Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

SINOFOBIÝA NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

sinofobiyaKoronawirusyň Hytaýda tiz ýaýrap başlaly bäri dürli ýurtlarda sinofobiýa möwç alyp başlady. Sinofobiýa – bu Hytaýa, hytaýlylara, olaryň diline we medeniýetine bolan ýigrenç we gorkudyr. Sinofobiýa zerarly Hytaýa we hytaýlylara garşy rehimsiz hereketlere baş goşup başlan köp adam wirusy günäkärleýär. Käbir synçylar sinofobiýanyň ýaýramagynda mediýany ýazgarýarlar.

"Ylmy taýdan nädogry maglumatlar, syýasatçylaryň jokapkärçiliksiz tassyklamalary we wirusyň ýaýramagyna garşy geçirilýän düşnüksiz çäreler sinofobiýanyň biabraýçylykly ýagdaýda ýaýramagyna getirdi".

Italiýanyň Amnesty International guramasynyň general direktory Gianni Ruffin

Italiýanyň Solto Collina böleginiň häkimi Maurizio Esti, 5-nji fewralda wirus üçin hytaýlylaryň iýmitini günäkärläp, Facebookda şeýle ýazdy: "Bu s***** hytaýlylar hemme zady iýip ýatyrlar: ýerganatlary, ýylanlary, itleri, mör-möjekleri. Bu epidemiýada diňe hytaýlylar ölmeli".

Sen sosial mediýada sinofobiýa duş gelseň nädip garşy çykýarsyň/çykardyň?

Çeşme: Aljazeera

  • 614 gezek okalan