• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • ÖŇÜNI ALYŞ SANJYMLARY EDILMESE ...

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÖŇÜNI ALYŞ SANJYMLARY EDILMESE ...

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.40 (10 Ses)

Çaga dünýä inende ol käbir kesellere göreşme ukyby bilen dogulýar. Bu bolsa eneden çörekçe arkaly täze doglan çaga geçýän antitelalaryň (kesel dörediji bedene düşende ganda emele gelýän goraýjy öýjükleriň) işidir. Ene süýdi bilen iýmitlenýän çaga hemişe goşmaça antitelalary enesinden alyp durýar. Ýöne onuň ýaly goraglylyk  wagtlaýyn häsiýete eýedir. Öňüni alyş sanjymlary ulanmak (immunizasiýa, waksinasiýa) – kesellere garşy bedeniň göreşmek ukybyny emeli ýol bilen döretmek we saklamakdyr. Onuň üçin kesel dörediji bakteriýalaryň we wiruslaryň howply bolmadyk bir bölegi ulanylýar.

Waksinasiýa – çagalary infeksion kesellerden goramagyň iň zerur we howpsys çäreleriniň biridir.

Waksinalar bedene hakyky kesel dörediji infeksiýalar düşendäki bolşy ýaly, bedeniň gorag ulgamyny  gyjyndyrýar. Ulgam bedene emeli ýol bilen goýberilen infeksiýa garşy göreşýär we ony “ýatda saklaýar“. Eger infeksiýa bedene gaýtadan ýokuşsa,ulgam oňa garşy netijeli göreş  “yglan edýär“.

Häzirki wagtda waksinalaryň dört görnüşi ulanylýar:

·         Ysmaza, gyzylja, gyzamyga, hapgyrtma garşy ulanylýan, gowşak diri kesel döredijilerden edilen waksinalar.

·         Gökbogma garşy ulanylýan öldürilen kesel döredijilerden edilen waksinalar.

·         Anatoksin saklaýanlar – bakteriýalaryň we wiruslaryň toksinlaryndan ýasalan waksinalar.

Meselem bürme bilen täjihoraza garşy waksinalar – anatoksinlerdir.

Biosintetiki waksinalar – olar çylşyrymly bioinženerçilik usuly  bilen alynýandyr. Meselem, gepatit B we gemofil  infeksiýasyna garşy waksinalar. 

Çagalaryň wagtly – wagtynda we dogry waksinasiýa geçmegine gözegçilik ediň. Waksinasiýa geçmegiň tertibi meýilnama boýunça alnyp barylýar. Sagdyn çagalar hiç hili kynçylyksyz sanjymlary meýilnama boýunça alýandyrlar. Bu babatda hemişe öz lukmanyňyz bilen habarlaşyp we maslahatlaşyp duruň!

 

TÜRKMENISTANDA    MEÝIlNAMA     BOÝUNÇA   GEÇIRILÝÄN

KESELLERIŇ    ÖŇÜNI    ALYŞ    SANJYMLARYNYŇ     TERTIBI:

Öňüni alyş sanjymlaryň geçirilýän wagty

Öňüni alyş sanjymlaryň görnüşleri

  Täze doglan bäbeklere ilkinji 24 sagadyň dowamynda

  wirusly gepatit  “B“ garşy;

  2 - 3 günlükde

  inçekesele garşy we ysmaz (polimiýelit) keseline garş

  2 aýlykda

  wirusly gepatit  “B“ garşy;

  gökbogma, täjihoraz, bürme kesellerine garşy;

  ysmaz (polimiýelit) keseline garşy;

  meningit, sepsis, agyr öýken sowuklama garşy;

  3 aýlykda

  gökbogma, täjihoraz, bürme;

  ysmaz  (polimiýelit) keseline garşy;

  wirusly gepatit “B“ garşy;

  meningit,  sepsis, agyr öýken sowuklama garşy;

  4 aýlykda

  wirusly gepatit  “B“ garşy;

  gökbogma, täjihoraz, bürme kesellerine garşy;

  meningit, sepsis, agyr öýken sowuklama garşy;

  ysmaz (polimiýelit) keseline garşy;

  12 - 15 aýlykda

  gyzamyga garşy;

  hapgyrtma garşy;

  gyzylja garşy;

  18 aýlykda

  gökbogma, täjihoraz, bürme kesellerine garşy;

  ysmaz (polimiýelit) keseline garşy;

  6 ýaşda

  täjihoraz, bürme kesellerine garşy;

  gyzamyga, hapgyrtma, gyzylja garşy;

  14 ýaşda

  inçekesele garşy;

  15 ýaşda

  täjihoraz, bürme kesellerine garşy;

  25 ýaşda

  täjihoraz, bürme kesellerine garşy

 

Waksinasiýa geçirmegiň ähmiýeti barada metbugatda häli-şindi dürli pikirler aýdylyp gelinýär. Waksinalaryň ýaramaz täsiriniň ýüze çykmagyny nygtap garşy çykmalar hem tapylýar. Ýöne keselleriň getirip biljek gaýraüzülmeleri seýrek ýagdaýlarda ýüze çykýan waksinalaryň ýaramaz täsirinden howplydyr. “Öňüni almak üçün sanjym edilenden keseli başdan geçireniň gowy“ diýen pikiriň dogrudygyny tassyklaýan delil ýok. Beden agzalarynyň keselleriniň, şol sanda ragyň käbir görnüşleriniň hem başdan geçirilen infeksiýalaryň netijesidigini ylmy taýdan subut edildi.  

 

Eger öňüni alyş sanjymlary edilmedik bolsa onda:

·         Her 5-nji adam täjihoraza (difteriýa) ýolugardy, kesellänleriň 10%-ine ölüm howpy abanardy;

·         Hapgyrtma duçar bolmadyk adam tapylmazdy, kesellänleriň 0,1%-i ker we önelgesiz galardy;

·         Her 4-nji adam aşgazanasty mäziň kesellerine sezevar bolardy;     

·         Inçekeselden we inçekesel meningitinden goranmak ýekeje adama hem başartmazdy;

·         Gökbogma ýekeje adamy hem aýap goýmazdy, syrkawlar 2-3 hepdeläp üsgülewikden ejir çekerdi, olaryň 1% -iniň keseli ötüşip, öýkende beterleşmeler ýa-da ensefalit ýüze çykardy;

·         Adamlaryň köpüsi poliomiýelite duçar bolardy, olaryň ençemesi maýyp bolardy;

·         Döwük-ýenjikli her bir adama bürmä garşy syworotka sançmaly bolardy;

·         Gyzylja ýolugan göwreli aýallaryň 25%-iniň (kesel göwreliligiň irki döwründe ýokuşanda) ýa-da 10%-iniň (kesel göwreliligiň giçki döwründe ýokuşanda) maýyp çaga dogurmagy mümkindi;

·         Her bir adam gyzamyk bilen kesellärdi, bu kesele ýoluganlaryň 1%-i aradan çykardy, 5%-i maýyp bolup galardy;

 

Ýokanç kesellerden goranmak üçün öňüni alyş sanjymlary wagtynda yzygiderli alyň.

Janyňyz sag bolsun!

  • 7170 gezek okalan