• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • LUKMAN BILEN SÖHBETDEŞLIGI NETIJELI GEÇIRMEGIŇ ŞERTLERI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

LUKMAN BILEN SÖHBETDEŞLIGI NETIJELI GEÇIRMEGIŇ ŞERTLERI

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

lukman bilen sohbetleslikAdam doglup, bütin ömrüniň dowamynda lukman bilen aragatnaşykda bolýar. Keselçilik bilen ýa-da öňüni alyş barlagy bolsun, biz dürli ugurdan bolan lukmanlaryň maslahatyny berjaý etmeli bolýarys. Lukman bilen söhbetdeşlik netijeli bolup, sagalma getirer ýaly oňa öňünden taýynlanma zerurdyr.

Lukman bilen duşuşyga öňünden taýynlanyň.

Näsagyň keseliniň taryhyny jikme-jik ýygnap seljerme bermek lukmanyň işi bolsa hem, bu işde siz oňa kömek etmelisiňiz. Lukmanyň kabulyna düşmezden öň öz ýüztutmaňyzyň sebäbini kesgitläň we arzlaryňyzy aýdyňlaşdyryň. Sizi biynjalyk edýän alamatlaryň haçan we näme bilen baglanşykda döreýändigini kesgitli aýtmaga taýynlanyň. Eger ýadyňyza ynamyňyz bolmasa, lukmana bermäge niýetlän soraglaryňyzyň tertibini ýazyp ýanyňyza alyň. Arzlaryňyzy hemişe esasy biynjalyk edýän alamaty suratlandyrmadan başlaň. Elbetde, lukman bilen ýarym sagat kelleagyrylar barada gepleşip, soňundan size ejir baryny berýän gasykda döreýän sanjyly agyrylar barada ýatlama söhbetdeşligi täzeden başlamaga itergi berer. Netije-de, size peýdaly boljak maslahatlary bermäge we barlag geçirmäge lukmanyň wagty ýetmezligi mümkindir. Eger sizde öňki geçen barlaglaryňyzyň netijeleri bar bolsa, olary lukmana görkezme hem netijeli bolup biler.

Sorag bermeden we öz duýgularyňyzy beýan etmeden utanmaň.

Anyk soraglary berip, düşnükli bolmasa täzeden anyklamaga ymtylyň. Keseliň gaýraüzülmeleri barada, bejerginiň görnüşleri, siz üçin peýdaly görnüşi, bejergi geçirilmedik ýagdaýda ýüze çykjak ýagdaýlar barada anyk maglumatlary almak, sizi sagalma ugrunda göreşme çärelerini dogry kesgitlemäge kömek eder.

Lukmana öz duýgularyňyzy beýan etmeden utanmaň. "Men huşumy ýitirmeden howatyrlanýaryn", "Meniň aýaklarymdan daş asylan ýaly bolýaryn", "Meniň gulaklarym güwläp, maşynyň motory işleýän ýaly duýýaryn" ýaly suratlandyrmalar arz ýaly eşidilmän, öz duýgularyňyz bolsa-da, lukman üçin keseli kesgitlemekde wajyp maglumat bolup bilýändir.

Lukmanyň otagyndan çykanyňyzda hemme soraglara jogap alandygyňyz babatda kanagatlanma duýmalysyňyz.

Lukmandan hiç zady gizlemäň.

Biz lukmanlara kömek almak, saglygymyzy dikeltmek üçin ýüz tutsak hem, kähalatlarda özümiz olaryň işini kynlaşdyrýarys. Öz durmuşymyza degişli şahsy maglumatlar başgalaryň gulagy üçin niýetlenen bolmasa hem, olar babatda lukmanyň habarly bolmagy wajypdyr. Çilimkeşlik, alkogol içgilere ýa-da neşe serişdelerine ýykgyn bolmak, käbir derman serişdeleriniň kabul edilmegi, jynsy gatnaşyklara degişli maglumat, geçirlen keseller, stresse getirýän ýagdaýlar – näsaglaryň kähalatlarda habar bermäge çekinýän ýa-da asla ýatdan çykarýan şahsy maglumatlary bolup durýändyr. Näsagyň keseline degişli hemme maglumatlardan habarly bolmak, lukmana dogry bejergi tertibini düzmäge kömek edip bilýändir. Elbetde, öň lukman tarapyndan düşünmezlige duçar bolan adam öz durmuşynyň "pynhan" taraplaryny açmakdan çekinip biler.

Ýöne lukmançylyk etikasyny berjaý edýän, näsag bilen raýdaş lukman kazy bolman, onuň bilen bilelikde sagalma ymtylýan bileleşigi döretmelidir.

Lukmanyň hünärmenlik başarnygyna üns beriň.

Hünärmenlik başarnygy duýgurlylyk endigi bilen kesgitlenmeýär. Lukmanyň maslahatlarynyň, bejergileriniň halkara lukmançylyk teklipleri bilen deň gelip, subutnama esaslanan lukmançylygyň prinsiplerine gabat gelmelidir. Berlen derman serişdeleri barada maglumatlary kitaplardan, internet-saýtlardaky makalalardan, rus ýa-da iňlis dildäki (eger dil bilýän bolsaňyz) çeşmelerden özüňiz üçin hem öwrenip, sorag ýüze çykanda lukmana ýüzlenmäge haklysyňyz.

Lukmanyň kabul etmeleriniň hem nämelerden düzülendigini bilmek gerekdir. Ol diňe bir söhbetdeşligi öz içine alýan däldir. Maslahat bermek öz içine barlag etmäni we ondan soň deslapky kesel kesgidini çykarmagy hem-de maslahat bermegi; kesel kesgidini tassyklamak üçin barlaglara ibermegi; kesel anyklanan bolsa bejergini bellemek, ýaşaýyş tertibi boýunça maslahat bermek; kesel anyklanmadyk bolsa-öňüni alyş barlaglary bellemek ýaly çärelerden düzülendir.

Başga hünärmeniň pikirini bilmek hem zerur bolup biler.

Eger Size goýlan kesel kesgidi, bellenilen bejergi usuly hem-de derman serişdeleri döwrebap lukmançylykda ulanylýan bolsa, onda olar babatda ikirjiňlenme artyk bolup biler.

Ýöne eger siziň ýagdaýyňyzyň kesgitlenşi, bellenilen bejergiler esasynda soraglar dörän bolsa, onda başga hünärmeniň pikirini bilmek hem artykmaçlyk etmeýär. Başga hünärmeniň maslahaty kesel kesgidi "ulaldylyp" anyklanylanda ýa-da aşa köp derman serişdesi birden bellenilende hem zerur bolup bilýändir. Başga lukmançylyk edarasynda edil şol lukmançylyk ugrundan bolan lukmanyň maslahaty siziň güman etmeleriňizi aradan aýyrmaga ýa-da tassyklamaga kömek edip biler.

Ýöne maslahat üçin köp lukmanalara hem ýüz tutmak siziň saýlawyňyzy kynlaşdyryp biler: siz birden birnäçe dürli maslahat ýa-da düýbünden başga kesel kesgidini alyp bilersiňiz. Netijede, siziň aljyraňňylygyňyz artyp, dogry ugur saýlap almada kynçylyk çekersiňiz.

Lukmany saýlap tapmada tanyşlaryňyzyň salgylary, lukmana ýüz tutan adamlaryň bellikleri we maslahatlary ýardam berip biler. Eger siz bir sebäplere görä lukman bilen dogry "dil tapyp bilmedik bolsaňyz", başga lukmanlardan hem göwnüňiz geçmesin. Aňsat bolmasa hem, hakyky hünärmen we ünsli lukmany tapyp bolýandyr.

Lukman bilen söhbetdeşlik netijeli geçer ýaly, olaryň näsaglarda halamaýan endikleri barada bilmek peýdalydyr.

Lukmanlar halamaýarlar:

↪ Barlaga taýynlykly gelmeýänleri (meselem, öňünden aç gelmek, gigiýeniki çäreleri geçirip gelmek bellenen bolsa we ş.m.);

↪ Barlag gidip durka lukmanyň otagynyň gapysyny açyp, atylyp girýänleri;

↪ Lukmanyň bellän wagtyndan gijä galyp gelýänleri we öňünden duýdurmaýanlary;

↪ Lukmanyň maslahatyna we bellemelerine garamazdan, bejergini özüçe üýtgedip geçirýänleri;

↪ Öz wezipesini ýa-da ýakyn garyndaşynyň (adamsynyň, kakasynyň, daýysynyň, daýzasynyň we baş.) wezipesini mazamlap, özleriniň "aýratynlyklaryny" görkezmäge çalyşýan ulumsylary;

↪ Lukmandan-lukmana aýlanyp, belli bir bejergini alman ynanmazçylyk edýänleri;

↪ Lukman bilen söhbetdeşligi başlamazdan, özüniň ýeserligini görkezip, diýeni bolmasa arz edýändigi bilen mazamlanýanlary;

Galyberse-de,

Lukmana näçe gezek baryp hem adyny bilmän: "şu ýerde bir (tokga, uzyn, saçy kesik, depesi saçsyz, äýnekli, gözleri uly... ) lukman bardy? Niredekä?" diýip soraýanlary.

Awtor: Şöhle Myradowa, maşgala lukmany.

  • 591 gezek okalan