Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ÝAKYN GATNAŞYKDA PSIHOLOGIK ZORLUGYŇ ALAMATLARY
Psihologik zorluk adama göze görünýän şikes ýa-da ýara salmaýar, emma adamyň erkini elinden bermegine we özüne bolan ynamy peselip, içinden yza çekmegine alyp barýar.
Psihologik zorluk emosional ýa-da psihologik taýdan basyş etmegi, gorkuzmagy, manipulýasiýany öz içine alyp, pidada gysga we/ýa-da uzak möhletleýin psihologik trawma galdyrýar.
Zorluga, elbetde, diňe erkek kişi däl, aýal hem baş goşup bilýär, emma köplenç aýallar zorlugyň pidasy bolýarlar.
Manipulirleýji adamda nähili alamatlar bolýar?
↪ Kontrolynda saklaýar. Ol zulum edýän ýakyn gatnaşykdaky ýoldaşynyň her bir ädimine gözegçilik edýär we ýoldaşyna özbaşdak hereket etmäge rugsat bermeýär. Meselem, onuň geýýän eşiklerini, özüni alyp barşyny, kimler bilen gatnaşjagyny, näme kärde işlejegini we nähili güýmenjeleriniň bolmalydygyny kontrol edýär.
↪ Gabanjaňlyk edýär. Gabanjaňlyk ýakyn gatnaşyklarda adaty duýgy bolsa hem, gabanjaňlygy bahana edip ýoldaşyň erkinligini çäklendirmäge ýa-da gündelik durmuşyny üýtgetmäge synanyşmak zulumyň alamatydyr. Sagdyn gatnaşyklarda adam ýoldaşyny emlägi hökmünde görmeýär we oňa ynam edýär.
↪ Hereketlerine jogapkärçilik çekmezlik. Zorluk edýän adam pidanyň özüni şeýle hereket etmäge iterendigini (meselem, "gaharymy getirdi") nygtap, pidany günäkärleýär. Şeýdip hem, öz etmişleri üçin pidany jogapkär edip goýýar.
↪ Haýbat atmak. Zorluk ediji pidany gorkuzmak ýa-da oňa diýenini etdirmek üçin haýbat atýar. Meselem, mebelleri jarkyldatmak, şahsy zatlary döwmek, töweregindäki zatlary depelemek.
↪ Adalatsyz düzgünleri girizmek. Eger-de adam öz arkaýyn edýän hereketlerini ýakyn ýoldaşyna etmegi gadagan etse, bu zulumyň alamatydyr. Meselem, zulumçynyň özi dostlary bilen islän çagy üýşýär, emma ýoldaşyny joralary bilen üýşmeleňe ugratmaýar.
↪ Egosentrizm. Beýle häsiýetli adam ýoldaşynyň zerurlyklary we islegleri barada pikir etmeýär. Gatnaşykda hemişe özüni birinjilik goýýar we öz isleglerine görä hereket edýär.
↪ Hakykaty üýtgedýär ýa-da ýoýýar. Zorlaýjy pidanyň hakykaty görşüni manipulirleýär we faktlary üýtgedip, ony wakalary ýalňyş ýatlaýandygyna ýa-da zatlara nädogry düşünýändigine ynandyrýar. Şeýdip, pidada şübhe we ynamsyzlyk döredip, pidanyň yzygiderli çekinmegine we aljyramagyna sebäp bolýar.
Zorlaýjy pidany utandyrmak we müýnürgetmek maksady bilen belli sözleri hem ulanyp bilýär. Olaryň käbiri:
↪ Men üýtgemeýän, meni bolşum ýaly kabul et.
↪ Seni hiç kim mençe söýmez.
↪ Meni taşlap gitseň özümi heläklärin.
↪ Hemme zada sen günäkär.
↪ Sen menden başga hiç kime gerek däl.
↪ Meni ýürekden söýýän bolsaň edersiň.
↪ Hawa, men däli – meni diňe sen halas edip bilersiň.
↪ Men hemme zady söýgümiz üçin edýän.
Psihologik zorluk adamyň psihologik saglygyna çynlakaý zyýan ýetirýär. Ol adamyň içinde yzygiderli gorky, utanç, ahmyr duýgularyny döredip, özüne bolan ynamyny ep-esli peseldýär. Netijede, pida üçin bu ýagdaýdan halas bolmak kynlaşýar. Ýakyn gatnaşykda bolsaň zorlugy wagtynda aňşyrmak möhümdir. Eger sen zorlukly gatnaşykdadygyňy duýsaň, ynamdar adamlaryňdan ýa-da professional işgärlerden kömek soramakdan gorkma.
Islendik gatnaşykda hem öz araçäkleriňi belli etmek we her bir adamyň hormata we goldawa mynasypdygyna düşünmek zerurdyr.
- 613 gezek okalan