• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • ŞPILKA ÖKJELI KÖWÜŞLER, KROSSOWKALAR, NÄDOGRY SAÝLANYLAN AÝAKGAPLAR MAÝYPLYK KÜRSÜSINE ELTIP BILÝÄRLER

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ŞPILKA ÖKJELI KÖWÜŞLER, KROSSOWKALAR, NÄDOGRY SAÝLANYLAN AÝAKGAPLAR MAÝYPLYK KÜRSÜSINE ELTIP BILÝÄRLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.86 (7 Ses)

Hünärmenler beýik ökjeli köwüşleriň ýa-da krossowkalaryň nädogry saýlanylan ýa-da  hemişe diňe şolaryň geýlen ýagdaýynyň garrylykda maýyplyga uçradyp bilýändigini belleýärler.

Amatsyz köwüşler garrylyk döwründe çynlakaý kynçylyklaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýarlar. Bu diňe beýik ökjeli köwüşlere däl, eýsem ökjesiz köwüşlere-de degişlidir.

Hünärmenler köwüşleriň nädogry saýlanylyp, aýaklar üçin närahat bolan ýagdaýlarynyň artritiň ýüze çykmagyna sebäp bolýandygyny belleýärler. Lukmanlar  on ýyldan artrit  keseliniň yayramagyndan howatyrlanýarlar.

Amatsyz we ýüzleý saýlanylan köwüşler dabanyň tebigy durkuny üýtgedip bilýär, aýagyň barmaklaryna we dyz bogunlaryna düşýän agramyň artmagyna sebäp bolýar. Bu ýagdaý öz gezeginde osteoartrite eltýär.

Şonuň üçin-de hünärmenler zenanlara burny aýlawly, ökjesi 2-3 sm-den beýik bolmadyk berk ökjeli köwüşleri saýlamagy maslahat berýärler. Beýik ökjeli köwüşleri geýmegi halaýanlar olary günüň dowamynda wagtal-wagtal çykarmalydyr. Şeýle edilende aýaklar rahatlanýarlar.

Hünärmenleriň aýtmagyna görä, ýer ýüzünde ýaşaýan her altynjy adam köwşüniň amatsyzlygyndan ýaňa aýaklarynda agyry duýýar. Lukmanlaryň çaklamalaryna görä bolsa, 2020-nji ýylda osteoartrit maýyplyga eltýän keselleriň arasynda 4-nji orny eýelär.  

Emma hünärmenleri has-da alada goýýan ýagdaýlaryň biri —  ýetginjekleriň döwrebap saýylýan aýakgaplara ýykgyn bolmagydyr.

Göräýmäge amatly ýaly bolsa-da, nädogry saýlanylan aýakgaplar ýetginjegiň dabanlarynyň şekiliniň üýtgemegine sebäp bolup bilýärler. Ýaş nesliň saglygyna haýsy aýakgaplar howp salýarlar? Näme üçin bu ýagdaýdan esasan-da gyzlar zyýan çekýärler?

Kedalar, uggiler, slippiler, baletkalar 30-ýaşdan geçen adamlara nätanyş bolsa-da, ýetginjeklere örän tanyşdyr. Ýetginjekler döwrebap boljak bolup, şeýle aýakgaplaryň ýetirýän zyýany barada pikirlenip-de durmaýarlar — diýip, Beýik Britaniýanyň ortopedler assosiasiýasy belleýär. Olaryň kärdeşleri dermatologlar we çaga lukmanlary hem bu duýduryşlary goldaýarlar. Bu hünärmenleriň aýtmagyna görä, şeýle köwüşler boý alýan ýetginjegiň beden durkunyň nädogry şekil almagyna, deri keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Ine, şeýle döwrebap saýylýan aýakgaplaryň gysgajyk häsiýetnamalary:

Üns beriň: kedalar, baletkalar we uggiler

Baletkalar

Lukmanlar saglyga zyýan ýetirýän köwüşleriň arasynda baletkalaryň birinji orunda durýandyklaryny belleýärler. Muňa diňe baletkalaryň bütinleý ökjesizligi däl, eýsem başga-da kemçilikleriniň bolmagy sebäpdir. Baletkalaryň köpüsiniň ne bagjygy, ne-de rezini bolýar. Aýakgap aýaga baglanmansoň, her edilen ädimde barmaklara agram düşýär. Netije-de, barmaklaryň we bogunlaryň durky üýtgeýär, gabarçaklar emele gelýär, dyzlarda agyry peýda bolýar. Diňe baletkalary geýmegi halaýanlar barmaklarynyň durkunyň üýtgändigi sebäpli soňabaka aýakgap saýlamakda kynçylyklar çekýär.

Uggiler

Bu aýakgap aýaklar üçin ýaramsyzdyr. Olaryň ökjesi bolmaýar, aşagy berk bolmadyk materiallardan edilýär.  Şonuň üçin-de, aýakgabyň aşagy dabanyň basyşyna çydaman, onuň şekilini kabul edýär. Netijede, ýasy dabanlylygyň we aýaklaryň dowamly keselleriniň ýüze çykmagy ahmal.

Kedalar

Kedalaryň esasy ýetmezçiligi — daban galybynyň bolmazlygy. Kedalar bütinleý tekiz bolandyklary üçin, olar ýörelende dabany amortizirlemeýärler. Şonuň üçin-de, her edilen ädim dabana maýdaja şikeşleri ýetirýär.  Diňe kedalary geýmegi halaýanlar şuny bilmelidirler: kedalar geýlende göwräniň agramy dabana deň derejede düşmeýär. Bu bolsa aýaklaryň durkunyň üýtgemegine we agyrylaryň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

 

 

Ullanylan WEB Salgy

  • 8101 gezek okalan