• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • ÝAZ PASLY, MEN SAŇA UZAK GARAŞDYM, SEN BOLSA MENI TUKAT EÝLEDIŇ...

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝAZ PASLY, MEN SAŇA UZAK GARAŞDYM, SEN BOLSA MENI TUKAT EÝLEDIŇ...

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.62 (29 Ses)

Ýaz pasly köp adamlar üçin täze umytlaryň, özgerişlikleriň döwri. Gyşyň gutarmagy bilen tebigat janlanyp, durmuş ajaýyp görünýär. Emma paslyň çalyşmagy hemmelere oňaýly täsir etmeýär. Ýaz depressiýasyny başdan geçirenler onuň gelmegine örän ätiýaçlyk bilen garaşýar. Göräýmäge gün şöhlesi zemine siňip, toprak janlanýar, baglar ýaşyl lybasyna bürenip, töwerek-daşyňy gül-gülzarlyga bezeýär. Emma siz tebigatyň ajaýyp durkuna guwanyp ondan lezzet alasyňyz gelenok. Hemişelik ýadawlyk dynç gününden soňam aýrylmaýar, mydam gözüň ukuda ýa-da tersine gijelerine ukusyzlyk heläk edip, ýaltalyk durmuşyňyzda höküm sürüp ugraýar, ýaşaýşyň gyzygy gaçýar, ýüregiňize howsala düşüp, keýpiňiz her pursat üýtgäp dur. Üstesine gaharjaňlyk, bihuşlyk, çakyza tutmak, beden etinde, bogunlarda agyrylar, gowşaklyk ýüze çykyp başlaýar – bularyň ählisi ýaz depressiýasynyň alamatlarydyr.

Ýaz tukatlygynyň sebäpleri az däl. Olaryň iň ýönekeýi – witamin ýetmezçiligi. Tomus we güýz aýlary bedenimizde ýygnan witaminlermizi gyşda sarp edýäris, olaryň üstüni dolmaga bolsa gyşyna saklamak üçin emelleşdirilen sintetiki ir-iýmişleriň we gök önümleriň güýji ýetenok. Şeýle-de gündiziň uzalmagy bilen beden kem-kemden gyş ukusyndan oýanyp başlaýar, emma gyşyna bedenimizde höküm süren melaton – uky garmony öňküsi ýaly köp bölünip çykýar. Netijede bedeniň dürli agzalarynyňýaz paslynyň düzgünine özüçe geçmegi onuň içki sazlaşygyny bozýar. Lukmanlar bu ýagdaýy desinhronizm diýip atlandyrýarlar. Adam ýaş we sagdyn bolsa, bu döwri ýeňil geçirip, hiç-hili oňaýsyzlyk duýmaýar. Emma ýaşy 35-40-dan geçen, ötüşen keseli bar adamlaryň ýagdaýy ýaramazlaşar.

Bu ýagdaý bilen göreşmek üçin köplenç derman serişdelerini ulanmak gerek bolmaýar. Lukmanyň maslahatyny alyp, oňa öz güýjüň bilen hötde geljek bolmaly.

Adamyň bedenine zerur bolan witaminleri diňe iýmit bilen doldurmak ýeterlik bolmaýar. Gipowitaminoz (witaminiň ýetmezçiliginden döreýän kesel) – adamzadyň durmuş ýagdaýynyň ýokary derejä ýetmegi bilen ýüze çykan kesel. Gadym döwürlerdäki ýaly,biz iýmitimizi awawlap edinmeýäris. Häzirki zaman adamlary kompýuteriň başynda, oturan ýerinde, zähmeti ýeňilleşdirilen ýagdaýda işleýär. Biziň hereketimiz hem ýeňilleşdirilen. Uzak aralyklary pyýada geçmegiň deregine, her ädimimizde ulag serişdelerini ulanýarys. Öýe gelenimizden soňam işimizi ýeňilleşdirmek uçin ähli şertler döredilen. Şonuň üçin adamyň energiýa sarp edijilik ukyby peselýär, işdäsi kemelýär, emma bedeniň witaminlere bolan talaby öňküligine galýar, sebäbi adamyň ýüregi we ähli içki beden agzalary edil müňlerçe ýyl mundan ozalky ýaly işleýär. Bütündünýä saglygy goraýyş guramasynyň habar bermegine görä,adamyň saglygy lukmançylyk gullugyna diňe 15 % baglydyr, genetiki özboluşlygy hem edil şonuň ýaly, galan 70 % bolsa onuň ýaşaýyş-durmuş şertleri we iýmiti bilen baglydyr. Beden gowşaklygyna garşy nähili göreşmeli? Ýaz tukatlygyndan halas bolmak üçin näme etmeli?

Ilki bilen köpräk hereketlenmäge çalyşmaly. Depressiýa işjeňlikden gorkýandyr. Başarsaňyz sport bilen meşgullanyň - ylgamak, suwda ýüzmek, gimnastika, fitnes, beden taplamak örän peýdalydyr. Tans ediň. Ol siziň şähdiňizi açyp, ruhlandyrar, galyberse-de iň bolmanda arassa howada köpräk gezelenç ediň, öýüň içinde düýpli arassaçylyk çärelerini geçiriň.

Iýmitiňize üns beriň. Fosfora, beloga baý bolan balygy, deňiz önümlerini, şeýle-de dürli şüleleri, esasanam süle ýarmasyndan bişirlen şüläni, süýt önümlerini köp ulanyň. Düzüminde ýod köp bolan deňiz kelemini, C witaminine baý duza ýatyrlan kelemi iýmek peýdaly. Ak kelemden çigligine işdäçar taýýarlaň. Ol bedende maddalaryň alyş-çalşygynykadalaşdyrýar. Şugundyr, käşir, kädi, bulgar burçy bedeniň kesele garşy durnuklylygyny berkidýär. Saçagyňyzda mydama "şähdiňi açýan önümler" – pyrtykal, banan, hurma, gara şokolad bolsun. Bularyň düzümindäki maddalar tukatlyga garşy serişde hökmünde täsir edýär. Sitrus önümleriniň gabygynda fitonsidler – dürli ýaramaz ýokançlyklaryöldürmäge ukyply maddalar bardyr. Şol sebäpli olary eliňiz bilen arassalap iýmek maslahat berilýär. Şeýle-de bedende peýdalybakteriýalaryňösmegine itergi berýän önümleri – düýp sogany, sarymsagy, gök sogany ulanmagy unutmaň.  Kösükli ösümliklerden noýba ýaz aýlary örän peýdalydyr.

Günde azyndan 4-6 bulgur arassa suw içmäge çalşyň. Barlag işleriň netijeleri doňdurylyp eredilen suwy içmek hem bedeniň işjeňligini dikeldip, ony sustupeslikden halas edýändigini görkezdi. Mineral suwlar we gök çaý ýadawlygyňy aýyrýar. Şeýle-de dürli otlardan demlenen çaýlar örän peýdalydyr. Termosa itburny, gara smorodinanyň, brusnikanyň ýapraklaryny atyp demleseň şypaly, "janlandyryjy" içgi emele gelýär. Narpyz, malina, smorodina atyp demlenen çaýlar witamin ýetmezçiligi dolýar.

Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmaküçin durmuşda ýüze çykýan ýaramaz ýagdaýlary ýeňil ýeňip geçmegi öwrenmeli. Wagtly-wagtynda bedeniňizi gowşadyp, dynç almaga çalyşmaly. Agyr iş gününden soň öýe gelip 10 minutlyk arkan ýatyp gözleriňizi ýumuň, ýakymly zat barada pikir edip, kadaly uludan dem alyň. Ýönekeý 10 minudyň içinde siz dynç alyp işiňizi dowam etmäge taýýar. Ýaşaýşy gynançsyz, gahar-gazapsyz, ýaramaz ýagdaýsyz geçirmek mümkin däl. Emma bu ýagdaýlary ýeňil geçirmek biziň elimizde. Ýüze çykan ýakymsyz meseläniň wagtyň geçmegi bilen uly zat däldigine göz ýetirmegiňiz mümkin. Şonuň üçin göwne degmäge howlukmaň. Psiholaglaryň bellemegine görä, göwnüçökgün adamlar ruhubelent adamlara garanyňda ýygy we agyr syrkawlaýarlar. Umytsyzlyga ýol bermäň. Dünýä aýdyň, päk ýürek bilen garamak, ýagty geljege bolan ynam – ýaz tukatlygyndan saplanmagyň ýene bir ýoludyr.

Ruhy sagdynlyga, kalby sagdynlyga ýetmek üçin özüňe üns bermek zerurdyr. Isleg bolmasa-da köpräk ýylgyrmaga, şatlanmaga çalyşmaly. Mejbury ýylgyryşyň soňy bilen ýürek joşgunyndan dörän gülkä öwrülýändigini alymlar subut edipdir.

Dört diwaryň içinde gama batyp oturmak ýaramaz ýagdaýa elter. Wagtyňyzy hossarlaryňyz, dost-ýarlaryňyzyň arasynda köpräk geçirseňiz ýakymly duýgulara itergi bolar.  

Bütündünýä saglygy goraýyş guramasy ýaz depressiýasyny adamzada ýoň bolan kesele deňeýär. Howply, çylşyrymly ýagdaýlarda derman serişdesiz oňup bolmaýanlygyna garamazdan, adamlar oňa garşy göreşmäge dürli usullar oýlap tapmaga çalyşýar. Amerikanlar tukatlykdan we sustupeslikden halas bolmak üçin ylgamak bilen meşgullansalar, hytaýlylar meditasiýa edip (bir ýagdaýda ünsüňi jemläp oýa batmak bilen), sazlaşykly dem alýarlar. Nemes halky gülki klublaryna baryp köpçülik bilen täsirli, şadyýan gülmek bilen tukatlykdan halas bolýar. Ýöne ýaz depressiýasy wagtlaýyn hadysadyr. Ol hökman geçip gider. Onuň tiz, gaty kösemän aýrylmagy üçin bolsa erkiňizi eliňize alyp, maslahatlary berjaý etseňiz gowy bolar.

  • 13002 gezek okalan