• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • ITBURUN

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ITBURUN

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.44 (18 Ses)

Itburun (lat. Roza) – bägüller maşgalasyna degişli ýabany ösýän ösümlikleriň bir görnüşidir. Hybrid Musk Roses – itburnuň dekoratiw görnüşidir. Ol ýarym ýalpyldyly galyň ýaprakly, goýy gyzyl ýaş baldajykly bolýar. Miweleri gyzyl reňkli.

Itburnuň Buff Beauty, Felicia we Penelopa görnüşlerini derman hökmünde ulanmaklyk maslahat berilýär. Itburnuň Roza Moýýezi görnüşi Hytaýdan gelip çykandyr. Onuň Geranium atlysy açyk gyzyl gülli we miweli bolup, giňden ulanylýar.

Demirgazyk Amerikada itburnuň Roza görnüşi bar. Ultramontana (dag, tokaý itburny), Roza gymnocarpa (tokaý itburny) Roza californica (kaliforniýa itburny) ýaly görnüşleri hem ösýär. Olar çig mal hökmünde ulanylýar. Ikinji jahan urşy wagtynda britan meýletinleri itburny ýygnamaga gidýän ekenler. Itburun esgerler üçin C witaminiň hazynasydyr. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda "Ýeňiş baglary" atly maksatnamanyň çäginde ýüzlerçe gektar ýerde itburun ösdürip ýetişdirildi. Häzirki döwürde hem itburun tebigylaşyp köpelýär, miwe getirýär. Itburun öz gözelligi bilen hem bellidir. Onuň miweleri düzülen baldajyklary gül bezeglerinde ulanylýar, gül çemenlerini has gelşikli edýär.

Itburun witaminlere baýdyr. Bu ösümlik maý-iýun aýlarynda gülleýär, miweleri sentýabr-oktýabr aýlarynda ýetişýär. Itburnuň miweleri giden bir labaratoriýa deňelýär, saglygyň akkumulýatory hasaplanylýar. Miweleriň düzüminde B, K, P toparynyň witaminleri, karotin, şeker, aşgarlaýjy maddalar, organiki turşulyklar, pektinler, mikroelementler bar. Itburnuyň çigdinde E witamini bardyr. Tebigy poliwitamin miwelerinden taýýarlanylan derman serişdeleri garamükür (singa) keselini, şowakörlügi, dürli witamin ýetmezçiliklerini, ganazlygy, hlorozy, aterosklerozy, gan basyşynyň ýokarlanmasyny, dürli ganakmalary bejermekde ulanylýar.

Itburnuň miwelerini sowuk düşmänkä ýygnaýarlar. Miweleri sähel sowuk ursa-da, ösümligiň dermanlyk täsiri ýitýär. Öý şertlerinde itburnuň miwelerini kagyzyň üstüne goýup, garaňky ýerde guratmaly. Ýöne munuň oňat ýelejiredilýän ýerde edilýändigini unutmaň. Itburnuň miweleri doly gurandan soň, ol agzy jebis ýapylýan gaplarda ýa-da haltajyklarda 2 ýylyň dowamynda saklanylýar. Käte itburnuň gülleri hem adaty usulda guradylýar. Olar deriniň ter we ýumşak bolmagyna haýyr edýär. Itburnuň köklerini güýzde gazyp alýarlar, sowuk suwuň aşagynda ýuwýarlar, kesişdirip kölegede guradýarlar. Köklerde aşgarlaýjy maddalar köp bolany sebäpli, olary berkidiji material hökmünde ulanýarlar.

Itburnuň çigitlerinden alynýan ýagyň düzüminde ýagly turşulyklar we witaminler bardyr. Itburnuň gülýapraklaryndan mürepbe gaýnadylýar, şeýle hem olar efir – ýag önümçiliginde, likýor taýýarlamakda ulanylýar. Itburnuň şekili orta asyr geraldikasynda (gerbleri öwrenýän taryhy ylym) ulanylypdyr. Ol häzirki döwrüň geraldikasynda duş gelýär. Howardyň (1987ý.) aýtmagyna görä, XVIII – XIX asyrlarda itburun it dişlände bejergi üçin ulanylypdyr. Turkiýede "guşburun" ady bilen tanalýar, azerbeýjan, türkmen dilinde bolsa bu ösümlik "itburun" ady bilen bellidir. Itburnuň elliden gowrak görnüşleri bolup, olaryň ählisi deň derejede lukmançylykda ulanylýar.

Itburnuň bary-ýogy birnäçe miwesi adam bedeni üçin 1 gije-gündizlik gerek bolan C witaminini (askorbin turşusyny) üpjün edýär! Bu ajaýyp witamin bize diňe ýokançlygy ýeňmek üçin gerek bolman, eýsem gan basyşy peseltmek, demri özleşdirmek, madda çalşygyny kadalaşdyrmak üçin zerurdyr. Ösümligiň düzümindäki askorbin turşulygy antioksidant hökmünde hyzmat edýär, bedeniň öýjüklerini kislorodyň täsirinden emele gelýän erkin radikallardan goraýar. Itburnuň düzümindäki karotin bedeniň kesellere garşy bolan durnuklylygyny berkidýär, göreçleri goraýar, antioksidant hökmünde ulanylýar. Ajaýyp derman ösümligiň düzümindäki flawonoidler hem bedeni goramakda uly ähmiýete eýedir. Olar damarlaryň ýagdaýyny we ýüregiň işini gowulaşdyrýarlar. Taninler hem itburnuň düzümine girýärler. Olar aşgarlaýjy madda bolup, aşgazan-içege ulgamyndaky zyýanly mikroblar bilen göreşýärler. Içegeleriň kadaly işlemegi üçin, itburundaky iýmit süýmleri (pektinler) hem peýdalydyr. Olar zyýanly metallary we howply bakteriýalary özüne siňdirip bedenden çykarýarlar. Guradylan itburundaky peýdaly maddalaryň sany täze ýygylandakydan iki esse artykdyr.

Goňur itburnuň miweleri iň süýji we peýdaly hasaplanylýar. Olar gyzylymtyl – sary  reňkli, togalak ýa-da biraz süýji görnüşli, suwly, turşumtyl – süýji tagamly bolýar. Itburnuň miwelerini marinada ýatyryp hem iýseň, süýüji bolýar. Guradylmadyk ter itburun miwelerinden marmelad, kisel, pýure taýýarlasa bolýar. Gury görnüşinden – demleme, gaýnatma, çaý taýýarlanylýar. Olar öt çykaryjy, peşew çykaryjy täsire eýe bolup, bagyr, öt halta, böwrek, peşew halta kesellerinde ulanylýar.

Itburun adaty bägüller ýaly, baglarda ösdürilip ýetişdirilýär. Emma bägüllere garanda, itburun ynjyk bolmaýar, oňa seretme has ýeňil bolýar. Olar tebigy köpelip hem bilýär. Itburnuň şahalary ýylda bir gezek gyrkylyp, köneleri aýrylýar (gyşyň ahyrynda ýa-da ýazyň başynda).

Damarlarda gan lagtalarynyň emele gelýän ýagdaýlarynda (trombozlarda, damarlaryň sowuklamalarynda (tromboflebitde) itburny ulanmak maslahat berilmeýär. Aşgazanyň baş keselinde, ýokary gan basyşda, insultda itburnuň ýagyny ýa-da itburnuň miwelerini beýleki derman otlar bilen içmek maslahat berilýär. Şeýle hem itburnuň ýagy bedendäki ýaralara, umuman – deriniň zeperlenen ýerlerine çalnyp ulanylýar. Tropiki baş keselinde hem bu ýag örän peýdalydyr.

Itburun çaýyny az – azdan, arakesmeli içýän adamlaryň kesellere garşy durnuklygy, işe bolan ukyplylygy artýar. Kellagyryda şekeriň deregine itburnuň ekstrakty garylan çaý içilse, örän peýdalydyr.

Bedeniň oňaýsyz ekologiki ýagdaýlara, sanitarepidemiologiki faktorlara garşy göreşmek ukybyny artdyrmak üçin goňur itburundan taýýarlanan çaý içmeli.

Taýýarlanylşy: itburun miweleriniň 1 nahar çemçesini kofeüweýjide üwemeli, 2 bulgur gaýnan suw guýup, 5-10 minut gaýnatmaly, 2-3 sagat goýmaly. Soňra süzüp, ¼ - ½  bulgurdan günde 3-4 gezek içmeli.

Kelle beýnisiniň gan aýlaşygyny gowulandyrmak üçin itburun miweleriniň demlemesi ulanylýar.

Taýýarlanylşy: itburun miweleriniň 20 g ownadyp, üstünden 1 bulgur gaýnan suw guýup, termosda 12 sagadyň dowamynda saklamaly. Soňra süzüp, ½ bulgurdan günde 3 gezek içmeli.

Mikrokardio distrofiýada, ýüregiň kemçiliklerinde itburun miweleriniň gaýnatmasyny içmeli.     

Taýýarlanylşy: itburun miweleriniň 1 nahar çemçesini 1 bulgur suwda 10 minudyň dowamynda gaýnatmaly. Süzeniňizden soň , 1 nahar çemçesi ary balyny garmaly. ½  bulgurdan günde 2-3  gezek içmeli.

Gägirmede, gaýtarmada, ýürekbulanmada maý itburnuň gül ýapraklaryny çeýnemek maslahat berilýär. Mundan başga-da çaý görnüşinde 15-20 minut basyryp, soňra ½ bulgurdan günde 3-4 gezek aşgazan agyrysynda içmeli.

Öt haltasynyň sowuklamasynda itburun güllerini çaý ýaly demläp, 15-20 minutdan soň ½ bulgurdan günde 4 gezek içmeli. Ganazlykda,  horlanmada, operasiýalardan öň we soň itburnuň ter miwelerini köpräk iýmeli. Şeýle hem itburnuň demlemesinden ¼ - ½  bulguryny günde 2-3 gezek içmeli. Itburnuň ýagy içegäniň baş keselinde günde 1 gezek 15 ml mikroklizmalar görnüşinde ulanylýar.

Dowamly sary getirmede, bagyr sowuklamasynda itburun miweleriniň demlemesi peýdalydyr. Demlemäni taýýarlamak üçin 20 gr ownadylan çig malyň üstüne 1 bulgur gaýnan suw guýup, termosda 12 sagatlap goýmaly. Soňra süzüp, ½  bulgurdan günde 3 gezek içmeli.

Inçekeselde, öýken ganakmasynda itburnuň demlemesi hem şeýle usulda içilýär. Burnuň ganakmasynda 20 gram gury önümiň üstüne 1 bulgur gaýnan suw guýup bir gije termosda saklamaly, soňra süzüp içmeli.

Gynansak-da, häzirki döwürde biz itburny ýatdan çykaryp barýarys. Onuň deregine gymmat bahaly, peýdasyz biogoşundylary, witaminleri ulanýarys. Itburny ulanmak bilen biz saglygymyzy dikeldýäriş, keselleriň öňüni alarys. Munuň ähmiýetine düşünmek we ýakynlarymyza düşündirmek saglygyň girewidir!

  • 9566 gezek okalan