• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • MÖWSÜMLEÝIN DÜMEWDEN NÄHILI GORANMALY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

MÖWSÜMLEÝIN DÜMEWDEN NÄHILI GORANMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

mowsumleyin dumewGüýz-gyş aýlary başlanýan möwsümleýin dümew keseli dem alyş agzalarynyň keseliniň ýokarlanmagyna getirýän esasy sebäp bolup, adamlaryň saglygyna zeper ýetirýändir we zähmete bolan ukyplylygyny pesedýändir.

Möwsümleýin dümew-bütin dünýä ýaýran dümew wirusynyň döredýän ýiti ýokanç keselidir. Wirusyň dört görnüşini tapawutlandyrýarlar: A, B, C we D. Dümewiň A we B görnüşi hemişe keseliň möwsümleýin ýaýramalaryna (epidemiýalara) getirýändir.

Kesel nädip ýokuşýar?

Möwsümleýin dümew örän tiz we ýeňil ýokuşýar. Adamlaryň üýşen ýerlerinde (mekdepler, uly ofisler we ş.m.) ýokuşma derejesi has hem ýokary bolýar. Ýokançlyk keselli adam üsgürende ýa-da asgyranda ýaýraýan kiçijik damjalarda saklanýan wiruslaryň howa düşmegi arkaly ýaýraýandyr. Bir metr aralykda duran adamlaryň şol howadan dem almagy birden ençeme adamy wirusyň ýokuşmagyna sezewar edip bilýändir. Ýokançlyk dümewiň wirusy bilen hapalanan eller arkaly hem geçip bilýär. Şol sebäpden hem, keselli adam üçin üsgürende agzyny we burnuny süpürgiç bilen tutup, ellerini ýygy ýuwma zerurdyr.

Möwsümleýin dümewiň alamatlary.

Möwsümleýin dümew üçin beden gyzgynlygynyň düýdansyz ýokarlanmagy, gury üsgülewik, beden agyrylary, bogun agyrylary, bokurdakda döreýän agyry häsiýetlidir. Üsgürme alamaty agyr geçip, 2 hepde we ondan hem uzak dowam edýändir. Adamlaryň aglabasynda hiç hili lukmançylyk kömeksiz keseliň alamatlary bir hepdäniň dowamynda aýrylýandyr. Ýöne dümewiň agyr geçýän görnüşleri ölümçilige getirip bilýär. Ylaýtada, dümewiň agyr geçmegi ýokary töwekgelçilik toparlara degişli adamlar üçin has hem howplydyr.

Möwsümleýin dümew kimler üçin howply?

Adamlar dümew bilen dürli ýaşda keselläp bilýärler. Ýöne käbir ilat toparlary üçin dümew bilen keselleme we onuň gaýraüzülmeleri has howply bolup durýandyr:

↪ Göwreli aýallar, 5 ýaşa çenli çagalar topary, dowamly keselleri bolan adamlar (ýürek, dem alyş ulgamynyň, bagryň, böwregiň keselleri, ganyň keselleri, süýjüli diabet, newrologiki keselliler), bedeniň goraglylygy gowşan adamlar (onkologiki keselliler, AIW/AIDS keselliler, himiýa we steroid serişdeleri bilen bejergi alýanlar);

↪ Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri üçin näsag adam bilen işlänlerinde ýokuşma töwekgelligi has ýokary bolup, tersine, iş düzgüni bozulanda olar hem keseliň ýaýramagynyň çeşmesi bolup bilýändirler.

Dümewiň bejergisinde nähili aýratynlyklar bar?

Töwekgelçilik toparyna degişli bolmadyk adamlar bejergini alamatlara baglylykda almalydyr. Dümewiň alamatlary dörände başga adamlara ýokuşma töwekgelçiliginiň öňüni almak üçin öýde galmak zerurdyr. Bejergi keseliň alamatlaryny (meselem, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy) gowşatmaga gönükdirilen bolup, näsaglan adam öz ýagdaýyna ünsli bolmalydyr. Dümewiň alamatlarynyň agyrlaşan ýagdaýynda ýa-da gaýraüzülmeler dörände lukmançylyk işgärine ýüz tutmak zerurdyr.

Dümew keseli tassyklanan we keseli agyr hem-de gaýraüzülmeli (meselem, öýken sowuklamasy, sepsis bilen gaýraüzülen, dowamly keseli beterleşen ýagdaýynda) geçýän näsaglara wirusa garşy serişdeleri kabul etmek maslahat berilýär. Wirusa garşy dermanlary dogry we netijeli kabul etmek üçin birnäçe düzgünleri bilmelidir:

↪ Netijeli bejergini gazanmak üçin serişdeleri gijikdirmän (alamatlar döränden 48 sagadyň dowamynda) kabul etmek maslahat berilýär. Häzirki wagtda neýraminazanyň ingibitorlaryna (meselem, ozeltamiwir) degişli wirusa garşy serişdeler üstünlikli ulanylýar;

↪ Serişdeler bilen bejerginiň dowamlylygy 5 günden az bolmaly däldir, ýöne käbir ýagdaýlarda alamatlar doly geçýänçä kabul etmek maslahat berilýändir;

↪ Dümewiň bejergisinde kortikosteroid serişleri diňe başga anyk görkezmeler (meselem, demgysma keseli ýa-da saglyk bilen bagly başga kynçylyklar) bolanda ulanylmalydyr. Çünki olar bedeniň goraglylyk ulgamyny gowşadyp, başga bakterial we kömelekli ýokançlaryň goşulmagyna getirýär;

↪ Şu wagtky wagtda dümewiň hemme wiruslary adamantan toparyna degişli serişdelere (amantadin, rimantadin) durnukly bolup, bejergide diňe olaryň özüni ulanmak maslahat berilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy dümewe garşy netijeli bejergini kesgitlemek maksady bilen, her ýyl dümewiň wiruslarynyň görnüşleriniň wiruslara garşy serişdelere durnuklylygynyň monitoringini geçirýändir.

Dümew we waksinasiýa soraglary.

Sagdyn uly adamlaryň arasynda dümewe garşy waksinalar, olaryň wirus düzümi hereket edýän wiruslar bilen gabat gelmände hem goraglylyk üpjün edýändirler. Ýaşy gartaşan adamlar üçin waksinasiýa keselçiligiň öňüni almaga kömek etmese hem, gaýraüzülmeleriň döräp, ölümçilige getirmeginiň öňüni almaga kömek edýändir.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy aşakdaky ilat toparlaryna her ýylky dümewe garşy waksinasiýany geçirmegi maslahat berýär:

↪ Göwrelilere, göwreliligiň islendik möhletinde. Türkmenistanyň çäklerinde waksinasiýa göwreliligiň 22-nji hepdesinden soň geçirilýär;

↪ 6 aýlykdan 5 ýaşa çenli çagalara;

↪ Ýaşuly adamlar (65 ýaşdan uly);

↪ Dowamly keselleri bolan adamlar;

↪ Saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri.

BSGG adamlaryň arasynda hereket edýän dümewiň wiruslarynyň üýtgeme monitoringini geçirip, ýylda iki gezek dümewe garşy waksinalaryň düzümini üýtgedýändir.

Dümew bilen kesellemegiň öňüni alyp bolarmy?

Dümew bilen kesellemegiň we ony ýaýratmazlygyň öňüni almak üçin lukmanlar indiki ýönekeý, ýöne netijeli düzgünlei berjaý etmegi maslahat berýärler:

↪ Degişli gigiýena çäreleri- üsgürmede ýa-da asgyrmada agzyň salfetkalar bilen tutulmagy we olaryň dogry zyňylmagy;

↪ Dümewiň alamatlary bolan adamyny başga adamlardan aýyrmak we gatnaşyklary çäklendirmek;

↪ Gözleri, burny we agzy ellemekden gaça durmak.

Çeşme: BSGG

  • 370 gezek okalan