• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • COVID-19
  • OKSOLIN ÝAGY (ОКСОЛИ́НОВАЯ МАЗЬ) KORONAWIRUSYŇ ÝOKUŞMAGYNYŇ OŇÜNI ALÝARMY?

Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

OKSOLIN ÝAGY (ОКСОЛИ́НОВАЯ МАЗЬ) KORONAWIRUSYŇ ÝOKUŞMAGYNYŇ OŇÜNI ALÝARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

oksolin yagyRossiýanyň farmakologik klassifikasiýasyna görä, oksolin ýagy daşky ulanyş üçin niýetlenen antiwirus serişdeleriniň hataryna girýär. Bu ýag öň "Oksonaftilin" we "Tetraksolin" atlary bilen hem ýaýradyldy. Düzümi oksoliniňkä meňzeş derman serişdeleriniň öňki SSSR döwletlerinden daşarda hasaba alnandygy barada elýeter maglumat ýok.

Oksoliniň uzak wagtdan bäri wirusly riniti bejermekde we dümewiň öňüni almakda giňden ulanylýandygyna garamazdan, ol ylmy lukmançylykda täsiri subut edilmedik derman hasaplanylýar.

Dümewiň we täze koronawirusyň alamatlarynda meňzeşlikler bolsa-da, olaryň döremegine tapawutly wiruslar sebäp bolýarlar. Goşmaça ylmy barlag geçirmezden, biz oksoliniň täze koronawirusa nähili täsir edýändigini bilip bilmeýäris.

Subutnama esaslanýan lukmançylyk näme?

Subutnama esaslanýan lukmançylyk (SEL, iňlisçe: EBM) – bu her bir näsaga ideg edilende döwrebap we iň gowy subutnamalaryň akýüreklilik, aýdyňlyk, we akyl-paýhas bilen ulanylmagydyr. Bu sosial hereket bolup, kliniki kararlar berlende ýokary derejeli kliniki ylmy-barlaglara esaslanmagy ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

SEL lukmançylyk işgärinden täze başarnyklary talap edýär. Ol başarnyklaryň içine subutnamanyň resmi kanunlaryndan ugur alyp kliniki edebiýaty mazaly barlamak hem girýär. SEL içi reseptli "aşpez kitaby" däl, emma ondan ýerlikli peýdalanmak saglyk hyzmatlarynyň arzanlamagyna we gowulanmagyna getirýär. Subutnama esaslanýan lukmançylyk bilen halk lukmançylygynyň arasyndaky esasy tapawut birinjiniň subutnama daýanyp, ikinjiniň daýanmazlygy däldir. Bularyň ikisi hem subutnama esaslanýarlar; emma welin, SEL halk lukmançylygyna garanda has ösen we has gowy subutnama talap edýär. Subutnama esaslanýan lukmançylygyň gazanan uly üstünlikleriniň biri hem, sistematik synlaryň we meta-analizleriň ösdürilmegidir. Bu usullary ulanyp, ylmy barlagçylar bir tema degişli birgiden ylmy işleri ýygnaýarlar. Soňra olaryň içinden iň gowularyny saýlap, tankydy analiz edýärler we elýeter bolan iň gowy subutnamany taýýarlaýarlar.

Çeşme: NIH

  • 790 gezek okalan