• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • SUW – ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SUW – ÝAŞAÝŞYŇ GÖZBAŞY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.38 (16 Ses)

Suw iň bir adaty, şol bir wagtyň özünde hem iň syrly düşünje. Suw ähli janly – jandaryň ýaşaýşynyň esasydyr.  Adamyň ýaşaýşyny suwsuz göz öňüne getirmek kyn. Suw we onuň adam bedeni üçin peýdasy örän uludyr.

Hiç bir içgi suwuň ornuny tutup bilmez.

Munuň sebäbi nämede?

Gaýnadylmadyk suwuň pH derejesiniň görkezijisi 7,45 deňdir. Ol ganyň gowşak aşgarlaýjy täsirine golaýdyr.

Deňeşdirmek üçin gök çaýy alyp göreliň. Onuň pH görkezijisi 6-5 barabardyr. Kolanyňky bolsa 2-3-e golaý. Diýmek, biz suwuň deregine diňe gök çaý ýa-da kola içsek, ganymyzyň düzümindäki gan öýjükleriniň himiki düzümi üýtgeýär. Elbetde çaýyň peýdasy hem az däl, emma ony suwa derek içmek maslahat berilmeýär. Adamyň ýaşaýşy üçin günde suw içmek zerurdyr.

Sagdyn bolmak üçin näçeräk suw içmeli?

Bu barada hem dürli pikirler bar. Lukmanlaryň pikirine görä adamyň 1 kg agramyna – 30 ml suw ýetmeli. Netijede, günde 2-3 litr arassa suw içmeli. Bu bolsa biziň "üzümden kişmişe öwrülmegimiziň" öňüni alar. Suwuň 150 millilitrini 10 minudyň dowamynda içmeli. Şeýle edilende, suw bedenimizde doly özleşdirýärler.

Bedenimize barýan suw azalsa, ol gurap başlaýar. Gan goýalýar we dokumalaryň kislorod we ýokumly madda bilen üpjün edilmegine ýaramaz täsir ýetýär. Adam horlanyp başlaýar, onuň işjeňligi peselýär, ol suwsaýar. Şol wagt suwsuzlygy gandyrmasaňyz, saglyk bilen bagly dürli kynçylyklar ýüze çykar.

Aşa köp suw içmegiň hem zyýany bar. Ýürege we böwrege agram düşýär, sebäbi damarlarda aýlanýan we böwreklerden arassalanyp geçýän ganyň möçberi artýar.

Semiz adam suwuň kömegi bilen horlanyp bilermi?

Suwuň düzüminde kaloriýalanyň ýoklugy sebäpli, ony näçe içseň-de, semremeýärsiň hem-de aşgazanyň dolanlygy sebäpli hiç zat iýesiň gelmeýär diýen pikir bar. Gynansak-da, bedeni "aldap" bolmaýar. Emma şonda-da semizlige garşy ulanylýan berhizleriň aýrylmaz bölegi suwdur. Ony oýlanyşykly ulanmaly. Ajygyp başlanyňyzda, birnäçe owurt suw içiň. Berhiziň islendik görnüşlerinde suw zerurdyr, sebäbi ol bedenimizden alyş-çalyş işiniň netijesinde döreýän galyndylary çykarýar. Berhizde beloklar köp bolsa, onda suwy has köp içmeli bolýar, sebäpli beloklar bedeni suwa mätäç edýärler we böwreklere agram salýarlar.

Suw içenimizde, ol aşgazana we içegelere düşüp, iýmit özleşdirýän şireleriň bölünip çykmagyna ýardam berýär. Netijede, adam ajygyp başlaýar. Hut şol sebäpli lukmanlar nahardan 1.5-2 sagat öň suwy we beýleki içgileri içmegi maslahat berýärler. Munuň sebäbi bolsa naharlanmanyň yz ýany suwuklyk  içilse, onuň iýmiti wagtyndan öň oniki barmak içegä düşürýänligindedir. Bu iýmitiň özleşdirmegine ýaramaz täsir edýär.

Suw – bedeniň gurluşyk materialy

Uly adamyň bedeniniň 65% suw tutýar. Adamyň ýaşy ulalsa, onuň bedenindäki suw hem azalýar. Gartaşan adamlaryň bedeninde 57%, bäbeklerde – 75-80% suw bolýar. Bedeniňiziň dürli agzalarynda we dokumalarynda suw dürli möçberde bolýar. Suwuň iň köp bölegi myşsa dokumalaryndadyr. Ikinji ýerde – süňk dokumlary. Suwuň iň az bölegi ganda bolýar.

Suwuň hili

Suwuň düzümine adama gerekli maddalaryň köpüsi girýär: kalsiý, magniý, natriý, kaliý. Kaliý ýürek myşsalarynyň işjeňligini, nerw geçirijiligi artdyrýar. Kalsiý süňkleri we dişleri berkidýär. Magniý myşsalaryň we nerw dartgynlyklarynyň gowşamagyna ýardam berýär. Bu maddalara mineral suw has baýdyr. Satuwa çykarylmazdan öň, mineral suwy düýpli barlaglardan geçýär. Çeşme suwy hem minerallara baýdyr .

Gynansak-da, öýlerimizde kranlardan akýan suwuň hili, esasan hem uly şäherlerde arassalanmaga mätäç bolýar. Köplenç adamlar çüýşelerdäki taýýar arassa suwy satyn alýarlar ýa-da suw arassalaýjy süzüjilerden peýdalanýarlar. Dokumalaryň we öýjükleriň gurluşygynda ýokary hilli we arassa suw ulanylmalydyr.

Suwuň arassalygy we hili barada aýdylanda, doňy çözülen (ergin) suwuň aýratyn häsiýetlerini bellemek gerek. Alymlaryň aýtmagyna görä, ergin suwuň düzüminde dürli garyndylar, şol sanda izotop molekulalar has azdyr. Tebipçilikde şeýle suw fiziki işjeňligi artdyrmak üçin hem ulanylýar.

Meýdanlarda gar eräp başlanda, mallar ergin suwy içýärler we kesellemeýärler. Ergin suw siňen meýdanlar ýokary hasylly bolýarlar. Ergin suwy içýän dag ýaşaýjylary uzak ýaşaýrlar. Ergin suwy doňy çözülen badyna içmeli, oňa hiç zat garmaly däl.

Alymlar arasynda  suwuň maglumat arassalygy barada hem az gürrüň edilmeýär. Olaryň pikirine görä, suw töweregindäki bolup geçýän hadysalary maglumat hökmünde özüne çekýär. Ýapon barlag geçirijisi  Masaru Emoto suwuň dürli täsirlere (saz, sözler, şekiller) sezewar bolanda üýtgeýşini görkezmegi başardy. Ýakymly şekillerden, sözlerden, sazlardan suwuň kristallary has aýdyň we owadan görünýärdi. Emma hapa, ýakymsyz zatlaryň täsirinden suwuň kristallary hem owadanlygyny ýitirýärdi.

Netijede, suw arassalanan we içilmäge taýýar bolansoň, ol nämä  peýda edýär?

  1. Suw derini çyglandyrýar.
  2. Böwrekler bedeniň tebigy süzüjisi. Emma şonuň hem has netijeli, sazlaşykly işlemegi üçin arassalanan suw zerurdyr. Suw oýlanyşykly ulanylsa, bedenden gerekmejek galyndylary we zäherli maddalary çykarýar.
  3. Günüň dowamynda 5 bulgur suwuň içilmegi infarktyň töwekgelligini azaldýar.
  4. Suw – bogunlaryň tebigy çalgysydyr. Ol ýetmezçilik edende, damarlar çekýär.
  5. Suw iýmitiň özleşdirilmegine ýardam berýär. Ol diňe bir "galyndylary" bedenden çykarmak bilen çäklenmän, eýsem aşgazan – içege ulgamynda bolup geçýän himiki özgerişliklere gatnaşýar.
  6. Bedeniň gyzgynyna hem suw täsir edýär.
  7. Käte biz ajygýandyrys diýip pikir edenimizde, suw içmeli. Ol bizi agyr agşamlyk naharyndan hem "halas" eder. 

Suwuň ähmiýetlidigini subut etmek üçin, bir waka bilen tanyş bolalyň:

Häzirki döwürde dünýä belli amerikan lukmany (gelip çykyşy - Eýranly) Fereýdun Batmandhelidž näsaglary bejerende, dermanlardan ýüz öwrüp, olara belli tertipde suw içmegi maslahat berýär. Hut şol sebäpli, ol Eýranda tussag edilýär, hatda oňa ölüm jezasy hem bellenilýär. Gözenegiň aňyrsynda ýesirlikde ol iki ýarym ýylyň içinde tussagdaşlarynyň 3 müň sanysyny suw bilen dürli kesellerden bejerýär. Elbetde, lukmany tussaglykdan boşadýarlar we ony aklaýarlar. Emma Fereýdun Batmanghelidž hakyky lukman we alym hökmünde  barlaglaryň netijesini bilmek üçin  türmede  ýene-de  4 aýlyk galýar. Netijede, ol keselleriň  dartgynlyklar  we bedeniň suwsuzlanmagy bilen gönüden-göni baglydygyny subut edýär.

Adamyň ýaşaýyş sagdynlygy üçin suw örän peýdalydyr. Arassa suw içiň! Janyňyz sag bolsun!

Ulanylan WEB Salgy

  • 8347 gezek okalan