• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • DEŇIZ HEZILLIGI: ONY HOWPSUZ ETMEGIŇ DÜZGÜNLERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DEŇIZ HEZILLIGI: ONY HOWPSUZ ETMEGIŇ DÜZGÜNLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.73 (15 Ses)

Tomusky dynç alşyň iň uly lezzeti we gyzygy açyk suw howdanlarynda suwa düşmek hasaplanýar. Şonuň üçin hem, öz dynç alyş rugsadyny deňziň, derýanyň, kölüň kenarynda geçirmegi ýüregine düwen adamlar örän peýdaly dynç alşyň görnüşini saýlap alýarlar. Çünki suwda ýüzme diňe bir lezzetli bolman, eýsem saglyk üçin juda peýdaly bolup durýandyr. Şonuň bilen bilelikde hem, açyk suw howdanlarynyň belli bir düzgünler berjaý edilmedik ýagdaýynda jana howp salyjy ýerlere öwrülmegi ähtimaldyr.

Tolkunlar bilen göreşden saklanyň

Suwda ýüzüp bilmeýän adamlar üçin açyk suw howdanlary hakyky howp salyjy ýerler bolup durýarlar. Islendik ýetip gelen uly suw tolkuny sizi kenardan daşa zyňyp, deňizdäki dynç alyşdan howatyrly düýgularyň galmagynyň sebäbi bolup biler. Şonuň üçin hem, suwa girip halas ediji enjamlardan – ýel berlen rezin halkadan, žiletden we gola geýilýän serişdelerden peýdalanmak ähtibarlydyr. Soň hem, kenardan daşlaşmazlyk örän möhümdir. Ýüzüp bilmeýän adamlara ýel berlen ýüzüji düşeklerde hem ýüzme maslahat berilmeýär, sebäbi olar islendik halatda agdarylyp bilýärler.

Eger Siz ökde ýüzüji bolsaňyz hem, howpsuzlyk düzgünlerine eýeriň

Hiç haçan nätanyş ýerde, onüň çüňlugyny bilmän ýüzüji bolmaň. Ýalpak ýere özüňizi başaşak oklan pursadyňyz, kelle çanagynyň we oňurganyň howply şikeslerine sezewar bolup bilýärsiňiz.

Oýun edip biri-biriňizi "gark etme" synanşygyndan gaça duruň. Siz degişseňiz hem, "gark edilýän" adam gorkup we suwy ýuwdup biler. Damarlaryň we diafragmanyň (dem alyş myşsasy) ýygrylmagy netijesinde başlanan oýun pajygaly gutaryp bilýändir.

Eger siz günüň aşagynda gyzan bolsaňyz, suwa derrrew özüňizi urmaň. Temperaturalaryň tapawudy diafragmanyň ýygrylmagyna we dem alşyň togtamagyna getirip biler. Esasan hem gartaşan we ýürek-damar keselli adamlar ünsli bolmalydyrlar.

Suwuň aýlawly akymyna düşüp aljyramaň. Uludan demiňizi alyň we suwuň aýlawly akymynyň aşagyna ýüzüp ony geçiňde, suwuň ýüzüne çykyň.

Deňizde gaý turýan gün suwa düşmäň. Eger bardy-geldi siz kenardan uzaklara daşlaşdyryp barýan äpet tolkunlar bilen göreşe girişen bolsaňyz hem, tolkuny tutuň. Ol kenara tarap barýan wagty siz hem hemme güýjüňizi jemläp, kenara tarap hereket ediň. Tolkundan ýüzüp gidip, yzyndan gelýän tolkun üstüňizi basmaz ýaly ylgaň ýa-da süýşüp gidiň.

Suwa, esasan hem sowuk suwa düşülende ýüze çykyp biljek damar çekmelerden özüňi halas etmek üçin, suwda geýýän eşigiňiziň iç ýüzüne iňňebajyk dakyň. Damar çekmeler dörän wagty topuk myşsalaryna bir-iki gezek iňňebajygy sançma ýeterlikdir.

Suwa düşmek üçin amatly wagtlar-ertirlik naharyndan 1-1,5 sagat soň, 9-dan sagat 12 çenli we öýlänlik naharyndan 2-3 sagat soň, 16 sagatdan 17 sagada çenlidir. Suwa girmezden öň, 15-20 minut dynç alma, güne ýylanma, bedeniňi owkalap, birnäçe ýönekeý fiziki maşklary ýerine ýetirme peýdalydyr.

  • 3390 gezek okalan