• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • COVID-19
  • KORONAWIRUSYŇ (COVID-19) WE DÜMEWIŇ MEŇZEŞLIKLERI WE TAPAWUTLARY

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

KORONAWIRUSYŇ (COVID-19) WE DÜMEWIŇ MEŇZEŞLIKLERI WE TAPAWUTLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (7 Ses)

covid 19 dumew

ALAMATLARY NÄHILI?

COVID-19: Bedende agyrylaryň döremegi.

DÜMEW: Kelleagyry, Bokurdak agyry, Burun akma.

Ikisem: Gyzzyrma, Gury üsgülewük, Ýadawlyk, Dem alyş kynçylyklary.

 

NÄDIP ÝOKUŞÝAR?

COVID-19: COVID-19 bilen kesellän adam heniz keseliň alamatlary ýüze çykmanka hem keseli başgalara ýokuşdyryp bilýär.

DÜMEW: Dümew bilen kesellän adam DIŇE keseliň alamatlary ýüze çykanyndan soňra ony başgalara ýokuşdyryp bilýär.

Ikisem: Kesellän adamyň asgyranda we üsgürende syçradýan suw damjalary arkaly. Kesellän adama ýakynlaşmak (gujaklaşmak, öpüşmek, elleşmek) arkaly. Üstüne wirus düşen ýerleri ýa-da zatlary (stol, telefon) ellemek we soňra ýüzüňi ellemek arkaly.

 

KESELLÄNLERIŇ AGYRY DEREJESI NÄHILI?

COVID-19: COVID-19 bilen kesellänleriň 80% keseli gowşak we orta hili agyrlykda geçirýär. Olaryň köpüsi gyzzyrma, üsgülewük we pes derejeli pnewmoniýany başdan geçirýärler.

DÜMEW: Dümew bilen kesellänleriň diňe 1-2% hassahana bejergisini talap edýär.

Ikisem: 60 ýaşdan geçen we ýiti kesellerden ejir çekýän adamlara dümew hem koronawirus hem deň derejede has uly howp salýar.

 

HASSAHANADA ÝATMAK MÖHLETI NÄHILI?

COVID-19: Koronawirus bilen agyr kesellän adam ortaça 11 gün hassahanada ýatýar.

DÜMEW: Dümew bilen agyr kesellän adam ortaça 5-6 gün hassahanada galýar.

 

ILATYŇ NÄÇE GÖTERIMI WIRUS BILEN KESELLÄR?

COVID-19: Koronawirus bilen ilatyň näçe göteriminiň kesellejegini hiç kim anyk aýdyp bilmeýär.

Gong Kong we Garward uniwersitetleriniň çaklamalaryna görä, eger wagtynda keseliň waksinasy tapylmasa we berk goranyş çäreleri geçirilmese, wirus adamlaryň 35-50% çenli ýokuşyp biler.

DÜMEW: Her dümew möwsüminde ilatyň ortaça 20% dürli agyrlykda dümewleýär.

 

ÖLÜM DEREJESI NÄHILI?

COVID-19: Häzire çenli koronawirus bilen kesellänleriň her 1000 adamdan 10 sanysy ýogaldy.

DÜMEW: Dünýäde her ýyl dümewden ortaça 300-650 müň adam ýogalýar.

 

BEJERGISI NÄHILI?

COVID-19: Täze koronawirusyň heniz tassyklanan bejergisi ýok.

DÜMEW: Tamiflu dermany wirusyň bedende köpelmegini togtadýar we alamatlary gowşadýar.

Ikisem: Eger hassahanada ýatmagy talap etmeýän bolsa, köpräk dynç berilmeli we dowamly ideg edilmeli.

 

WAKSINASY BARMY?

COVID-19: COVID-19 üçin heniz waksina ýok. Waksina ýasamak azyndan 1-1,5 ýyl alar diýip alymlar çaklaýarlar.

DÜMEW: Dümew waksinalary 1930-njy ýyldan bäri çykarylyp gelinýär. Her ýyl soňky çykan dümew üçin täze waksina çykarylýar.

 

HOWANYŇ TEMPERATURASY KESELE TÄSIR EDÝÄRMI?

COVID-19: Häzire çenli COVID-19 wirusynyň ýaýramagy bilen howa temperaturasynyň arasynda baglanyşyk tapylmady. Koronawirusyň howanyň üýtgemegi bilen azalýandygyny ýa köpelýändigini diňe wagt görkezer.

DÜMEW: Dümew ýylyň ähli paslynda-da gabat gelýär, emma iň köp ýaýraýan aýlary dekabr we fewraldyr. Dümew wirusy howanyň maýlamagy bilen azalýar.

Ulanylan WEB Salgy

  • 979 gezek okalan