• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • ÇAGAŇYZY GURŞUNDAN GORAÝARSYŇYZMY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇAGAŇYZY GURŞUNDAN GORAÝARSYŇYZMY?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.80 (5 Ses)

gursunly boyaBSGG gurşuny ilat saglygyna uly howp salýan 10 himikatyň biri diýip yglan etdi. BMG-nyň Daşky Gurşaw Maksatnamasyna (UNEP) laýyklykda, şu güne çenli 73 ýurt boýagdaky gurşunyň düzümini kadalaşdyrýan kanunlary kabul etdi. Esasan hem çagalary we önelgelik ýaşyndaky aýallary gurşunyň zyýanlaryndan goramak möhümdir.

Gurşun himiýa we metallurgiýa senagatlarynda giňden ulanylýan metallaryň biridir. Ondan başga-da, gurşun boýaglarda, şaý-seplerde, çaga oýunjaklarynda, gap-gaçlarda we käbir kosmetik serişdelerde hem duş gelýär.

Gurşun gündelik durmuşymyzda peýdaly bolsa-da, ol adam, esasanam çaga saglygy üçin zäherlidir. Düzüminde gurşun bolan boýaglar bilen çagalaryň köp wagtyny geçirýän ýerleri, ýagny çagalar bagynyň we mekdepleriň diwarlary we pollary, çagalaryň oýnaýan meýdançalary we başga ýerler boýalýar. Çagalar hem bilesigeliji we ellerini agyzlaryna salagan bolýarlar, we şeýdip gurşunly ýa-da gurşun bilen örtülen zatlary ýuwudýarlar. BSGG-nyň bellemegine görä, gurşunyň çaga saglygyna ýetirýän zyýanlary:

↪ Akyl taýdan yza galaklyk;

↪ Okuwa ýetişiginiň gowşamagy;

↪ Özüni alyp barşynyň üýtgemegi;

↪ Ýygralyk;

↪ Beýniniň we nerw sistemasynyň işleýşiniň bozulmagy;

↪ Damar çekme (sudoroga);

↪ Gan basyşynyň ýokarlanmagy;

↪ Immun toksikozy;

↪ Böwrek ýetmezçiligi;

↪ Jyns organlaryna zäherleýji täsiri;

↪ Ölüm howpy.

Gurşunyň täsirini azaltmak boýunça nämeler edilýär?

Dünýäde ýag boýaglarynyň we emallaryň düzüminde gurşunyň bolmagy meselesi geçen asyryň 70-nji ýyllaryndan bäri bar. Senagaty ösen ýurtlar öýler, mekdepler we täjirçilik binalary üçin düzüminde köp gurşun bolan boýaglary öndürmegi, import etmegi, satmagy ýa-da ulanmagy gadagan edýän kanunlary we standartlary kabul etdiler. Ol ýurtlarda boýaglardaky gurşunyň görkezijisi 90-600 ppm aralykda saklanýar. BSGG gurşunyň howpsuz derejesiniň ýokdugyny nygtaýar.

Russiýa Federasiýasynda gurşun boýaglarynyň giňden öndürilmegi, satylmagy we ulanylmagy dowam edýär. “Hapalaýjylary ýok etmek boýunça halkara ulgamy” (IPEN) we "Eko-razylyk" merkezi tarapyndan geçirilen bilelikdäki barlaglaryň netijesine görä, öý hojalygyndaky boýaglaryň takmynan 60% -inde gurşun bar diýlip RIA habarlarda aýdylýar.

Gazagystanda bolsa, 2007-nji ýylda "Himiki önümleriň howpsuzlygy hakynda" kanun çykdy. Emma kanunda düzüminde gurşun bolan boýaglar barada anyk bir zat aýdylmaýar. Gümrük gözegçiligini amala aşyrýan we satyn alyjylaryň hukugyny goraýan döwlet edaralarynyň, gurluşyk kärhanalarynyň we halkyň gurşunly boýaglar barada anyk maglumatlary almaga mümkinçilikleri ýok. Şeýle-de, Gazagystanyň kanunçylygynda boýaglarda we birnäçe önümlerde gurşunyň rugsat berilýän konsentrasiýalary barada anyk we hökmany talaplar ýok diýip, Liwen maglumat sahypasy belläp geçýär.

Türkmenistanyň raýatlarynyň "Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakyndaky" kanunynyň 15-nji maddasynda bellenilişi ýaly, harydyň (işiň, hyzmatyň) howpsuzlygyna bolan hukugy bardyr. Emma Türkmenistanda düzüminde gurşun bolan boýaglary kadalaşdyrýan kanun heniz ýok. Şu wagt bazarlarymyzda satylýan boýaglaryň köpüsi Eýrandan we Türkiýeden getirilýär. Gynansakda, olaryň düzümi gutynyň daşynda ýazylmaýar. Laboratoriýa barlag işleri geçirilmezden, ol boýaglaryň düzüminde gurşun ýok diýip bolmaýar.

Nädip goranmaly?

Jaýlar, otaglar, ýa-da önümler gurşunly boýaglar bilen diňe bir reňklenilýän wagty däl-de, eýsem ulanylýan we gyryp aýrylýan wagty hem howpludyr. Şonuň üçin, reňkläniňizde we boýagy aýranyňyzda iň bolmanda äýnek, ellik we dem alyş ýollaryny goraýan filtrli maska geýmelidir.

Düzüminde aşa köp gurşun bolan boýagdan goranmagyň iň ýönekeý usuly, boýagy satyn alnyňyzda gutudaky düzümi ýazylan ýeri okamakdyr. Başarsaňyz önümlerini öndürmekde degişli kanunlary berjaý edýän ýurtlar tarapyndan tassyklanan öndürijileriň harytlaryna alyň. Eger-de siz öýüňizde gurşun howpundan şübhelenýän bolsaňyz, maşgalaňyza abanýan howpy azaltmak üçin birnäçe çäreleri ýerine ýetirip bilersiňiz:

↪ Pollary, penjire ramalaryny, mebelleri we beýleki ýerleri ýygy-ýygydan ýuwup durmaly.

↪ Özüňiziň we çagalaryňyzyň ellerini ýygy-ýygydan, esasanam nahar iýmezden we ýatmazdan öň ýuwmaly.

↪ Çagalaryň oýnaýan ýerini arassa saklamaly we olaryň çüýşelerini, emziklerini we oýunjaklaryny yzygiderli arassalamaly.

↪ Jaýa girmezden ozal aýakgabyňyzy arassalamaly ýa-da çykarmaly. Bu öýüňize daşardan gelen gurşuny azaldar.

Makalanyň awtory: Batyr Bäşimow

  • 1355 gezek okalan