• Baş Sahypa
  • Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • BIZ NÄME ÜÇIN ŞÄHERLERE GÖÇÝÄRIS?

BIZ NÄME ÜÇIN ŞÄHERLERE GÖÇÝÄRIS?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (13 Ses)

BMG-nyň 2014-nji ýylda beren hasabatyna görä, bu gün dünýä ilatynyň 54%-i şäherlerde ýaşaýar. Merkezi Aziýanyň 65.5 milliondan gowrak ilatynyň 43.8%-i şäher sebitlerinde ýaşaýarlar. UNDESA-ň çaklamasyna görä, 2050-nji ýyla çenli Merkezi Aziýanyň ilaty 80 milliondan geçip, onuň 55.2%-i şäherlerde ýaşar. Bu ösüşe, ýagny adamlaryň köpçülikleýin şäherlere ýa-da şäher sebitlerine göçmegine, ýaşamagyna we işlemegine urabanizasiýa diýilýär. Şäherler dürli ugurlar boýunça öz mümkinçilikleri bilen, galybersede şäheriň dolandyrylmagy üçin gerekli iş ýerlerini doldurmak üçin ilaty oba ýerlerden özüne çekýär. Adamlaryň şäherlere göçmekleri bolsa, goşmaça lukmançylyk hyzmatlaryna bolan talaplary, islegleri artdyrýar, arassaçylyk, sanitariýa bilen bagly meseleleriň ýuze çykmagyna sebäp bolýar. Bu bolsa öz gezeginde jemgyýetde saglyk bilen bagly kynçylyklary, ýaramaz ýagdaýlary döredýär.

Obalardan şähere: gysga taryhy ýol

Bary-ýogy bir asyr mundan öň hem ilatyň ondan iki bölegi şäherlerde ýaşaýardy. Şäherler gysga wagtyň dowamynda bu kynçylyklary ýeňmek üçin özgermäge mejbur boldular. Urbanizasiýanyň bähbitlerine we kynçylyklaryna düşünmek üçin şäherleriň nähili emele gelenine seretmek gerek.

Adamzadyň taryhynyň ilkinji günlerinde, adamlar awçy-toplaýjy bolup, iýmit gözleginde göçüp-gonup ýörüpdirler. Emma on müň ýyl mundan öň ata-babalar haýwanlary öýdekileşdirmegiň we ekerançylygyň usullaryny öwrenip başlapdyrlar. Taryhda ilkinji gezek, adamlar iýmiti gözläp tapman, ösdürip başladylar, bu bolsa öz gezeginde ýarym-oturumly obalaryň döremegine getirdi. Ýarym-oturymly bolmagynyň sebabi bolsa, obalar topragyň guraklaşmagy üçin her birnäçe ýyldan göçmeli bolupdyrlar. Diňe suwaryş we toprak sürme ýaly usullaryň özgermegi bilen, takmynan bäş müň ýyl mundan öň, durnukly we uzak möhletleýin iýmit üpçünçiliginiň döredilmegi netijesinde doly oturumlylyk mümkin boldy. Täze usullaryň iýmiti artdyryp başlamagy sebäpli, her kimiň ekerançylyk bilen meşgul bolmak zerurlygy aradan aýryldy. Bu bolsa ýöriteleşdirilen söwdanyň ösmegine, yz-ýanam şäherleriň gelip çykmagyna getirdi. Bu ösüşiň dowamy we şäherleriň geljegine degişli TED sapagyny türkmen diline geçirlen subtitrlary bilen görüp bilersiňiz.

Merkezi Aziýadaky urbanizasiýa

Merkezi Aziýanyň şäherlerini Sowet Soýuzy döwründe umumy syýasata laýyklykda gurnapdyrlar. Emma 90-njy ýyllarda garaşsyzlyklaryny alanlaryndan soňra, her döwlet özüçe urbanizasiýa bagly kynçylyklary özbaşdak syýasy we ykdysady ugurlar bilen çözmäge başladylar. Şuňa garamazdan, goňşy döwletler dürli derejelerde bolsa-da, urbanizasiýa bilen bagly esasy kynçylyklar şulardan ybaratdyr:

► Sagdyn ilat köpelmesi we welaýatlarda, obalarda iş mümkinçilikleriň çäkli bolmagy, ilatyň köpçülikleýin şäherlere, galybersede daşary ýurtlara göçmekleri.

► Suw çeşmeleriniň çäkli bolmagy, iýmit we suw üçpjünçiliginiň kynlaşmagy ekerançylygyň hasda ösdürilmegini talap edýär. Ekerançylykda adam sanynyň azlygy bolsa zähmetiň has mehanizasiýalaşdyrylmagyny we täze tehnologiýalary ulanmagy talap etýär.

► Sowet döwrinden galan, möhleti geçen infrastrukturanyň we binalaryň täzelenmegi uly maýalary talap edýär.

► Şäherleriň aralarynyň uzak bolmagy, transportyň gymmat bolmagy, belli bir derejede şäherleri we söwda merkezleri biri-birinden izolirleýär.

Mundan başga-da, şäherlerde saglygy bejeriş mümkinçilikleriniň oba ýerlerine görä köp bolmagyna garamazdan, saglyga zeper ýetiriji faktorlar has hem artýar. Şularyň içine howanyň we suwuň ýaramaz bolmagy, şäher durmuşynyň tizligi we sagdyn iýmitlenmäge wagtyň az bolmagy, şeýle-de ýarym fabrikatlaryň we "fast-food"-yň agdyklygy ýaly sebäpler girýär

Kynçylyklardan çykalgalar

Kynçylyklara garamazdan, şäherler ýitip gitmezler we ösüşlerini dowam ederler. Galybersede, has-da ýaşlar üçin bilim almak, hünärlerini ýokarlandyrmak, hem-de ýaşytdaşlary bilen dynç almak, duşuşmak, dünýä garaýşyny giňeltmek üçin iň oňaýly ýer bolup durýar.

Birnäçe ösen ýurtlardaky şäherleriň tejribelerinden öwrenip, birnäçe ugurlar bilen şäherleriň getirýän ekologiýa we saglyk bilen bagly kynçylyklaryny ýeňip geçip, şäherleriň ösüşini gazanyp bolar:

♦  Infrastrukturany klimatymyza görä ösdürmek;

♦  Jemgyýetçilik transport gatnawyny ösdürmek we elýeterli etmek;

♦  Elýeterli ýaşaýyş öýlerini köpeltmek;

♦  Howa, suw we iýmitiň hilini berk gözegçilikde saklamak;

♦  Lukmançylyk hyzmatlaryny şäherli we şähere başga ýerden göçüp gelen içki migrantlar üçin elýeterli etmek;

♦  Seýilgähleriň, ýaşyl zolaklaryň sanyny köpeltmek.

Elbetde, şulardan daşary, herimiz hem şäherlerimiziň sagdyn ösüşine kömek edip bileris ýa-da azyndan zyýanymyzy azaldyp bileris. Bir-iki köçe aralykdaky dükana pyýada gitmegiňiz saglygyňyz üçin peýdaly hemde ýerine ulanyljak ulaglaryň zyýanly täsirlerini azaldýar. Elbetde her ýerik pyýada ýetip bolmaýar, emma jemgyýetçilik ulaglary bilen ýetip boljak ýerlere öz şahsy ulagyňyzy, galybersede, taksy hyzmatlaryny ulanmagyňyz siziň birinjiden çykdaýjyňyzy azaldýar, şäheriň howasyny bolsa zyýanly maddalardan arassalaýar. Zir-zibilsiz ýaşamak başartmaz, emma zibili köçelere, seýilgählere zyňman, ýörite bellenen ýerlere zyňmak herimiziň edip bilýän zadymyz. Öz saglygy we şäheriniň arassalygy barada gaýgy edýänleriň özleri görelde bolsa, köçe süpürýänlere hormat artar. Suwy ýeterlikli içiň, emmä tygşytly ulanyň.

Esasy düşünmeli zadymyz, her zyňan plastik pakedymyz, her şahsy ulagda geçen kilometrimiz, her boş açyp goýan gyrandymyzdan giden bir litr suwymyz, babaňlaň obasyna dynç alyşa we kömege gitmedik her bir tomusyňyz göniden-göni şäheriňiziň, uzagyndan bolsa ýurdumyzyň arassaçylygyna, ilatynyň saglygyna zeper ýetirýär. Elbetde, raýatyň gullugyndaky döwlet bolsa bu kynçylyklary ýeňmek üçin çykdaýjy çykarmaga sezewar bolýar. Bu çykdaýjylary bolsa keselleri bejermek üçin dälde, adamlaryň saglygyny, keselleriň öňüni almak üçin harç edip bolardy.

Makalanyň awtory: Kemal Körbaýew

  • 1508 gezek okalan

Teswirler (4)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Talyp

Elbetde, her bir ýerde oba ýa-da şäher bolsun, ol ýeriň abadançylygy, ýaşaýan raýatlaryň tagallasyna garaşly bolup durýar. Bu ýerde esasy möhüm zatlaryň biri hem her bir adamynyň arassaçylygy berjaý etmegine garaşly. nuň üçinem rus lukmany...

Elbetde, her bir ýerde oba ýa-da şäher bolsun, ol ýeriň abadançylygy, ýaşaýan raýatlaryň tagallasyna garaşly bolup durýar. Bu ýerde esasy möhüm zatlaryň biri hem her bir adamynyň arassaçylygy berjaý etmegine garaşly. nuň üçinem rus lukmany Semaşkanyň aýdyşy ýaly Arassaçylyk medeniýeti bolmazdan başga medeniýet bolup bilmez" diýeni örän ýerlikli.

Dowamy
 
  1. Tirke

Menä obaly bolsamam birsydyrgyn şähere gidip eklenç etmesem maşgalamy horlajagym göze görnüp dur. Obada dowam edýän ýagdaýlar kadaly durmuş ýörelgesi bilen gitmäge ýol bermeýär. Nähili ýörejek bolsaňam öňüňde garym gazylan ýaly.

 
  1. Artyk.

Obada mellegi bolanlar sähelçe gök onüm üçinem şähere gitmeli bolýarlar. Suwaryş ulgamy birnäçe ýyllaryň dowamynda bozulan obalarda başga hiç hili ýagdaý galmaýar. Şu ýagdaý şeýle dowam edip gidip otursa, şäher ilatynyň sanynyň örän çalt artmagy...

Obada mellegi bolanlar sähelçe gök onüm üçinem şähere gitmeli bolýarlar. Suwaryş ulgamy birnäçe ýyllaryň dowamynda bozulan obalarda başga hiç hili ýagdaý galmaýar. Şu ýagdaý şeýle dowam edip gidip otursa, şäher ilatynyň sanynyň örän çalt artmagy ikiuçsyzdyr.

Dowamy
 
  1. Gyşşy.

Ilatyň içki migrasiýasynyň artmagy obanyň we şäheriň durmuşynyň nähili boljakdygyny açyk takyklar ýaly bolmady. Ýöne onuň oba we şäher üçinem oňat ýa-da ýaramaz ýagdaýlar döretmek ähtimallygy aradan aýrylmaýar. Obalaryň şäher bilen deňleşmegi...

Ilatyň içki migrasiýasynyň artmagy obanyň we şäheriň durmuşynyň nähili boljakdygyny açyk takyklar ýaly bolmady. Ýöne onuň oba we şäher üçinem oňat ýa-da ýaramaz ýagdaýlar döretmek ähtimallygy aradan aýrylmaýar. Obalaryň şäher bilen deňleşmegi olardan hem şäher döremegine getirer we öňki obalara bolan ýatlamak (nastalgiýa) duýgysyny döreder.

Dowamy
 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location