Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

MEN SENI DUÝÝARYN

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.07 (178 Ses)

Siz: "Jynsy gatnaşyklar nämeden başlanmaly?" diýen soraga, elbetde, "Süýji we mähirli posalardan" diýip jogap bermegiňiz mümkin. Ýöne şol posalar ýanýoldaşyňyzyň bedeniniň dürli ýerlerine ussatlyk bilen paýlanan ýagdaýynda Siziň ten galtaşmalaryňyzyň nähili düýgurly, gatnaşyklaryňyzyň bolsa nähili lezzetli boljakdygyny bilýärsiňizmi? Megerem, bilýän bolsaňyz gerek. Aýallara we erkeklere mahsus duýgur "erogen nokatlaryň" gyjyndyrylmagy seksual hyjuwlylygy möwç aldyryp, Sizi jynsy gatnaşyklara taýynlaýar, olaryň has lezzetli we şypaly bolmagyna ýardam berýär.

SÖÝGÜLIM, MEN SENI MAÝYL EDEÝIN!

Siziň söýgüli ýaryňyzyň bedeniniň islendik ýeri duýgurly, mähirli gatnaşyklara itergi berip biliji "start" nokady bolup hyzmat edip biler. Aýal maşgalanyň bedeninde birnäçe esasy we goşmaça erogen nokatlar tapawutlandyrylýar.

1. Boýundaky erogen nokatlar – söýgüliňiziň arka tarapyndan baryp, boýnuny ýapýan saçlary aýyryň we boýnunyň ilki bir tarapyny, soň hem beýleki tarapyny posalardan dolduryň. Ýöne beýle etmezden öň, söýgüliňize şeýle posalaryň ýaraýandygyna göz ýetiriň.

2. Bilekde ýerleşýän erogen nokatlar – aýallarda edil şu ýerde duýgur nokadyň ýerleşýändigini bilýän adam az-az bolsa gerek. Emaý bilen goşaryň iç ýüzüni sypala we biraz gyjygy getiriji hereketleri et. Diliň bilen täsir etme hem ýakymly bolup biler.

3. Tirsekdäki erogen nokatlar – tirsegiň iç ýüzüni posalar bilen dolduryň. Ýöne dişlemekden saklanaweriň.

4. Saçlardaky erogen nokarlar – barmaklaryňyzy ýaryňyzyň saçlarynyň arasyndan emaý bilen geçirip, onuň derisine owkalaýjy hereketleri ediň. Esasy zat – ünsli boluň! Aýalyň rejelenip goýlan saçlary bozulanda, keýpiniň nähili üýtgeýändigini hem ýatda saklaň.

5. Dyzyň iç ýüzündäki erogen nokatlar – dyzyň aşagynda "gizlenip ýatan" erogen nokatlar öz aýratyn duýgurlylygy bilen tapawutlanýarlar. Ýöne ol ýeri barmagyňyz bilen "howada ýüzýän ýaly" sypalamaga çalşyň. Beýle edilmedik halatynda söwer ýaryňyzyň gyjygyny getirip bilersiňiz.

6. Gulagyň ýumşak ýerinde ýerleşýän erogen nokatlar – "ysyrgalyk" diýip atlandyrylýan gulagyň ýumşajyk ýerini diliňiz bilen gyjyndyryp, biraz dişleýän (ýöne gaty däl) ýaly hereketleri ulanyp bilersiňiz. Eger söýgüliňiz garşylyk görkezmese (zenanlaryň arasynda gulagyna degilmegini halamaýanlar hem bar), gulagyň ortasyny gyjyndyrmagy hem dowam ediň.

7. Iki pilçäniň arasynda ýerleşýän erogen nokatlar (pişik dyrnaçaklamasy) – pişikleriň hem jynsy gatnaşyklarynda bu ýeri dyrmalaýandygy sebäpli, bu erogen nokatlar şeýle atlandyrýlýar. Öpüşme we gujaklaşma wagty iki pilçäniň arasynyň emaý bilen sypalanmagy, zenan maşgalada seksual duýgyny oýandyryp biler.

8. Döş – bu ýerde ýerleşýän göwüsler, aýal maşgala görk goşýan we erkek adamlaryň ünsüni özüne çekýän güýçli erogen agzalary bolup, olaryň sypalanmagy, emzikleriň öpülmegi aýal maşgalada güýçli lezzetli düýgulary döredip biler.

9. Aýakdaky erogen nokatlar – seksologlaryň köpüsi seksual oýunlaryň aýaklary owkalamadan başlamalydygyny nygtaýarlar. Öz taýyňyzyň ökjelerini mylaýymlyk bilen owkalap, onuň topugyny we barmaklaryny hem ünsden düşürmejek boluň. Topugyň yzky tarapynda, ökje siňiriniň aşagynda ýerleşýän nokady tapmaga synanşyň. Gadymy Hytaý lukmanlarynyň bellemegine görä, bu nokat seksual kuwwatlylygy güýçlendirýär.

10. Dodaklardaky erogen nokatlar – söýgüliňiziň dodaklarynyň we diliniň gyjyndyrylmagy jynsy agzalaryň duýgurlylygyny güýçlendirip biler. Olary näzli öpme, biraz dişleme we ýalama hereketleri söwer ýaryňyzda seksual hyjuwy oýandyrar.

11. Başgada wajyp erogen nokatlar – oňürgany uzynlygyna sypalama, ýanbaşy, jynsy agzalary (uly we kiçi jyns dodaklary, kinnik, jynshana – esasan hem onuň öňki diwarynda ýerleşýän G-nokat) gyjyndyrmagyň uly seksual kuwwatlylygy emele getirip biljekdigi barada gaýtalap aýtmagyň geregi ýokmuka diýip pikir edýärin.

ERKEK ADAMYNYŇ BEDENINE SYÝAHAT

Erkek adamynyň jynsy gatnaşykdan nämelere garaşýandygyny kesgitlemek örän çylşyrymly. Çünki lezzetli jynsy gatnaşyga bolan talap olarda juda güýçli bolsa-da, olar bu soraga anyk jogap bermäge isleg bildirmeýärler. Belki-de, olar bu soragyň çözgüdini söýgüli zenanynyň tapjakdygyna tama edýän bolsalar gerek. Geliň, erkek adamynyň bedenine syýahat edip, onuň duýgur nokatlaryny öwrenmäge synanşalyň.

1. Kelle

Elbetde, dodaklar we dil esasy duýgur agzalar bolup, her bir gatnaşyklaryň başy hyjuwly paýlanylýan posalardan başlanýandyr. Ýöne gulak ýelkenleri, ysyrgalyk, gulagyň arkasyndaky deri öz duýgurlylygy boýunça dodaklardan yza galýan däldir. Eger gulaklary gyjyndyrýan wagtyňyz, olara mähirli, söýgüden doly sözleri aýdaýsaňyz, siziň näz-kereşmeleriňiziň ýetirjek netijesi has hem artar. Söýgüliňiziň ýeňsesindäki saçlaryny oýnap, sypalan haladyňyz bolsa, ol edil bikesi tarapyndan sypalanýan pişik kimin gözlerini ýumup, lezzet alar.

2. Boýun

Boýn, esasan hem onuň yz tarapy posalara, sypalamalara duýgur bolup durýandyr. Ýöne gyjyklamazlyk üçin, barmagyňyzyň ujyny we dyrnaklary ulanmakdan saklanyň. Siziň galtaşmalaryňyzyň has duýgur bolmagy üçin, barmaklaryňyzyň ýumşak bölegi we aýaňyz bilen gowy düýülýan hereketleri amala aşyrjak boluň. Bu düzgün bedeniň islendik ýeri üçin degişli edilip bilner.

3. Döş

Gyl örtügi bilen örtülen erkek adamynyň döşüni sypalama, elbetde aýal maşgala üçin gyjyndyryjy hereket bolup biler. Ýöne erkek adamynyň emziklerini sypalama, aýal maşgalanyňky ýaly ol diýen duýgurly bolmasa hem, onuň demini ýygylaşdyryp bilýändir.

4. Arka we ýanbaş

Öz ýoldaşyňyzyň arkasyny, oňurgalygyň dikligine sypalama hem lezzetliligi berýän erogen nokadydyr. Ýöne iki pilçäniň arasyndaky duýgur ýere täsir etmek bolsa, lezzetliligi has hem ýokarlandyryp biler. Erkek adamynyň ýanbaşy ol diýen duýgur bolmasa hem, oňa ten bilen biraz galtaşma, onda ýakymly duýgulary döretmäge ukyplydyr.

5. Garyn

Hyjuwlylyk döretme babatda bedeniň bu bölegi ol diýen bir ýörgünli orna eýe bolmasa hem, göbegiň ýanlaryny sypalama we öpme seksual islegi güýçlendirip bilýändir.

6. Eller we aýaklar

Hökman öz ýanýoldaşyňyzyň ellerini we barmaklarynyň arasyny sypalaň. Bu erogen nokatlaryň işjeňligi ýokary bolmasa hem, seksual oýunlar olarsyz doly görnüşe eýe bolmaz. Dyzyň iç ýüzündäki çukurjygyň we injikleriň sypalanmagy we öpülmegi bolsa, ýanýoldaşyňyzyň keýpini heýjana getirer.

7. Jyns agzalary

Erkek adamynyň bedeninde ujyt we ýumurtga haltajygy iň düýgur erogen agzalary bolup, olaryň gyjyndyrylmagy erkek adama güýçli seksual hyjuwlylygy we lezzetliligi bermäge ukyplydyr.

Görşümiz ýaly, erogen nokatlar biziň eziz görýän adamymyzyň bedenine erk etmäge mümkinçilik berýän "açar" bolup, ol açary ulanma diňe Siziň söýgüňize we gözlegleriňize bagly bolup durýandyr.

  • 31422 gezek okalan