• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • OLAR BIZIŇ ARAMYZDA ÝAŞAÝAR

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

OLAR BIZIŇ ARAMYZDA ÝAŞAÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.59 (22 Ses)

Her ýylyň 3-nji dekabrynda Maýyplaryň Halkara güni bellenilip geçilýär. Ýöne öz durmuşy, kynçylyklary, islegleri, howsalasy, agyrsy bilen biziň aramyzda ýaşaýan bu adamlar aýratyn düşünmä, kömege, garaýşa mynasyp bolup, olar barada dine şu gün ýatlama adamçylyk jähtinden uly ýalňyşlyk bolardy.

Maýyp – fiziki, akyl ýetirme, duýuş we ruhy taýdan bozulmalary sebäpli jemgyýetde ýaşaýşa ukyplylygy çäklenen adamdyr. Bu bolsa maýyplygyň dürli derejeleri bilen häsiýetlendirilýändir. Günbatarda häzir "maýyp" sözi ulanylmaýar. Şeýle adamlary "mümkinçiligi çäklendirilen adamlar" diýip atlandyrýarlar.

Dogry, häzir maýyp adamlara döwlet tarapyndan maddy we derman serişdeler, ýeňillikli üpjünçilik kömegi berilse hem, bu kömek ýaşaýşyň hilini saklamak, jemgyýetde ýaşamak we öz hukuklaryňy durmuşa geçirmek üçin ýeterlik bolmaýar.

Maýyp çagalar hemişe iýmit önümlerine, egin-eşiklere, oýnawaçlara, şeýle-de olar jemgyýetde deň-duşlary bilen bir hatarda ýaşamagy üpjün edip biljek dikeldiş meýilnamalara mätäçdirler. Häzirki wagtda şeýle meýilnamalaryň sany azlyk edip, bolanlary hem şeýle çagalaryň diňe 2-4%-ne kömek edýändir.

Maýyp çagalar üçin doly bilim alyş meýilnamalary hem hökmandyr. Dogrusy, ýöriteleşdirilen mekdeplerde olara berilýän bilimiň hilini kanagatlanarly hasap edip bolmaýar. Çagalaryň köpüsi okuwdan soň işe ýerleşmäge mümkinçilik hem tapmaýarlar. Şeýle çagalaryň geljegi belli däldir.

Jemgyýetde uýgunlaşma – maýyp adamlaryň durmuşynda döreýän iň uly kynçylyklarynyň biridir. Bu düşünjä adamynyň işjeňliginiň, psihologiki ýagdaýynyň, jemgyýetdäki ornunyň dikeldilmegi degişli edilýändir.

Fiziki, duýuş agzalarynyň (görşüň, eşidişiň bozulmagy) we ruhy taýdan bozulmalary näsagy jemgyýetden üzňe düşürýär, oňa giňişlikde özbaşdak hereket etmäge päsgel berýär.

Mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň iş tapma mümkinçilikleri hem çäklidir. Adatça olar maýyplyk üçin berilýän kömek serişdesi ýa-da ýeterlik bolmadyk iş haky bilen ýaşamaly bolýarlar. Bu bolsa olaryň saglyklaryny dikeltmek üçin sarp edýän derman serişdelerine hem ýetmeýär.

Statistiki maglumatlara görä, işe mätäçlikleriniň sebäbi höküminde birinji orunda maýyplar maddy üpjünçiligi belleseler (70%-e golaý), ikinji orunda jemgyýetiň hakyky agzasy bolmak, üçünji ýerde bolsa özlerinde adam gatnaşyklaryna talabyň uludygyny görkezýärler.

"Maýyp – maýyp däl". Şeýle bölünşik bolmaly däl!

Maýyp adamlary daş-töweregindäki adamlaryň olara bolan gatnaşyklary gyzyklandyrýandyr. Olaryň 1/3 bölegi gatnaşyklarda biperwaýlyk duýýarlar. Biz ýakynymyzda ýaşaýan maýyp adama nähili garaýarys? Biziň köpümiz olary bagtsyz, yzgytsyz, hemme zada müňkürlik edýän adamlar höküminde kabul edýäris. Şonuň üçin hem sag adamlarda duýgudaşlyk bilen bilelikde, gaça durma duýgusy hem döreýär. Ýaş adamlarda maýyplara bolan gatnaşyk has hem kemsidijidir. Olaryň köpüsi olara bilesigelijilik, üstünden gülme häsiýetleri bilen garaýarlar.
Gatnaşyklaryň şeýle negatiw taraplary maýyp adama jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaga mümkinçilik göýmaýar. Şahsy durmuşynda kanagatlylyk tapmadyk maýyp adamyň özüne nebsi agyrýar, daş-töweregindäki adamlara ynamsyz garaýar, olardan uly kömege garaşýar.

Köplenç maýyp adamynyň maşgala gatnaşyklary hem ýaramaz bolýar. Her üçünji näsag maýyplyk alandan soň gatnaşyklaryň üýtgeýändigini belleýär. Maýyp adamlaryň maşgalalarynyň aglaba bölegi özara duýgular bilen döredilmän, ýekelikden halas bolmak maksady bilen özara ylalaşma esasynda döredilýär.

Maýyp çagalarda maşgala döretmek kynçylygy geljekde diňe bir öz fiziki kemislikleri arkaly ýüze çykmaýar. Adatça şeýle çagalaryň ene-atalary olarda ulularyň durmuşyna uýgunlaşma endigini terbiýelemeýärler – ulalma saklanýar, olar psihologiki taýdan ýetişmedik, öz-özlerine ynamsyz bolup galýarlar. Köplenç çagalary maýyp bolan maşgalalar dargaýar, çaga ejesi bilen galýar.

Uly maýyp bolan maşgalalarda hem maddy, idetme, ýaşaýyş kynçylyklary bilen bagly, çözmesi ýeňil bolmadyk meseleler ýüze çykyp, maýyp agzasy bolan her altynjy maşgala bu babatda dartgynlyklara sezewar bolýandyr.

Olar biziň aramyzda ýaşaýar

Mümkinçiligi çäklendirilen adamlar biziň jemgyýetimiziň agzasy bolup, olara jemgyýetçilik dutmuşyna uýgunlaşmaga kömek edip, oňaýly durmuş şertlerini döretmek biziň borjumyzdyr.

Her maýyp adamyň öz ukyplylygy, bir zada zehini bolýar. Her mümkinçiligi çäklendirilen adamynyň bar bolan mümkinçiliklerini açyp, ösdürip jemgyýete ýaramly serişdä öwürmek, olary öz zähmet çekme ukybyna görä iş toparlaryna birleşdirme dogry we peýdaly bolardy. Bu şeýle adamlary özleriniň jemgyýete gerekli, peýdaly duýmaklaryna itergi bererdi.

Maýyp adamlaryň jemgyýetçilik birleşmeleriniň döredilip, ol ýerde olaryň zehinlerini ösdürmek, olaryň özara gatnaşmaklaryna, şahsyýet höküminde ösmeklerine şert dörederdi. Maýyp adamlaryň arasynda hem zehinli suratkeşler, aýdymçylar, ussalar, tikinçiler, şahyrlar, sazandalar, heýkeltaraşlar azlyk etmeýär ahyryn.

Olara mähirli, açyk, jemgyýetiň deň hukukly agzasy höküminde garalmagy, olary özlerini kemli duýma duýgusyndan azat edip, jemgyýetçilik durmuşyna gatyşyp ýaşamagyna kömek eder.

  • 2895 gezek okalan