Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

"PANDEMIÝA" NÄME?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

pandemiya nameBSGG koronawirus infeksiýasynyň pandemiýa ýagdaýyna geçendigini yglan etdi. Seredäýmäne gorkunç zat ýaly, ýöne aslynda üýtgeşik bolan zat ýok.

Häzire çenli "pandemiýa" sözüniň anyk bir kesgitlemesi ýok.

2020-nji ýylyň 11-nji martynda BSGG (Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy) täze ýüze çykan koronawirus infeksiyasynyň pandemiýa ýagdaýyny yglan etdi. Bu 1948-nji ýylda döredilen guramanyň taryhynda ilkinji ýagdaý däl. Muňa garamazdan, BSGG-y anyk ölçeglere görä hereket edýär diýip bolanok. Umuman alanda, pandemiýa – bu "täze ýüze çykan keseliň dünýä möçberinde ýaýramagydyr". Emma bu kesgitlemä, kän bir pandemiýa hökmünde garalmaýan köpsanly keseller dogry gelýär (meselem, möwsümleýin dümew).

Şu wagta çenli BSGG diňe dümew bilen bagly pandemiýalar bilen iş salşyp geldi. Pandemiýa in soňky gezek 2009-njy ýylda yglan edilipdi (ol "doňuz"doňuz" dümewi diýip at berlen, H1N1 dümew wirusynyň netijesinde ýüze çykypdy). BSGG-yň esasan ugur alan zady, pandemiýany kesgitleýän alamatyň keseliň agyr görnüşli bolanlygy däl-de (doňuz dümewi şeýle alanda ýeňil geçirilip hem bilýärdi), onuň täze ýüze çykan wirus bolup, ýönekeý dümew wiruslarynyň işjeň bolmaýan tomus paslynda hem çalt ýokuşyp, esasan hem yaşlara ýokuşýanlygydy; köpleriň oňa garşy immuniteti ýokdy. Pandemiýany kesgitlemegiň bu usuly köpsanly jedellere getiripdi.

Makalada aýdylyp geçilişi ýaly, "The Journal of Infectious Diseases" žurnalynyň 2010-nji ýylda çykan ylmy neşirinde, dürli awtorlar pandemiýa dürli kesgitlemeler berýär. Muňa garamazdan, olaryň arasynda umumy häsiýetleri görmek mümkin. Ekspertleriň aglaba bölegi, pandemiýa – bu keseliň bütin dünýäde giňden ýaýramagy diýip belleýär, ýagny, esasy alamat – geografiki alamat bolup durýar. Muňa garamazdan, onuň başga alamatlary hem bolup bilýär, olar bilen ekspertleriň köpüsi ylalaşýar:

↪ Täze dörän. Ýeri gelende aýtsak, BSGG üçin dümew pandemiýasyny kesgitlemekde hut şu alamat möhümdir: "Dümew pandemiýasy – bu dümewiň täze dörän wirusy sebäpli döreýän bütindunýa epidemiýasy bolup, adamlaryň oňa garşy immuniteti ýok, ýa-da örän pes derejededir". Ýa-da bu täze döreme, ýatdan çykan köne bolup biler (mysal üçin, mergi (holera) bilen bagly ýagdaýlar taryhda aradan belli bir wagt geçen soň gaýtalanyp, birnäçe gezek pandemiýa ýagdaýlaryny döredipdi).

↪ Ýokançlygy we dünýaniň bir nokadyndan başga nokatlaryna ýaýramagy.

↪ Anyk alamatlary we tiz ýokuşmagy.

↪ Örän az sanly adamyň oňa garşy immuniteti bolmagy.

Keseliň agyrlygyny as sanly ekspertler pandemiýanyň esasy alamatlaryň hataryna goşýar. Şeýlelik-de, BSGG-nyň täze dörän koronawirus infeksiýasyny pandemiýa diýip yglan etmegi, onuň köpleriň janyna howp salýan agyr keseldigini aňlatmaýar.

Hakykat-da onuň kän bir üýtgedýän zady ýok

BSGG dümew pandemiýasynyň özgermeginiň birnäçe tapgyryny kesgitleýär. We Bütindunýa Saglygy Goraýyş Guramasynyň pikirine görä, pandemiýa hem ondan edil öňki tapgyryň talap edýän çäreleriniň ýerine ýetirmegi talap edýär.

BSGG-yň baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus öz beýanynda munuň täze koronawirus infeksiýasy bilen baglylykda hem şeýledigini tassyklady. Ol "pandemiýanyň yglan edilmegi BSGG tarapyndan bu wirusyň salýan howp derejesine beren kesgitlemesini üýtgetmeýär. Şeýle hem ol BSGG-yň bu babatda edýän işini, ýa-da döwletleriň görmeli çärelerini hiç hili üýtgetmeýär." diýip belledi.

Şeýle-de, ol döwletleriň halky goramak meselesine has çynlakaý çemeleşmegini, emma şonuň bilen bir wagtda, ykdysadyýet we jemgiýet durumşy bilen bagly ýüze çykaýjak meseleleri hem göz öňünde tutmagy we ynsan hukuklaryny unutmazlygy nygtap geçdi. Onuň pikiriçe, hat-da keseliň uly ojaklary dörän ýurtlarda hem, ýagdaýy entäk üýtgetmek mümkin.

Makalanyň asyl nusgasy

  • 2913 gezek okalan