Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
GÜNÜŇ AŞAGYNDA DURMAK KORONAWIRUSDAN (COVID-19) GORAMAÝAR
Günüň aşagynda durmak ýa-da 25°C ýokary temperaturada bolmak koronawirusdan (COVID-19) goramaýar.
Howanyň nä derejede güneşli ýa gyzgyndygyna garamazdan, COVID-19 bilen keselläp bolýar. Gyzgyn howaly ýurtlarda hem COVID-19 ýokuşan adamlar hasaba alyndy. Wirusdan goranmak üçin eliňi ýygy-ýygydan gowy edip ýuwmaly; gözüňi, agzyňy we burnuňy ellemekden saklanmaly.
Üsgürmän we birahatlyk duýman 10 sekund ýa ondan köp demiňi saklap bilmek koronawirusyň (COVID-19) ýa-da başga öýken keselleriniň ýokdugyny aňlatmaýar.
COVID-19 wirusynyň umumy alamatlary gury üsgülewük, ýadawlyk we gyzzyrmadyr. Kä kişilerde onuň pnewmoniýa ýaly has agyr görnüşlere geçmegi mümkin. Özüňde COVID-19 bardygyny kesgitlemegiň iň ynamdar usuly laboratoriýa barlagyndan geçmekdir. Ony dem alyş maşklary bilen kesgitläp bolmaýar, gaýta ol maşklar howply bolup biler.
Çeşme: BSGG
- 3046 gezek okalan