• Home
  • Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • IŞDÄKI GATNAŞYKLAR ÝA-DA IŞ KOLLEKTIWINDE ÖZÜNI ALYP BARMAGYŇ AÝRATYNLYKLARY

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

IŞDÄKI GATNAŞYKLAR ÝA-DA IŞ KOLLEKTIWINDE ÖZÜNI ALYP BARMAGYŇ AÝRATYNLYKLARY

  • Lily Sha
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.23 (22 Ses)

Täze iş ýere gelenimizde, ol ýerde nähili adamlaryň işleýändigi we olaryň özara gatnaşyklary barada biz birbada bilip bilmeýäris. Käbir adamlar diýseň ýeňillik bilen iş kollektiwine goşulyp, özüni öňden bäri işläp gelýän ýaly alyp barmaga başarýarlar. Olar işgärler bilen basym dil tapyp, goşulyşýarlar. Emma gynansakda, hemme adamlarda beýle aňsat ýakynlaşma endigi duş gelmeýär. Şonuň üçin hem, täze edaranyň gapysyny açanymyzda biziň köpümizi bir sorag alada goýýar "Men nädip gysga wagtyň içinde iş kollektiwine goşulyşyp bilerin?"

Açyklygyň çeni we nämeler barada gürrüňleşme bolmaýar

Ofisiň içinde biz diňe bir işlemän, eýsem işgärler bilen gatnaşyk saklaýarys we ýyllaryň geçmegi bilen dostlaşýarys. Olar köplenç durmuşymyzda bize öwüt-nesihatlar, öz kömegi we gatnaşygy bilen goldaw berýärler. Işdeş ýoldaşlarymyz bilen biz diňe öýlänlik naharynyň we gök çaýyň başynda söhbetdeş bolman, eýsem teatrlara gidip wagtymyzy geçirýäris we mahal-mahal biri-birimizi öz maşgala ojagymyza myhmançylyga hem çagyrýarys. Emma beýle gatnaşyklaryň welisi hem bolýar. Adamlar ýakyndan dostlaşyp, aragatnaşyk açanda öz içki syrlaryny, maşgalada bolup geçýän durmuşy ýagdaýlary, tersleşmedir jedelleri hem aýdyp, iç döküşýärler. Bu bolsa olaryň göýberýän ilkinji ýalňyşlygydyr.

Eger-de öz şahsy durmyşyňyz barada gürrüň bermekçi bolsaňyz, onda gowsy bolup geçen we soňky günde size garşy ulanylyp bolmajak ýagdaýlar, maglumatlar barada gürrüň beriň.

Ýazylmadyk kanuna göra, işgärler bilen jan-saglyk, jynsy gatnaşyklar we syýasat barada gürrüňdeşlik etmeden gaça duruň. Psihologlaryň maslahat bermegine görä, eger bardy-geldi olardan gürrüň açmaga mejbur bolsaňyz hem, maglumatlary ýüzleý beýan etmäge çalşyň.

Şeýle-de, psihologlar iş kollektiwinde sözleşmegiň zerur aýratynlyklarynyň üstünde hem durup geçýärler:

1. Iş kollektiwindäki işgärleriň oý-pikirlerine gulak asyň. Öz pikiriňizi we nukdaýnazaryňyzy üýtgetmezden, işdeşleriňiziň pikirlerini we sözlerini ahyryna çenli diňlemäge hem-de islegiňize garamazdan, biri-biriňiz bilen düşünişmeklige synanşmaga borçlysyňyz.

2. Işdeşleriňiz bilen dostlukly, gadyrly gatnaşyklarda boluň, emma beýle diýmek her bir işgäriň jana-jan dostuna öwrülmekligi aňladýan däldir. Tersine, durmuşyň görkezişi ýaly, işde dost gözleme gaty kyndyr, sebäbi iş bilen bagly dürli ýagdaýlar ýüze çykyp, ýürekdeş dostuňyzyň siziň durmuşy syrlaryňyzy size garşy ulanjagy ikiuçsyz bolup biler.

3. Öz aladalaryňyz, işiňiz bilen boluň we her edýän ädimleriňizi işdeşleriňize aýan etjek bolup howlukmaň. Sizde işiňizi ýitirme gorkusy bolmasa hem, siz baradaky maglumaty siz üçin "ýaramly" bolmadyk görnüşde başlyga ýetirjek işgärleriň tapyljakdygyny ýatda saklaň.

"Ýok" diýmegi we dawadan gaçmagy başarma

Emosiýalaryňyzy, içki duýgularyňyzy gözegçilikde saklaň, emma özüňizi akýürekli we dogruçyl alyp baryň. Elbetde, işde işdeş ýoldaşlaryňa kömek etmek, goldaw bermek wajyp bolup, beýle kärdeşlik raýdaşlygy biri-biriňe bolan ynamlylygy artdyrýar. Ýöne berilýän kömek seniň işiňe we hünärmentlik ösüşiňe hiç hili täsirini ýetirmeli däldir we gözden çykgynç bolmaly däldir. Her bir işgärler toparynda, köp ýyl işläp ýören işgärleriň arasynda (olar özlerini has tanymal we tejribeli saýýarlar) täze işe gelen işgäre buýruk berip, öz işlerini ýüklemegi halaýan işgärler hem az duş gelenok. Bu ýagdaýda hemme hereketler siziň araňyzda dörän aragatnaşyga bagly bolup, haýyşlar barha gaýtalanýan görnüşlere we soňabaka buýruk äheňlere eýe bolsa, asudalyk bilen öz iş ornuňyzy we iş borçlaryňyzy aýdyňlaşdyrmak ýerlikli bolýar.

Ýene bir bellemeli zatlaryň biri. Täze işe gelen badyňyza dawalary, özara düşünişmezlikleri bolan işgärleriň arasyna düşüp, öz pikiriňizi mälim ediji bolmaň ýa-da olaryň biriniň tarapyny tutujy bolmaň. Birinjiden, siz entek olary gowy tanaňzok we olaryň adamkärçilik häsiýetlerine beletçiligiňiz ýok. Ikinjiden, olar biraz wagtdan hökman ýaraşarlar, size garşy bolsa olarda öýke-kine düýgüsy galyp biler.

Täze gelen işgärlere goýbermegi maslahat berilmeýän 10 ýalňyşlyk

1. Özüňizi aýrylama – işgärler bilen gürleşeniňizde käbir jümlelerden ýa-da "Sizde bu nädip kabul edilýär?" ýa-da "Sizde bu näme üçin şeýle çözülýär?" diýen ýaly soraglary bermeden gaça duruň. Sebäbi "men" we "siz" ýaly düşünjeleriň aýdyňlaşdyrylmaklygy işgärleriň arasynda psihologiki "böwedi" döredip biler.

2. Gözilginç bolmak – bu esasan hem işe täze gelýän aýal maşgalalara degişli bolup, olaryň göýberýän ýalňyşy bolýar. Täze işe ilkinji gezek geleniňizde bolşundan beter gymmat we gözilginç geýinmegiň we öte kosmetika serişdelerini ulanmagyň geregi ýokdur. Şeýle etmek bilen siz täze işdeş aýal-gyzlaryň ýigrenjini we bahylçylygyny gazanarsyňyz. Erkek adamlarda gyzyklanma we ýakymly duýgulary döretseňiz hem, özüňiziň "ýeňilkelle" höküminde kabul edilmegiňizi gazanyp bilersiňiz.

3. Çendenaşa ýakynlaşma – käbir işgärler öz arasynda gürleşenlerinde "siz" ýa-da "sen" ýa-da "ýaşuly" diýip biri-birine ýüzlenýärler. Emma siz işe täze geleniňizden "sen" diýip işgärlere ýüzlenjek bolup howlukmaň. Wagty gelip, olaryň özleri isleg bildirende size "sen" diýip ýüzlenmäne rugsat bererler.

4. Iş tertibi ýola salmak – eger-de täze işgär ýolbaşçy ornuna gelýän bolsa, onda işgärler oňa seresaplyk we ynamsyzlyk bilen seredip başlaýarlar. Işgärler toparynyň ynamyny we sylagyny gazanjak bolsaňyz, ilki bilen işiň gidişini synlaň we diňe ondan soň öz teklipleriňizi we düzedişleriňizi giriziň.

5. Öz wagtynda ýerine ýetirilmezlik – täze iş ýeriňizde ilkinji günden başlap daş-töweregiňizdäki adamlara garaman, iş ýeriňize gelmeli iş sagadyňyzdan irräk geljek bolup synanşyň. Sebäbi öz wagtynda ýerine ýetirme häsiýeti we ykjamlyk, bu ýolbaşçylarda täsir döretmegiň möhüm usulydyr.

6. Durmuşyňyzdaky kynçylyklar barada aýdyp bermek – täze işde birinji günlerden kollektiw bilen näçe dostlaşsaňyzam, çagalaryňyzyň jan-saglygy we kynçylyklary, adamyňyz (ýa-da aýalyňyz) bilen dörän dawalar, pulyň ýetmezçiligi ýa-da jaýyňyzyň oňaýsyzlygy barada aýdyp bermäniň geregi ýokdur. Işgärleriň arasynda size rehimi geleni hem bolar, ýöne aýdylanlary siziň şahsy kemçilikleriňiz höküminde gerekli wagty ulanjak hem az bolmaz.

7. Hetdenaşa öwünme – täze işe geleniňizden özüňizi hetdenaşa magtamaň. Sebäbi söhbetdeşlik arkaly ýolbaşçyňyzyň siz barada maglumat ýygnap, sizi işe kabul edendigini hem unutmaň. Şeýle-de, gutaran okuw jaýyňyz, okan ýerleriňiz, öňki işlän ýerleriňizde gazanan sylaglaryňyz barada hem ençeme işgärleriň bahylçylygyny döredip, aýdyp bermegiň geregi ýokdur. Wagty gelende olaryň özleri ol maglumatlary bilerler.

8. Işde saklanma endigi – işden soň hem işde saklanma höwesiňize ýolbaşçylar ýa-da kollektiw tarabyndan ýaramaz garalmaz, emma siz işden giç çykyp öwrenişdireniňizden soň, öz iş tamamlaýan wagtyňyzda işden çykjak bolanyňyzda, hökman her kime düşündiriş bermeli bolarsyňyz.

9. Ylalaşyk meselelerine biperwaýlyk – gynansakda, köp halatlarda ýolbaşçylar işe alanlarynda baglanşylan ylalaşyklary soň bozma bilen bolup, olary unudýarlar. Ylalaşylan şertler bozulyp, siziň işiňize we şahsy ösüşiňize päsgel berýän bolsa, ýolbaşçylary söhbetdeşlige çagyrma zerurdyr. Siziň ýeriňize siziň zähmet kynçylyklaryňyzy hiç him çözmeýär.

10. Meýilleriňi äşgär etmäge howlukma – işe gelen wagtyňdan hünärmenlik ösüşiň baradaky meýilleriňi ýolbaşçylara hem, işdeşleriňe hem aýan etmeden gaça duruň. Wagtyň geçmegi bilen, seniň hünärmenlik başarnygyňy, ukybyňy bilen işdeşleriňe bu meýilleriňi bilme, saňa bolan bahylçylyk duýgusyndan we seni gopbam görme pikirinden azat eder.

Işe gelen ilkinji hepdeleriňizde bu giňden ýaýran ýalňyşlyklardan gaça dursaňyz, täze iş ýeriňizde dostlukly we ynamly gatnaşyklara ýetip, şahsy ösüşleri gazanmaga şert döredersiňiz.

  • 2338 gezek okalan

Teswirler (6)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Şatyk

Täze işe başlanymda başlygyň göwnüni görjek bolup kollektiwiň agzalaryny hol yzdaky orunlarda goýmagym olaryň meni sylamazlygyna özümiň çetleşmegime getirdi. Owalam bir gezegen aýalyň "iliň göwnüni görjek bolup çagalarymy kakalarynada meňzedip...

Täze işe başlanymda başlygyň göwnüni görjek bolup kollektiwiň agzalaryny hol yzdaky orunlarda goýmagym olaryň meni sylamazlygyna özümiň çetleşmegime getirdi. Owalam bir gezegen aýalyň "iliň göwnüni görjek bolup çagalarymy kakalarynada meňzedip bilmedim diýenine" Baraýdy.

Dowamy
 
  1. Tekeli.

Täze kollektiwde, täze işde işe başlanyňda seniň ezenegiňden galdyrmaýan häsiýetlerden ägä bol! Olaryň aýratyn mojuklary: gopbamlyk, öwünjeňlik, gyzmalyk, suwjuklyk, ýöwsellik, aşa mähirlilik we dymmaklyk.

 
  1. Ýigit.

Haýsy işe baraňdada, kollektiw agzalary nähili bolandada, türkmenlede aýdylyşy ýaly gelen ýeriň başlygy we adamlary bilen "jynyň jynkyryşmasa" bolanokda. Käbir ýerde oda-köze düşeniň galaýýar.

 
  1. Meýlis

Şu döwürde ýaşlar edil öz eşikleri ýaly işlerini şeýle bie çalşyrýarlar weli, heý goýaý. Olar işlerini täze kollektiwde gybatdan, şugulçylykdan we birini kemsitmekden başlaýarlar. "Guýma gursak bolmasa, dürtme gursak neýlesin" diýilisem dogrudyr...

Şu döwürde ýaşlar edil öz eşikleri ýaly işlerini şeýle bie çalşyrýarlar weli, heý goýaý. Olar işlerini täze kollektiwde gybatdan, şugulçylykdan we birini kemsitmekden başlaýarlar. "Guýma gursak bolmasa, dürtme gursak neýlesin" diýilisem dogrudyr weli, şl kollektiwde akylly başly başlyk bolmasa ol kollektiwiň dat gününe!

Dowamy
 
  1. Gülruh.

Seniň täze işde işlän 2-3 aýyňda özüňi alyp barmagyň täze kollektiwe kimiň gelenini aýan edip berýär. Şonuň üçin saýtda ýazylanlary jerjaý edip bilsek işiň rowaç boldugy hasap edäý.

 
  1. Musa.

Işdäki gatnaşyklar we kollektiwde özüňi alyp barmagyň aýratynlyklary hakynda saýtda ýazylanlar aýratyn hem häzirki wagtyň ýaşlary üçin diýseň zerur. Sebäbi olaryň köpüsi köne nesliň adatlary ýaly bir ýerde köp işlemän iş ýerlerini damka çöpleri...

Işdäki gatnaşyklar we kollektiwde özüňi alyp barmagyň aýratynlyklary hakynda saýtda ýazylanlar aýratyn hem häzirki wagtyň ýaşlary üçin diýseň zerur. Sebäbi olaryň köpüsi köne nesliň adatlary ýaly bir ýerde köp işlemän iş ýerlerini damka çöpleri mysalynda çalt-çaltdan çalşyrýarlar.

Dowamy
 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location