• Home
  • Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • GÜN BIZI NÄME ÜÇIN "URÝAR"?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

GÜN BIZI NÄME ÜÇIN "URÝAR"?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.78 (9 Ses)

Tomus aýlary gün şöhleleri biziň birnäçämizi çoýup, keýpimizi göterse, käbirimiziň saglygyna zyýan ýetirip, "urup" hem bilýär.

Gün urmalar ýylylyk urmanyň aýratyn görnüşi bolup, gün şöhleleriniň gönüden-göni beýnä  täsir etmeginiň netijesinde ýüze çykýar. Beýniniň aşa gyzmagy sebäpli onuň gan damarlary giňäp, beýniniň gan bilen doluşmagy bolup geçýändir. Onuň netijesinde beýniniň çişmegi ýüze çykýar. Uly bolmadyk gan inmeler merkezi nerw ulgamynyň işine şikes ýetirip bilýändir.

Aşakdaky ýagdaýlar gün urmanyň ýüze çykmagyna sebäp bolup biler:

  1. Merkezi nerw ulgamynyň dürli şikeslenmeleri;
  2. Semizlik ýagdaýy;
  3. Serhoş ýa-da çendenaşa dok ýagdaýda günüň aşagynda gezmek;
  4. Günüň aşagynda fiziki zähmet bilen meşgullanmak;
  5. Tomus paslyna görä geýinilmedik ýagdaýynda;
  6. Ýokary temperaturada iýmit we suwuklyk kabul etmeklik düzgüni bozulanda.

Gün urmanyň ilkinji alamatlary, uzak wagt günüň aşagynda bolnandan 2-10 sagatdan soň ýüze çykýar. Ilkibada umumy ysgynsyzlyk, kellagyry, başyň aýlanmagy, arkada we aýakda agyrylar, gulagyň şaňlamagy, gözüň garaňkylamagy ýaly alamatlar döreýär. Gün uran adamyny howa ýetmeýän ýaly duýgy gurşap alýar, ýüregi çalt urup başlaýar, güýçli teşnelik duýýar. Agyr ýagdaýlarda adamyň ýüzi gögerip, dem alşy bir minutda 60-70 gezege ýetýär we adam huşuny ýitirýär. Nerw ulgamynyň zeperlenmegi netijesinde tutgaýlar, samrama, gözüňe zatlaryň görünmegi (gallýusinasiýalar) ýaly ýagdaýlar döräp biler. Bedeniň gyzgynlygy 41-42 Cº çenli ýokarlanýar. Onuň yzysüre adamda dem alşyň we ýüregiň işiniň durmagy ýüze çykyp biler.

Gün urmada ilkinji kömek berlen ýagdaýynda, heläk bolany arassa howa, salkyn ýa-da kölege ýere geçirmelidir. Kellesini beýigräk ýassykda goýup, gysýan eşiklerini çykaryp ýatyrmalydyr. Bedenine sowuk ýapgylary goýmalydyr ýa-da öl düşek daşy bilen dolamalydyr. Maňlaýyna we uly gan damarlarynyň üstüne sowuk suw bilen öllenen mata goýmaly. Bu matany ýyzgy-ýygydan çalşyp durmaly.

Heläk bolan adama mümkin boldugyndan köp mukdarda (2-3 litr) ýörite taýýarlanylan içgini içirmelidir. Muňa öý şertlerinde taýýarlanylan ýa-da minerallaşdyrylan suw degişlidir. Öý şertlerinde bu içgi suwa çaý çemçesiniň ujynda duz we gant garyp taýýarlanylýar. Maý landyşynyň spirte ýatyrylan ergininiň 20-50 damjasyny berse hem bolýar. Heläk bolana naşatyr spirtini hem ysgatmalydyr. Ony etmek üçin, naşatyr spirtiň 1-2 damjasyny pamyk bölejigine damdyryp, 1-1,5 minutlap heläk bolanyň burnundan 5-10 sm daşlykda tutup ysgatmalydyr.

Ýürege zeper ýetmezden, dem alyş saklanan bolsa, haýal etmän "agyzdan-agza" usulyny ulanyp, dem alşy dikeltmelidir. Eger dem alyş bilen bilelikde ýürek urgusy kesilse, janlandyryjy çäreleri doly göwrümde geçirmelidir. Agyrlyk ýagdaýyna garamazdan, heläk bolan adamy ýatyryp, tizden-tiz keselhana äkitmelidir. Wagtynda berlen lukmançylyk kömegi merkezi nerw ulgamynda ýüze çykýan üýtgemeleriň öňüni alyp biler.

Eger Siziň özüňiz gün urmanyň pidasy bolan bolsaňyz, haýal etmän oňaýsyz, gysýan egin-eşikleriňizi çykaryň, maňlaýyňyza sowuk suw bilen öllenen mata ýapyň. Mümkinçilik bar bolsa, mylaýym suwa düşüň.

Tomus aýlary daşyna çykanyňyzda gün urmaz ýaly, kelläňize ýaglyk atyň ýa-da şlýapa geýiň. Saýawandan peýdalanyň. Güne ýanjak bolup, onuň aşagynda ýatmaň. Yssy günleri günüň aşagynda gezmegiňizi azaldyň. Açyk reňkli nah matalardan eşik geýmäge çalşyň. Belli kada-düzgünler berjaý edilende, Günüň öz "dostuňyza" öwrüljekdigini yatdan çykarmaň!

  • 3147 gezek okalan

Teswirler (4)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Gurluşykçy.

Hormatly lukman! Siziň ýazanyňyzy okadym. Bizde örän üns bermeli ýagdaý. Ýöne şol gün urmanyň ýüze çykmagyna sebäp bolýan ýagdaýlarda esasy zadyň biri hem örän yssy wagtda iş möhletini azaltmak peýdaly bolarmyka diýýärin.

 
  1. Ýaran.

Ýiti gün şöhlesine çykmaly däl. Kelläňi ýalaňaç saklaman, suwy köp içmeli.

 
  1. Diş lukmany.

Bizde Türkmenistanda tomus aýlarynda gün şöhlesi örän ýiti bolsa-da açyk howada geçirilýän işler döwlet tarapyndan çäklendirilmeýär. Bu bolsa köp halatlarda gün urýanlaryň sanyny artdyrýar.

 
  1. Oglan.

Köp ýagdaýlarda gün urmasy geleňsizligiň netijesi. Aýratyn hem tomus aýlarynda kelläňi ýapyp gezmeseň 1-2 sagadyň dowamynda ýa-da gün şöhlesi güýçli bolsa ondan hem az wagtda günüň urmagy mümkin.

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location