• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • HOWANYŇ ÜÝTGEMEGINE DUÝGURLYLYK BILEN NÄHILI GÖREŞMELI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

HOWANYŇ ÜÝTGEMEGINE DUÝGURLYLYK BILEN NÄHILI GÖREŞMELI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.64 (11 Ses)

Howanyň üýtgemegi her adama dürli-dürli täsir edip bilýändir. Kim güneşli güni halasa, başgalary ýagyşly howany gowy görýärler. Howanyň we klimatyň üýtgemeginiň adam saglygyna ýetirýän täsiri barada maglumatlar gadymy wagtlardan bäri bellidir.

Gadymy hytaý golýazmalarynda: "Bogunlardaky agyry ýagyş ýagyp, güýçli ýel turanda beterleşýär..." diýip, keseliň döremeginiň howa üýtgemelerine baglydygyny belläpdirler.

Alym Paraselsiň bellemegine görä bolsa, "kim ýeliň, günüň, ýyldyrym çakmanyň bedene täsirini öwrenen bolsa, ol keselleriň gelip çykyşyny hem bilýändir".

Howanyň üýtgemegini haýwanlar hem duýýarlar. Ýagyş ýagmagyň öňüsyrasynda guşlar saýramagyny bes edýärler. Atlar bolsa biynjalyk bolup kişňäp başlaýarlar. Sowuk düşmegiň öň ýanynda pişikler we itler ýyly ýer gözlenip, düýrlenip ýatýandyrlar.

Howa şertleriň üýtgemegine duýgur adamlaryň sany ýylsaýyn köpelýär. Onuň ýaly häsiýetli adamlara meteopatlar (meteo-howa, klimat, patiýa-näsazlyk) diýilýär.

Soňky ýyllarda üýtgemeler diňe gartaşan adamlary biynjalyk etmän, ýaşlara hem täsirini ýetirýär.

Ilatyň uly ýaşly böleginiň 35-40%-de howanyň üýtgemegi saglyk kynçylykaryny döredip bilýändir.

Erkeklere garanyňda howa üýtgemesine aýallar has hem duýgurdyr. Howanyň ynjyklygyny akyl zähmeti bilen meşgullanýan adamlar has hem agyr geçirýärler.

Ýeri gelende aýtsak, nemes filosofy Gýote, kompozitor Wagner, fransuz akyldary Wolter hem mereopatlara degişli bolupdyrlar.

Oba ýaşaýjylary bilen deňeşdirlende, şäher ýaşaýjylarynyň içinde meteopatlar has ýygy duş gelýändir.

Alymlaryň bellemegine görä, adamlaryň klimata duýgurlylygy uky arteriýasyndaky basyş bilen baglanyşyklydyr. Damarlardaky basyş peselende, gan basyşynyň peselmeginiň öňüni almak maksady bilen, oňurga ýiliginden beýnä habarlar baryp ýetýär. Goşmaça mehanizmleriň kömegi bilen, gan aýlanyşygyň doly kesilmeginiň öňi alynýar. Ýöne bu üýtgeme bedeniň umumy ýagdaýynyň üýtgemegine getirip bilýändir.

Başga bir bar bolan pikire görä, howa üýtgemeleri bedeniň öýjük germewlerine täsirini ýetirip, alyş-çalyş ýagdaýlaryny güýçlendirýär. Bu ýagdaý "gomotoksinler" diýip atlandyrylýan maddany emele getirip, bedeniň kadaly ýagdaýyny üýtgedip bilýändir. Dowamly keselleri bolan ýa-da bedeniň kesellere garşylygy pes adamlarda bu üýtgemeler aýdyň görünýär.

Howanyň temperaturasynyň çalt-çaltdan üýtgäp durmagy – 27-28 Cº bolup, 39-40 Cº galmagy, birnäçe günden ýene peselmegi, öýjüklerden gistaminiň çykmagyna sebäp bolýar. Bu bolsa dürli allergiki täsirleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Temperaturanyň üýtgemegi demi gysmaly näsaglarda tutgaýlaryň başlanmagyny ýüze çykaryp biler.

Atmosfera basyşy  75 mm simap sütüne barabar bolanda, adam özüni oňaýly duýýandyr. Bir gije-gündizde basyşyň 7-8 mm simap sütünine çenli peselmegi, adamda ýaramaz duýgulary döredip biler.

Atmosferada kislorodyň azalmagy sebäpli, dem alyş we ýürek-damar ulgamyna agram düşýär. Bu agzalarda ýetmezçilikleri bolan adamlarda kislorod ýetmezçiliginiň alamatlary -  gowşaklyk, demi gysma, howa ýetmeýän ýaly duýgular döräp biler.

Atmosfera basyşynyň üýtgemegi ýokary çyglylyk bilen utgaşanda, ýokardaky alamatlar has hem aýdyň ýüze çykyp biler. Şonuň üçin hem, basyşyň aşaklanmagy we ýagşyň ýagmagy gan basyşy ýokary, infarkt geçiren, tutgaýly ýürek agyryly näsaglara saglygyna has hem üns bermäge esas döredýändir.

Adamda sowuga ýa-da yssa ýokary duýgurlylyk, dümew degende, aýbaşydan galma döwründe, ýokanç keseller bilen kesellän wagtynda, nerw dartgynlylyk we gamgynlylyk ýagdaýlarynda ýokarlanyp biler.

Eger howanyň çyglylygy 85% we ondan hem ýokary bolanda, ýiti respirator keselleriň ýüze çykmagy we böwregiň hem-de bogunlaryň keselleriniň beterleşmegi ýüze çykyp biler. Köplenç bu ýagdaý köçäniň çygly howasy bilen öýüň gury howasynyň tapawutlylygynda döräp biler.

Halk arasynda gün işjeňliginiň ýokarlanýan günleri "magnit tupanlary" diýip atlandyrylýar. Şol günler damarlardan ganyň haýallyk bilen akýanlygy sebäpli, bedende kislorod ýetmezçiligi döräp biler. Magnit tupanlary ýürek-damar, nerw, dem alyş ulgamynyň işine täsir edip, ganyň lagtalanmasyny üýtgedip bilýändir. Aterosklerozly näsaglarda gan goýalyp, lagtalanma ýokarlansa, tersine, sag adamlarda gan akmalaryň döremegini köpeldip biler. Ondan başga-da, çişginlilik hem ýüze çykyp biler.

Gan basyşynyň ýokarlanmagy netijesinde beýnä gan inmeleriň we infarktlaryň 70%-i, ýeriň geomagnit meýdanynyň üýtgeýän döwrüne düşýändir.                                                                                                                                                      

Alamatlaryň ýüze çykyş ýagdaýyna görä, alymlar howa üýtgemelerine duýgurlylyk ýagdaýlarynyň 3 derejesini tapawutlandyrýarlar:

  • Ýeňil dereje – howanyň birden üýtgemegi netijesinde, aýdyň ýüze çykmaýan üýtgemeleriň döremegi bolup biler. Adamda gowşaklyk, ukusyzlyk ýagdaýy ýüze çyksa-da, lukmançylyk barlaglary bedende düýpli üýtgemeleri anyklamaýar.
  • Orta dereje-barlaglar ýürek-damar ulgamynyň işiniň üýtgemelerini, gan basyşyň ýokarlanmagyny, aşgazanyň we oniki barmak içegäniň alawlama hem-de baş keselleriniň beterlemegini ýüze çykaryp biler.
  • Agyr dereje – keselleriň agyr geçýän görnüşleri bolan näsaglarda duş gelýär.

Alamatlaryna görä 4 görnüşe bölünýändir:

  1. Ýürek görnüşi – ýürekde agyrynyň döremegi, demgysma;
  2. Beýni görnüşi – kellagyry, çakyzanyň tutmagy, başyň aýlanmagy, kellede sesleriň döremegi;
  3. Astenonewrotiki görnüş – gaharjaňlyk, ünsüňi jemläp bilmezlik, ukusyzlyk, gamgynlylyk. Häsiýetiniň görnüşi boýunça melanholiklerde we holeriklerde has köp duş gelýändir.
  4. Utgaşykly görnüşi – adam birnäçe dowamly kesellerden ejir çekende, ýokarda agzalan alamatlaryň utgaşmasy bilen ýüze çykyp biler.

Howa üýtgemelerine duýgur adamlaryň umumy ýagdaýlary barlanylanda, olaryň ýaşaýyş tertbiniň nädogry gurnalandygy anyklanyldy: köp işläp, az ýatýarlar, dynç almagy başarmaýarlar we öz iýmitlerine üns bermeýärler.

Şonuň üçin hem, klimatyň üýtgemelerini aňsatlyk bilen geçirmek üçin,  biz öz ýaşaýyş endiklerimize üns berip, dowamly kesellerimizi bejermäge ymtylmalydyrys.

  Howa üýtgemeleriň täsirinden goranmak üçin, lukmanlaryň berýän maslahatyna eýermek peýdaly bolar:

  • Howa üýtgemede ýüze çykýan duýgurlylygyň hemme görnüşlerinde hem, irki fiziki maşklar hem-de pyýada ýöremelerden ýüz öwürmäň. Özüňizi duýşuňyza görä, Siz olaryň dowamlylygyny üýtgedip bilersiňiz.
  • Ýokary çyglylykly howada ýyly geýniň. Bokurdagyňyzy we döşüňizi goraň.
  • Dürli howa üýtgemelerinde, esasan hem atmosfera basyşy üýtgände, biraz dynç almaga çalşyň.

Sowuk we ýyly suwy gezekleşdirip duş kabul etmäge çalşyň.                                                    

Çopantelpekden, narpyzdan taýynlanan çaýlary kabul ediň. Şu maksat bilen ýörite öndürilýän "Meteoçaý" garyndyny kabul etmek peýdalydyr.

Boýaryşnigiň miwelerinden, narpyzdan, çopantelpekden, it burnuň miwelerinden we pustyrnikden ybarat çaý örän tagamly we peýdaly bolup, bedeniň kesellere durnuklylyk häsiýetini güýçlendirip, ýokançlyklara garşy durmaga kömek edýändir. Ýürek keselli näsaglara iýmitine kaliý saklaýan önümleri goşmak maslahat berilýär.

Peýdaly iýmitlenme barada hem pikir etmelidir. Bedene zerur bolan witaminleri we mikroelementleri kabul etmegi ýatdan çykarmaň. Howanyň çalt-çaltdan üýtgeýän wagtlary gatyk we ýogurt kabul etmek hem peýdalydyr. Olar içegeleriň işini kadalaşdyryp, bedeniň alyş-çalyş ýagdaýlaryna täsir edýärler.

Şol günler iýmitiňizden, ýagly, gowrulan naharlary, ýiti işdäaçarlary aýryň. Alkogol içgileri kabul etmekden saklanyň.

Bedeniň howa üýtgemelerine täsirini hwoýa otundan taýynlanan wannalary kabul etmek azaldyp biler. Siz wannalary 10-15 min. dowamynda, 12-15 günläp kabul edip bilersiňiz.

Eger Siz  howa üýtgemelerini  agyr geçirip, ol bedeniňizde düýpli üýtgeşmelere getirýän bolsa, lukmana ýüz tutuň. Lukman klimat üýtgemeleriň haýsysynyň Size täsir edýändigini anyklap, şoňa görä öz gün tertibiňizi meýilleşdirmäge we peýdaly bejeriş çärelerini bellemäge kömek eder.

  • 6161 gezek okalan