• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • ANTIBIOTIKLER: DERMANNAMA GEREKMI ÝA HÖKMÄN DÄL?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ANTIBIOTIKLER: DERMANNAMA GEREKMI ÝA HÖKMÄN DÄL?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

antibiotikler dermannamaHormatly okyjymyz, 2019-njy ýylyň aprel aýynda şeýle habar çykdy:

Trend News Agency: Apreliň 1-nden başlap, Türkmenistanda hususy dermanhanalara antibiotikleri satmak gadagan ediler. Ilat gerek dermanlaryny döwlet dermanhanalaryndan alyp biler. Antibiotikleri import etmek üçin hususy dermanhanalaryň şertnamalary indi hasaba alynmaýar. Galyndy dermanlar satylyp gutarylandan soňra, islendik antibiotigi lukmanyň dermannamasy bilen satyn alyp bolar.

2019-njy ýylyň iýulynda bolsa şu habar çykdy:

SNG.fm: Iýulyň 1-nden başlap, Türkmenistan üçünji nesil antibiotikleriň dermannamasyz satuwyny gadagan eder. Saglyk Ministrliginiň bu düzgüni girizmesiniň maksady raýatlaryň antibiotikleri lukmandan maslahatsyz ulanmaklary netijesinde saglyklaryna ýetýän zyýany azaltmakdyr. Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş we Derman Senagaty Ministrligi 2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Buýruk N.127 çykardy. Bu buýrukda sefotaksim, sefriakson, sefoperazon, seftazidim, sefiksim we seftibuten ýaly derman serişdeleri agzalyp geçilýär.

2017-nji ýylda Türkmenistan antibiotikleri dogry ulanmagyň bütindünýä hepdeligini geçirdi we 2017-2025-nji ýyllar aralygy üçin mikroblaryň antibiotik serişdelerine bolan durnuklylygynyň ösüşine garşy göreşmek baradaky Milli Maksatnama gol çekdi. Ýurtda bu ugurda ýetilen ösüşler bellenildi we Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş we Derman Senagaty Ministrligi belli antibiotikleri diňe lukmanyň dermannamasy esasynda goýbermäge gol çekdi.

BSG (WHO) antibiotikler barada informasion işleri alyp barýar we şeýle belleýär:

↪ Mikroblaryň antibiotik serişdelerine bolar durnuklylygy häzirki wagtda adam saglygyna, iýmit howpsuzlygyna we ösüşe çynlakaý howp salýar.

↪ Mikroblaryň antibiotik serişdelerine bolan durnuklylygy islendik adama, islendik ýaşda we islendik ýurtda täsir edip bilýär.

↪ Antibiotiklere bolan durnuklylyk tebigy hadysa bolsa-da, adamlaryň antibiotikleri nädogry ulanmagy we şol sanda haýwanlarada nädogry berilmegi antibiotik serişdelerine bolan durnuklylygy güýçlendirýär.

↪ Antibiotikleriň täsiriniň peselmegi sebäpli keselleriň has köp görnüşlerini – meselem, öýken sowuklamasy, inçekesel, sözenek we salmonneloz – bejermek barha kynlaşýar.

↪ Antibiotik serişdelerine bolan durnuklylyk uzagyndan bejergi wagtynyň uzamagyna, bejergi çykdajylarynyň artmagyna, hatda ölüme hem eltip bilýär.

BSG-nyň çykaran hasabatynda mikroblara garşy göreşmek üçin oýlap tapylýan täze antibiotikleriň ýetmezçilik edýändigi bellenilýär.

Biz näme öwrendik?

Iýul aýynda biz okyjylarymyzdan şeýle maglumat aldyk: Okyjylarymyz Aşgabatda 4 sany hususy, 3 sany döwlet dermanhanalaryna baryp, olardan penisillin, ampisillin, gentamisin, sefrazolin, seftriakson we seframed sorapdyrlar. Diňe döwlet dermanhanalarynyň birinde olara seftriakson almak üçin lukmanyň dermannamasyny görkezmelidigini, beýleki dermanlary bolsa dermannamasyz alyp bolýandygyny aýdypdyrlar.

Sen antibiotikleriň diňe dermannama (resept) bilen berilmegini goldaýarmyň? Antibiotikler bilen baglanyşykly nähili wakalary başdan geçirip gördüň? Olary dermannamasyz satyn alyp gördüňmi, haýsy dermanhanadan?

  • 2153 gezek okalan