• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • PORNO HAKYNDA KELAM AGYZ

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

PORNO HAKYNDA KELAM AGYZ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.22 (9 Ses)

porno hakyndaPornografiýa (gepleşik dilinde "porno" hem diýilýär) – adamda jynsy gyjynmany oýarmak maksady bilen döredilen, jynsy gatnaşyklara degişli temalary öz içine alýan kitap, žurnal, kino we wideo görnüşindäki islendik material bolup bilýär. Çagalary öz içine alýan islendik pornografiýa bikanundyr we ýalňyşdyr.

Gündelik durmuşda internede bolan talabyň artmagy bilen, porn hem çalt ýaýrap başlady. Pornuň şeýle giňden ýaýramagy adamlara we olaryň gatnaşyklaryna nähili täsir edýär? Bu zyýansyz güýmenjemi ýa-da howply baglylykmy? Şu soraglara jogap gözleýän ylmy işler henizem dowam edýär.

Alymlar üçin pornografiýany aşa köp görmäni ylmy we lukmançylyk tarapdan "baglylyk" hasaplamak henizem çözülmedik mesele bolup galýar. Pornografiýa bolan baglylyk saglyk näsazlyklarynyň hataryna girmeýär. Emma, ylmy barlaglaryň aglabasy porny aşa köp görmek baglylykdan habar berip biler diýip aýdýarlar.

Käbir hünärmenler pornografiýany köp görýän adamlaryň beýni hereketleri neşe serişdelerine bagly adamlaryňka meňzeş (beýniniň sylaglanmak, höweslendirilmek we ýatlamak bilen baglanyşykly bölümleri işjeňleşýär) diýip belleýärler. Hemem, käbir porn tomaşaçylarynda baglylygyň aşaky alamatlary ýüze çykýar:

↪ Pornosuz uzak wagtlap gezip bilmezlik;

↪ Hereketleriňe erk edip bilmezlik;

↪ Sylaglanmak höwesiniň möwjemegi;

↪ Bu endik sebäpli adamlar bilen gatnaşyklaryňda döreýän kynçylyklary görüp bilmezlik.

Muňa garamazdan, pornografiýa görmegi endik edinenler has çynlakaý we bejergi talap edýän kynçylyklara uçrap bilýärler.

Pornuň döredýän kynçylyklary

Pornografiýany ýygy görýän adamlarda jynsy gatnaşyklara isleg çogup durýar. Olar özlerini birahat duýanlarynda pornodan rahatlyk gözleýärler. Olaryň işdäki we öýdäki durmuşlary hem kynlaşýar. Käbir hünärmenleriň aýtmagyna görä, porno görmäge endik etmek adamlar bilen gatnaşyklaryňdan närazylygyň arasynda berk baglanyşyk bar.

Porno endigine haçan "aşa köp" ýa-da "çäkden çykma" diýip bolýandygy barada dürli-dürli pikirler bar. Ýöne hünärmenleriň agramly böleginiň bellemegine görä, eger bu endik gündelik durmuşyň bilen garjaşýan bolsa, onda seniň “aşa köp” porno görýän bolmagyň mümkin. Meselem, eger-de:

↪ Sen lezzet alýan işleriňi pornografiýa görmek üçin taşlap bilýän bolsaň.

↪ Seň üçin jynsy gatnaşyklaryň gyzygy gaçyp başlasa.

↪ Adamlar bilen wagt geçirmegiň gyzygy gaçyp başlasa.

Pornografiýa jynsy terbiýäniň ýerini tutup bilmeýär. Çünki onda köplenç hakyky durmuşdaky gatnaşyklar görkezilmeýär. Pornda zulumyň ulanylmagy bolsa, aýallaryň we erkekleriň ikisiniňem mertebesini peseldýär.

Pornografiýa endikleri sebäpli kösençlik çekýänler kömek gözlemekden çekinmeli däl. Olar öz maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, psihoterapewte ýüz tutup bilerler.

  • 2230 gezek okalan