• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • GÖRMEÝÄNLER HAKDA GÖRMEÝÄNLERIMIZ

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖRMEÝÄNLER HAKDA GÖRMEÝÄNLERIMIZ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

brayl guniIlkinji resmi Bütindünýä Braýl Güni 2019-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda bellenildi. Häzirki wagtda Braýl elipbiýi körleriň ýazuw ulgamy hökmünde bütin dünýäde kabul edilýär. Ol ähli ýurtda ähli dile diýen ýaly terjime edilen.

Braýl alty nokadyň kömegi bilen harplary, sanlary, hatda saz notalaryny, matematiki we ylmy simwollary şekillendirýär we barmaklar bilen duýmak arkaly okalýar. Braýl elipbiýini 19-njy asyrda fransiýaly Lui Braýl oýlap tapýar. Braýl körlere we görüş ukyby pes adamlara adaty harplarda ýazylýanlara meňzeş kitaplarydyr žurnallary okamaga mümkinçilik berýär. Braýlyň kömegi bilen kör we görüş ukyby pes adamlar başgalar bilen aragatnaşyk edip bilýärler. Bu bolsa olar üçin ylma, erkinlige we deňlige ýol açýar.

Bütindünýä Intellektual Emläk Guramasynyň (inlisçe: WIPO) hemaýatkärlik etmegi hem-de argentin çaphanalarynyň hyzmatdaşlyk etmegi bilen, körler üçin sanly (iňlisçe: digital) kitaphana bolan Tiflolibros ispan dilinde 800 sany bilim maksatly kitap çykardy. Ol kitaplar kör ýa-da hat görüp bilmeýän adamlar üçin niýetlenen. Kitaplar görüş ukyby pes adamlara 2013-nji ýylyň iýunynda kabul edilen Marrakesh Şertnamasy (Marrakesh Treaty) tarapyndan elýeter edildi. Argentina hem muny kabul eden ýurtlaryň biridi.

Türkmenistanda körler we görüş ukyby pes bolan adamlar üçin Braýl elipbiýinde ýazylan kitaplar barmy? Jemgyýetçilik ýerlerinde Braýl ýazgylaryny nirelerde görüp bolýar?

Çeşmeler: BMG / Argentinadaky körler üçin kitaplar

  • 1493 gezek okalan