• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • COVID-19
  • COVID-19: IMMUNITET WE MÖWSÜMLEÝINLIK

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

COVID-19: IMMUNITET WE MÖWSÜMLEÝINLIK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

covid 19 mowsumleyinlikJohns Hopkins Uniwersitetiniň immunology Andrew Pekosz koronawirus bilen bagly derwaýys meseleler hakda gürrüň etdi.

Häzirki wagtda immunitet we COVID-19 barada näme bilýäris?

Alamatlarynyň dümewe meňzeşdigi we dümewiň köp duşýan möwsümi bolan gyşda dörändigi sebäpli, COVID-19 köplenç dümew bilen deňeşdirilýär. Emma immunitete gezek gelende, dümew we COVID-19 arasynda uly tapawut bar. Dümew meselesinde, ilatyň belli bir bölegi eýýäm dümewläp, sanjym alandygy üçin, oňa garşy immunitetli bolýar we şol ýyl täzeden dümewlemeýär. Ilatyň köp bölegi bolsa, güýçli bolmasa-da ýeterlik immunitetlidigi sebäpli dümewi ýeňil geçirýär.

Biziň bilşimize görä, COVID-19 garşy immuniteti bolan ýekeje adam hem ýok. Şonuň üçin ilatyň 100%-ne COVID-19 ýokuşma howpy abanýar, emma dümewleme howpy 100%-den ep-esli pesdir. Şol sebäpli COVID-19 üçin gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş çäreleri görülýär. COVID-19-yň köpçülige ýaýramagynyň öňüni almagyň, hakykatdan hem, sosial çetleşdirme ýaly çäreleri güýje girizmekden başga usuly ýok. Adamlarda immunitetiň bolmazlygy wirusyň aňsatlyk bilen ýokuşmagyna ýol açýar.

Wirusyň ýaýramagynda möwsümleýinligiň roly nähili?

Respirator (dem alyş ýollary) wiruslarynyň köpüsi möwsümleýindir. Möwsümleriň çalyşyp durýan ýurtlarynda respirator keselleri tomus aýlaryna garanda gyşda köp duşýar. Çünki, temperaturanyň we çyglylygyň pes şertlerinde wirus çalt ýaýraýar. COVID-19 gyş aýlarynda döredi, emma biz onuň adaty respirator wiruslary ýaly möwsümleýin hereket edip, etmejegini entek bilmeýäris. Ýagny, COVID-19-yň dümew ýaly diňe gyş aýlarynda giňden ýaýrajagyny ýa-da islendik möwsümde ýaýrap biljegini bilmeýäris.

Günorta ýarym şaryna seretsek, Günorta Afrika we Awstraliýa ýaly, şuwagt tomus dowam edýän ýurtlarda hem COVID-19 wirusynyň giňden ýaýrandygyny görýäris. Şol sebäpli, biz wirus howa maýlansoň hem biraz wagt dowam eder diýip çaklaýarys.

Tomusda wirus azalyp, güýzde ýa gyşda ýene gaýdyp geler diýip aladalanýarsyňyzmy?

Meniň pikirimçe, bu şuwagt iň uly meselämiz. Men köpçülikleýin saglygy goraýyş çäreleri gowşadylandan soňra näme boljagy barada aladalanýaryň. Edil şuwagt bu çäreler ýokuşmalaryň sanyny azaltmakda gowy netijeleri berýärler. Emma haçana çenli beýle dowam etmelidigini bilmeýäris. Saglygy goraýyş çärelerini gowşadan ýagdaýymyzda, ýokuşmalaryň täzeden güýçli depginde artma potensiýaly bar.

Çeşme: COVID-19: Immunity and seasonality, John Hopkins Univeristy

  • 3222 gezek okalan