• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • AKUPUNKTURA: PEÝDASY WE GARŞY GÖRKEZMELER

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AKUPUNKTURA: PEÝDASY WE GARŞY GÖRKEZMELER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

akupunkturaAkupunktura (iňňe bilen bejergi) – gadymy bejeriş usuly bolup, onuň netijeliligi häzirkizaman lukmançylygynda hem ykrar edilendir. Akupunktura bedeniň anyk bellenilen nokatlaryna derasty inçejik iňňeleri goýmak arkaly geçirilýär.

Akupunktura bejergisi nämä esaslanan?

Iňňe goýup bejermek usulynyň watany Hytaý hasaplanyp, bu usul çžen-szýu ady bilen bellidir. "Akupunktura" (acus – "iňňe" we punktura – "sançmak") sözi latynçadan gelip çykyp, has soň Ýewropada ulanylyp başlanýar.

Akupunktura hytaý lukmançylygynda resmi taýdan ykrar edilip, goşmaça bejergi usuly hökmünde ulanylýar. Usulyň esasy manysy adam bedeninden geçýän meridianlara esaslanýar. Şol meridianlar ýaşaýyş energiýasynyň hereketini amala aşyrýan kanallar hasaplanylýar we içki agzalary deriniň üsti bilen baglanyşdyrýar. Meridianlaryň ugry boýunça biologiki işjeň nokatlar hereket edýär we olaryň kömegi bilen daşky gurşaw bilen arabaglanyşyk saklanylýar.

Beden meridianlary boýunça ýaşaýyş energiýasynyň hereketleri bozulanda alyş-çalyş hadysalary, gan aýlanyşygy bozulyp, keselleriň döremegi üçin şertler döreýär. Akupunktura nokatlaryna dogry täsir etmek bilen, refleksoterapewt lukmany energiýanyň ugurlaryny dogrulaýar we bedende deňagramlylygy ýola goýýar.

Akupunktura nokatlary nirede ýerleşýär?

Gadymy Gündogar akupunktura bejergisinde 600-e golaý biologiki işjeň nokatlar belli bolsa hem, döwrebap akupunkturada 150 sany nokat ulanylýar. Nokatlar tertipleşdirmeler esasynda 14 kanallaryň birine degişli edilip, bedende çalt tapylmagy üçin şert döredilýär. Nokatlary tapmak üçin lukman anatomiki bellikleri ulanýar – süňkler, beden çukurjyklary, oňurgalar, bogunlar, myşsalar we deri gasynlary. Bedende biologiki işjeň nokatlara baý bolan ýerler ulanylýar: kelläniň depesi, gaşlaryň arasy, çekgeler, aşaky äň, dabanyň aşagy, barmaklaryň ujy, gulak ýelkeni, aýalar, göbegiň ýany, arka, tirsegiň yzky tarapy, dyzyň arka tarapy, birinji bil oňurganyň ýany. Nokatlary tapmak üçin lukman beden böleklerini barmak bilen ölçeýär.

Akupunkturanyň täsirliligi nämede?

Iňňe bilen bejergi bedeniň içki mümkinçiliklerini işjeňleşdirip, kesel bilen göreşmäge gönükdirýär. Akupunkturanyň täsir ediş mehanizmi gan aýlanyşygyny gowulandyrmak, "bagt gormony" bolan endorfinleriň bölünip çykmasyny tijendirmek, dikeldiş hadysalaryny çaltlaşdyrýan biologiki işjeň maddalaryň çykmagyna itergi bermek ýaly hadysalara esaslanan.

Akupunktura bejergisi:

↪ Bedeniň alyş-çalyş hadysalaryny kadalaşdyrýar;

↪ Boýunda, arkada, bilde döreýän dowamly agyrylary aýyrýar;

↪ Bogunlaryň hereketlerini gowulaşdyrýar;

↪ Myşsalaryň dartgynlylygyny, gysylmagyny aýyrýar;

↪ Kellagyrylary aýyrmaga kömek edýär;

↪ Ýüregiň işini kadalaşdyrýar;

↪ Iýmit siňdiriş agzalarynyň hereketini dikeldýär;

↪ Gan basyşy kadalaşdyrýar;

↪ Içki agzalaryň gan aýlanyşygyny gowulandyrýar;

↪ Keýpi gowulandyrýar.

Iňňe bilen bejergi usuly 200-den gowrak keseliň bejergisinde ulanylýar. Keselleriň aglabasynyň sebäbi nerw ulgamynyň bozulmalary bilen baglydyr. Akupunktura bejergisine görkezmeleri diňe sizi bejerýän lukman belleýändir. Bejergi seanslaryny bolsa ýörite taýynlygy geçen refleksoterapewt lukmany geçirýändir.

Iňňe bilen bejerişe nähili taýynlanmaly?

Bejeriş ýörite taýynlygy talap etmese hem, netijeliligi ýokarlandyrmak üçin käbir düzgünleri berjaý etmek peýdalydyr:

↪ Bejergi seansyna özüňize amatly eşikde geliň. Metaldan bolan ownuk zatlary, el sagatlary, şaý-sepleri goýup geliň;

↪ Bejergä 2 sagat galanda agyr naharlanmadan saklanyň. Ýöne başaýlanma bolmaz ýaly, aç gelmek hem maslahat berilmeýär;

↪ Spirtli içgileri içmeden saklanyň;

↪ Bedene güýçli täsir edýän dermanlary (agyrysyzlandyryjy, rahatlandyryjy, gany suwuklandyryjy, neşe serişdeleri) kabul etmeden gaça duruň;

↪ Bejergiden öň gyzgyn wanna kabul etmekden, hammama, sauna barmakdan gaça duruň;

↪ Bejergiden 1 sagat öň fiziki işjeňlikden saklanyň;

↪ Bejergä wena damara göýberilip geçirilýän bejergiden soň derrew gelmek maslahat berilmeýär.

Bejergi seansyna başlamazdan öň refleksoterapewt lukmandan bejerginiň täsirliligi, dowamlylygy barada maglumat we başga sizi gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogaplary almaga çalyşyň.

Bejergi wagty adam näme duýup biler?

Iňňe bilen geçirilýän bejergi wagty adam güýçli oňaýsyzlyklary duýmaly däldir. Ýöne gowşak döreýän agyryly duýgular duýlup biler, çünki bu ýagdaý iňňeleriň dogry ýerleşýändigini alamatlandyrýandyr. Gowşak döreýän agyrylardan başga-da, adam gurşma, sançma, gysylma duýup biler. Bu alamatlar iňňäniň biologiki işjeň nokada edýän täsiriniň netijesinde döreýän "energiýanyň gelmek fenomenidir".

Eger agyry güýçli bolup, çekilme ýa-da elektrik togy uran ýaly häsiýetli bolsa, lukmana ol barada habar bermelidir. Şeýle duýgular iňňäniň oňaýsyz ýerde goýlandygyny ýa-da nerw süýüminiň zeperlenendigini aňladyp biler.

Bejergi seansyndan soň näme etmek bolmaýar?

Iňňe bilen bejergiden soň biraz dynç almak maslahat berilýär. Şeýle hem, gyzgyn wanna kabul etmek, hammama barmak, spirtli içgileri, köp mukdarda kofe içmek, agyr fiziki işjeňligi, sport türgenleşmeleri geçirmek maslahat berilmeýär.

Akupunktura zyýan edip bilermi?

Iňňe bilen bejergi geçirilende güýçli nerw dartgynlylygy bolan, howsalaly, bejergi seansyndan gorkýan adamlarda seýrek ýagdaýlarda özünden gitme bolup biler. Bejergi wagty juda ýadaw bolsaňyz, nädogry ýatsaňyz ýagdaýyňyzyň üýtgemegi ýüze çykyp biler. Bejergi seanslarynyň sany köpeldigiçe, olara bedeniňiz şonça uýgunlaşar. Iňňe bilen uly gan damarlary şikeslenende gan öýmeleriň döremegi mümkin bolup, olar 5-7 günden aýrylyp gidýändirler.

Akupunkturanyň zyýan berip biljek ýagdaýlaryna ýol bermezlik lukmanyň tejribesine we taýynlygyna, ulanýan gurallarynyň hiline we arassaçylyk düzgünlerini berjaý edişine gönüden-göni baglydyr.

Akupunktura geçirmäge garşy görkezmeler barmy?

Iňňe bilen bejergi usuly howpsuz usullara degişli edilse-de, käbir ýagdaýlaryň bolmagy ony geçirmäge garşy görkezme bolup bellenilip bilner:

↪ Islendik ýerde dörän howpsuz we howply täze döremeler;

↪ Ýag gatlagynyň azalmagy bilen dörän horlanma;

↪ Ýiti tromboemboliýa;

↪ Iňňe goýulmaly ýerde deriniň zeperlenmegi;

↪ Ýiti ýokanç keseller;

↪ Ganyň lagtalanmagynyň bozulmagy bilen alamatlanýan keseller;

↪ Ýüregiň we gan damarlaryň dowamly keselleri;

↪ Guragyry, işjeň fazada;

↪ Nerw ulgamynyň doga kemçilikleri;

↪ Ýiti hirurgiki keseller (appendisit, pankreatit, peritonit);

↪ Göwrelilik döwri;

↪ 5 ýaşa çenli çagalar;

↪ 70 ýaşdan uly adamlar.

Iňňe bilen bejergi netijesinde sagalma näçe wagtdan soň gazanylyp bilner?

Akupunktura bejergisi keseliň alamatlaryna däl-de, oňa getiren sebäbine täsir edýär. Bejergi täsirliligi "toplanma" häsiýete eýe bolup, diňe 2-3 seansdan soň doly sagalma bolup bilmeýär. Ilkinji seanslarda agyryly alamatlar aýrylsa, soňky bejergi tapgyrlary adamyň ýagdaýynyň gowulaşmagyna ýardam edip biler.

Bejergi netijesinde sagalma keseliň agyrlygyna we dowamlylygyna baglydyr. Lukman ortaça bejerginiň bir tapgyryna iňňe bilen täsir etmäniň 8-10 seansyny belläp biler. Has agyrlaşan ýagdaýlarda 20 seansa çenli uzaldylýandyr.

Ulanylan ceşmeler:

Дебора Бликер " Акупунктура: Практическое руководство"

Лао Минь "Атлас исцеляющих точек"

  • 666 gezek okalan