• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • PORNO: GADAGANÇYLYKMY ÝA-DA DÖWREBAP DÜŞÜNDIRIŞ?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

PORNO: GADAGANÇYLYKMY ÝA-DA DÖWREBAP DÜŞÜNDIRIŞ?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

porno gadagancylyk25-30 iýun aralygynda Saglyk social mediada okyjylara şeýle sorag berip ýüzlendi: Seň pikiriňçe Türkmenistanly ýetginjekleriň (13-19 ýaş) näçe göterimi porno wideo, surat, kinolaryny görýär? Okyjylar şeýle jogaplary saýlap bildiler: 10%, 25%, 50%, 75%.

Her aýda Saglyk ýaşlaryň durmuşyna täsir edýän meseleler babatda ses berilşik gurnaýar. Bu ses berilşik ylmy taýdan ses berme bolman, jemgyýetimizde statistika esaslanan pikir alyşma medeniýetini ösdürmek üçin niýetlenen. Ses berme her maşgalanyň durmuşyna täsir edýän meseleler barada her okyjynyň ses berip pikir beýan edip bilýandigini, statistiki maglumatlar jemgyýet agzasynyň şeýle isjeň gatnaşygynda peýda bolýandygyny okyja ýetirmek maklsatlary bilen gurnalýar.

Saglygyň Twitter, Instagram, VK ses beren (63+15+100) okyjylaryň 65 göterimi 75% türkmenistanly ýetginjekleriň porno şekilleri içine aýan materiallary (wideo surat, kino) görýär diýip ses beripdirler. Bu meselä degişli gaty kän soraglar we garaýyşlar bar. Türkmenistanly synçylar, bilermen mugallymlar, lukmanlar: "Mekdeplerde döwrebap ylmy bilimiň ýetmezçiligi pornografiýany – jynsy terbiýaniň ýeke-täk çesmesine öwürdi" diýip belleýärler. Olaryň arasynda 9-11 ýaşdaky çagalaryň ene-atasyndan bukulup şeýle şekillere seredýändigini belleýänler hem az däl.

Türkmen maşgalasynda, mekdeplerde bu barada nähili döwrebap bilim usullary ulanylýar? Lukmançylyk, bilim ulgamynda işleýän terbiýeçiler, mugallymlar we çaga, ýetginjek lukmanlary bu meselede nähili pozisiýany eýeleýärler? Eýsem, 21-nji asyrda pornografiýany gadagan edip bolýarmy ýada onuň zyýany seljeriip ýaşlara, ene-atalara açyk düşündirilmelimi? Eger pornografiýa jynsy meselede maglumat beriji serişde höküminde hasaplanyp seredilýän bolsa, biz onuň ýerine jynsy terbiýe berme soragynda nämelerden ugur alyp bileris?

Şu barada öz pikirleriňizi we garaýyşlaryňyzy beýan etseňiz biziň okyjylarymyz we Saglyk üçin örän peýdaly bolardy.

  • 372 gezek okalan

Teswirler (2)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Porna (seks kinolar, yalanac wideolar) goryan adamlaryñ ugurtapyjylygyny we ukybyny peseltyar, Añyny alÿar we yalta nalajedeyin adam edip goyyar. Esasanam yaslara bu oran zyyanly bolup olary tök önelgesiz, ujytlaryny turmayan etyar. Alymlaryn we...

Porna (seks kinolar, yalanac wideolar) goryan adamlaryñ ugurtapyjylygyny we ukybyny peseltyar, Añyny alÿar we yalta nalajedeyin adam edip goyyar. Esasanam yaslara bu oran zyyanly bolup olary tök önelgesiz, ujytlaryny turmayan etyar. Alymlaryn we tejribeli seksolag we psiholag lukmanlaryn aydysy yaly Porno (seks) wideolar we suratlar uly, kiçi ya-da gyz-oglan tapawudy yok hemme adamlarada gaty erbet zyÿanly täsir edyar.

Dowamy
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Pornanyñ zyyany
1)śeyle hapa wideolary goryanlerin immunitedi pes bolup olara durli keseller yenil yokusyp bilyar, olaryń jynsy hyjywy ir peselip, wagtyndan on garrayarlar, yasaysa ukyplary peselyar;
2) Shol porna wideolary goryan oglanlar...

Pornanyñ zyyany
1)śeyle hapa wideolary goryanlerin immunitedi pes bolup olara durli keseller yenil yokusyp bilyar, olaryń jynsy hyjywy ir peselip, wagtyndan on garrayarlar, yasaysa ukyplary peselyar;
2) Shol porna wideolary goryan oglanlar uzagyndan jynsy nasazlyklar we psihiki uytgemeler zerarly önelgesiz (tök) bolyarlar!;Olaryñ ujydy turanok!
3) Mundan basgada shol porna videolary goryanlerin ysgyny, guÿji pes ejiz bolyarlar! Oglanlaryn dogumlylygy peselip gyz yaly hasiÿetde nalajedeyin bolyar.
4) Olaryñ pikirlenishi, akyly we ugurtapyjylygy gun-gunden peselip baśarnyksyz gowśak adam bolup galyarlar.
Hormatly okyjylar shu yazylanlaryn ahlisi guycli ylmy edaralarda alymlar tarapyndan owrenilen we dogrudygy tassyklanan maglumatlar. Shonun uçin śeyle hapa wideolary (porna, sex, erotika) el telefonlarynyzdan, kompyuterlerinizden pozuñ, olary görmekden gaça duruñ!

Dowamy
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location