm) ýaly görnüşlerde hem ýüze çykyp bilýändir.

Şeýle bozulmalara ýaşy boýunça "gabat gelmeýän" toparlara gönükdirilen jynsy islegiň ýüze çykmagy hem degişli edilýändir:çagalara (pedofiliýa), ýetginjeklere (efebofiliýa), gartaşan adamlara (gerontofiliýa).

Jynsy perwersiýalaryň uly toparyna gomoseksualizm, transseksualizm we transwestizm girýändir.

Gomoseksualizm – jynsy islegiň öz jynsyňa gönükdirilmegi bilen häsiýetlendirilýän jynsy islegiň bozulmagydyr. Aýalyň aýala(lesbiý söýgüsi) we erkegiň erkege (pederastiýa) gönükdirilen jynsy islegi görnüşlerinde ýüze çykýar. Gomoseksualizmiň döremeginiň düýp sebäbi, seksopatolog lukmanlarynyň bellemegine görä, öz jynsyňa laýyklykda terbiýäniň berilmezligi (meselem, oglanjygy gyz eşigine geýindirmek) ýa-da çagalykda uly adam bilen gomoseksual jynsy gatnaşyklary geçirmegi boýun edip, onuň psihiki ýagdaýyny "döwme" ýaly hadysalar bilen bagly bolup biler.( Awtordan. Gomoseksualizmiň döreýiş sebäpleri we belli bolan bejeriş usullary barada doly maglumaty, saýtymyzda ýerleşdirilen "Gomoseksualizm:keselmi ýa-da tebigatyň ýalňyşy?" atly makaladan okap bilersiňiz).

Transseksualizm – adamyň başga jynsa degişliligini aňlama ýagdaýydyr. Göwrelilik döwründe aýalyň derman serişdeleri kabul etmegi we stress ýagdaýlary netijesinde çaga düwünçeginiň ösüş bozulmalary transseksualizmiň döremeginiň sebäpleri bolup biler. Onuň alamatlary çagalykdan ýüze çykyp başlaýar. Çagalar garşydaş jynsyň egin-eşigini geýmäge isleg bildirýärler, gyzlar oglanlaryň oýnuny oýnaýarlar, oglanlar gurjak oýnamaga höwesek bolýarlar. Esasan hem, jynsyny üýtgetme islegi ýetginjeklik döwründe has hem güýjäp başlaýar. Gyzlar göwüsleri ösmez ýaly, olary hasa bilen berk daňmaga ymtylsalar, oglanlar diňe sakgalyny däl-de, aýagynda, elinde ösüp başlan gyl örtügini hem syryp aýyrmaga çalyşýarlar. Olar öz jynsy agzalaryndan utanýarlar. Bu döreýän ýagdaýlar adamyň sosial uýgunlaşmasyny we seksual durmuşynda özüne taý tapynmagyny kynlaşdyrýar. Transseksualizmiň has mälim ýüze çykan görnüşlerinde jemgyýetde uýgunlaşma ýagdaýlary, jynsy üýtgetme çäreleriň kömegi (hirurgiki çäreler, gormon serişdeleri, psihologiki uýgunlaşma) bilen gazanylyp bilner.

 ⇒ Transwestizm – garşydaş jynsyň eşigini geýmäge ymtylma häsiýetidir. Erkek adamlarda syn edilip, olar esasan "iki görnüşli" durmuşy alyp barýarlar. Gündiz olar maşgalabaşy erkek adamlar höküminde tanalsalar, agşam olar başga eşige geýnip, özlerini aýal ýaly duýup kanagatlanma tapýarlar. Şeýle adamlaryň seksuallyk ugry dürli bolsa-da, olar köplenç gomoseksual bolýarlar.

Ýokarda bellenip geçilen jynsy azgynlygyň görnüşleri kadaly jynsy isleg bilen hem, başga jynsy islegiň bozulmalarynyň dürli görnüşleri bilen hem utgaşmada duş gelip biler.

Kadaly jynsy islegiň bozulmalarynyň sebäpleri

Jynsy perwersiýalaryň döreýiş sebäbini düşündirmäge synanyşýan ençeme pikirler orta atylsa hem, bu babatda anyk düşündirişler işlenilip düzülen däldir. Geşirilen barlaglar we duş gelýän ýagdaýlaryň syn edilmegi, enäniň göwresinde ösýän düwünçegiň benisinde jynsy aýratynlyga jogap berýän merkezleriň bozulmalary, şahsy psihiki kynçylyklar we jemgyýetde nädogry berilýän terbiýe, seksual kämilleşmäniň bozulmalary (onuň juda ir ýa-da gijigip döremegi) ýaly esasy faktorlaryň utgaşmasy netijesinde, jynsy islegiň bozulmalarynyň döreme töwekgelçiliginiň ýokarlanýandygyny mälim etdi.

Bejergi çäreleri

Adaty bolmadyk jynsy islegi bejerme çäreleri käbir kynçylyklary özünde jemläp, ol köp derejede näsagyň bejergä bolan garaýşyna, ynamyna bagly bolup durýandyr. Ol köp bejeriş çäreleri özünde jemläp we uzakmöhletleýin bolup, diňe bir kadasyz jynsy islegi aradan aýyrmaga gönükdirilen bolman, eýsem garşydaş jyns bilen aragatnaşygy dogry ýola goýmaga hem kömek etmelidir. Bejergi çäreleri esasan, ruhy ulgama täsir etme usullaryň ulanylmagyny öz içine alýandyr. Gormonal derman serişdeleri seksuallyk ugruna täsir etmän, jynsy islegiň ýüze çykyş derejesine täsir edýändigi sebäpli diňe belli bir görkezmeler esasynda ulanylyp bilner. Jynsy islegi wagtlaýyn peseltmek üçin nerw ulgamyň işini köşeşdiriji serişdeler ulanylyp bilner.

Jynsy perwersiýalaryň bejergisinde, ýetginjeklik döwründe jynsy islegiň esasy orny eýeläp, özüňe emosional erk etme häsiýetiniň ýetmezçilik edýändigi sebäpli, käbir döreýän jynsy islegiň bozulmalarynyň (zoofiliýa, wizionizm) wagtlaýyn ýüze çykyp biljekdigini bellemelidir.

  • 13712 gezek okalan