Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

"ÇAGALAR ÖÝDE ÝOK WAGTY..."

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.05 (217 Ses)

Biz hemişe möwç alyp, öňe dyňzap barýan durmuş akymynyň ugry bilen hereket edip barýarys. Bir tarapdan şeýle bolmaly hem ýaly. Ýöne näme üçindir 10-15 ýyl ozal berk we agzybir maşgalada höküm süren söýgi hyjuwy ýatyşyp, är-aýal ýatakhanasyna sowuklyk we durgunlylyk aralaşýar. Söýgi duýgusy öçmedik hem bolsa, söýgi agşamlaryny öňki mähir we hyjuw bilen geçirmäge isleg hem bolanok, ýeterlik güýç hem galanok. Maşgaladaky seksual gatnaşyklar belli bir galypa salnyp, ol belli bir tertipde geçirilýär. Biz söýgi gatnaşyklaryny geçirmä, maşgalada göz öňüne tutulýan borçlulygy ýerine ýetirme ýaly garaýarys.

Ugruna bolan halatlarynda seksual gatnaşyklar hepdäniň soňuna, anna gününe ýa-da entek çagalar mekdepdekä, garaşylyp ýetilen şenbe gününe meýilleşdirilýär. Çagalar öýde ýok wagty gyssagly geçirilmeli söýgi gatnaşyklary, dürli fantaziýalardan, söýgi oýunlaryndan peýdalanmaga asla mümkinçilik berenok. Geçirip ýetişseň razy bolaýmaly. Maşgala durmuşynyň ençeme ýylyny başdan geçiren jübütler ýaş çatynjalara gözigidijilik bilen seredip: "Söýgi hyjuwy hemişelik ýatyşdymyka?" diýip alada galýarlar. Elbetde, ýok!

Mähir-muhabbata, söýgä ýugurlan, maşgala durmuşyňyzyň ilkinji ýyllarynda başdan geçiren duýgularyňyzy her ýyl täzelemäge, täze "ýitije" duýgular, seksual fantaziýalar bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik tapsa bolýar. Meselem, çagalaryňyz enelerine oba ýa-da çagalar dynç alyş merkezine giden wagtlary şeýle mümkinçilikler has hem artýandyr. Ýöne "diňe ikiňize" bagyş edilmeli gymmatly hepdeleri, öýüňiziň abatlaýyş işleri ugrunda ýa-da gapydaky mellekde gyrmanyp (ýogsam bu hökman şeýle hem bolýar) geçirmejek bolsaňyz, öňünden öz "söýgi hepdäňizi" meýilleşdirmäge çalşyň.

Özüňizi taýynlaň!

Ynha, siziň azatlygyňyzyň uzak garaşylan güni hem ýetip geldi: çagalar dynç alyşa çykyp, öýden gitdiler. Nämeden başlamaly? Täze ýaşaýyş düzgünine nädip geçmeli? Birinji siziň etmeli işiňiz- adaty maşgala düzgünini ýatdan çykarmalydyr. Bu bolsa siziň Adam Ata bilen How Enäniň eşiginde arkaýyn gezip, öýüň islendik ýerinde islän "garagollygyňyz" bilen meşgullanma hukugyňyzyň bardygyny aňladýandyr. Isläň, ýörite ulular üçin filmlere bile tomaşa ediň ýa-da ýörite žurnallary okaň. Esasy maksat-birsydyrgyn dowam edýän maşgala durmuşyny üýtgedip, özüňizde aýratyn seksual islegi we keýpliligi döretmäge ymtylmakdyr.

Ody öçürmän saklamak

Hemme zat başa baryp, aýratyn seksual hyjuwa beslenen agşamlaryň yzygiderliligi size uly rahatlyk hem-de jana ýaramly melhemlik peşgeş beren hem bolsa, ýakymly hadysalar çalt geçip, siz ertir iş hepdesiniň başlanýandygyny ýadyňyza düşürýärsiňiz. Azatlygyň öňde bolan birnäçe hepdesiniň dowamynda tutaşan ody nädip öçürmän saklap bolarka?

Ikiçäk galýan agşamlaryňyzy meýilleşdirmäge çalşyň. Jynsy gatnaşyklary üznüksiz geçirip, özüňizi ondan birden "gerk-gäbe" doýurmagyň geregi ýokdur. Täzeden tutaşan ody öçürmän, özüňizde dörän emosional galkynyşy saklamak welin wajypdyr. Meselem, birinji agşamy siz seksual äheňde ýazylan hekaýalary biri-biriňize okamaga bagyş edýärsiňiz. Ikinji agşam – biri-biriňize bedeniňizi oýandyryjy ýörite ýaglar bilen owkalamany geçirmek. Üçünji agşam – oýunlar agşamy. Ýöne bu oýna diňe ikiňiz gatnaşýarsyňyz. Oňa tomaşa edýän hem ikiňiz. Siz soltan. Perizadaňyz bolsa size hyzmat edýär... Her sapar "lezzetli gatnaşyklar" bilen tamamlanýan kinoteatra, kafe ýa-da sauna gitmeler, öz seksual fantaziýalaryňy beýan etmek, biri-biriňiziň erogen nokatlaryňyzy öwrenmek ýaly çäreler her bir soňky agşamy meýilleşdirmäge kömek edip biler. Esasy zat-öz hyýallaryňyza üns berip, özara gatnaşykdan lezzet we emosional kanagatlanma almakdyr.

Eger iş päsgel berýän bolsa

Elbetde siziň işiňiz ünsliligi talap edip, köp wagtyňyzy alýan bolsa, seksual oýunlar üçin wagtyňyz galman hem biler. Onda öz söýgüliňizi agşamky duşuşyga öňünden taýynlamak gerekdir. Öz seksual meýilleriňizi beýan edýän hatjagazlary onuň iş kostýumynyň jübilerine ýa-da iş torbasyna goýmak hem, ony agşamky oýunlar üçin taýynlamaga kömek edip biler.Iş wagtynyň tamamlanmagyna birnäçe wagt galanda, öz ýanýoldaşyňyza erotiki hyýallaryňyzy beýan edýän habarlary mobil telefony arkaly ýazyp ugradyp hem bilersiňiz. Esasy şert: siziň her gezekki ugradýan esemes habaryňyz, öňki ugradanyňyzdan has aç-açan bolmalydyr.

Gülkünç ýa-da geň bolup görünmeden çekinmäň. Siziň çagalaryňyz lezzetli duýgulary täzeden başdan geçirmäge mümkinçilik berdiler. Näme üçin siz ol mümkinçilikden peýdalanmaly dälmişiňiz?

  • 46571 gezek okalan