Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
NÄDIP KO-BAGLYLYKDAN ÇYKMALY WE SAGDYN GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMELI?
"Ko-bagly adamlar başgalary özlerinden beter söýýärler" diýip, bu temada ýazlan esasy kitabyň awtory Melody Beattie belleýär. Ko-baglylyk (iň: codependency) çynyň bilen islemeýän zatlaryňa hem "hawa" diýmekligi, ähli zadyňy taşlap, betbagtlyga uçran ýoldaşyňy halas etmäge dyrjaşmagy ýa-da ýarawsyz dogan-garyndaşyň barada yzyny üzmän gaýgy etmegi öz içine alyp biler.
Sende ko-baglylyga ymtylma barmy?
↪ Başgalaryň zerurlyklaryny özüňkiden öňde goýýarsyňmy? Aladaçyllyk we özüňe kembaha garamaklyk sebäpli ko-bagly adamlar başgalar bilen aralarynda araçäk goýmakda we özleri hakynda ýeterlik alada etmekde kynçylyk çekýärler – netijede olaryň durmuşyny il-günüň aladasy gurşap alýar. Bu ýagdaý adamy ýadadýar, gaharlandyrýar we ynjadýar hem-de depressiýa ýaly psihiki bozulmalara hem sebäp bolup bilýär.
↪ Başgalar tarapyndan hemişe makullanylmak isleýärmiň? Ko-bagly adamlaryň yzygiderli tassyklanylasy gelip bilerler, ýakynlaryna ýaranmak üçin boluşlaryny üýtgedip hem-de ýakynlarynyň tamasyny ödemeseler birahatlanyp we gaýga batyp bilerler. Bu köplenç gatnaşyga aşa bagly bolmaga alyp barýar, ýagny adam edil neşe serişdesine baglanyşy ýaly, gatnaşyga ýa-da adama özüni baglaýar we gatnaşyklaryna başgalara nähili derejede gereklidigi bilen baha berýär.
↪ Maşgalaňdaky bir adamyň zyýanly endikleri ýa-da näsaglygy seniň emosional saglygyňy kesgitleýärmi? Meselem, eger-de ko-bagly adamyň ýoldaşy içegen bolsa, ol ähli güýç-kuwwatyny ýoldaşyna içgini taşlatmaga sarp etmegi mümkin. Ol söýgüsi bilen ýoldaşyny halas edip biljegine ynanyp, onuň ähli haýyşyny bitirip, gatnaşykdaky meseleler üçin özüni günäkärläp we ýagdaýyň düzelmegi üçin hemme zada taýýar bolup biler.
Ko-baglylykda başgany goldamak düşünjesi adatça sagdyn hasaplanylýan goldawyň we ýardamyň çäginden çykyp gidýär. Eger sen ko-bagly hereketleri edýän bolsaň, onda sen adama diňe wagtlaýyn kömek teklip etmeýärsiň (meselem, ýakyn adamyň kyn güne düşende). Oňa derek, seniň durmuşyň gije-gündiz başganyň aladasyny etmek bilen gurşalýar we sen onuň içinde özüňi ýitirýärsiň, erkinligiňi eliňden aldyrýarsyň.
Ko-baglylyk saňa nähili zyýan edýär?
Ko-bagly adam özi bilip ýa-da bilmezden durmuşyny zyndana öwürýär. Ol özüni baglan adamsy bilen gatnaşygyndan daşarda many görmeýär. Ýalňyz galmakdan örän gorkýar we durmuşdan ýa-da dürli güýmenjelerden ýekelikde lezzet alyp bilmeýär. Bagly adamsynyň zyýanly endikleri ýa hereketleri nähili derejede erbet hem bolsa, ony aklamaga sebäp tapýar we onuň diňe gowy taraplaryna üns berýär. Şeýlelik bilen hem, ýakynynyň zyýanly hereketlerini dowam etmegine şert döredýär. Gatnaşykda jogapkärçiligiň agramly bölegini öz üstüne almaga taýýar bolýar, çünki "ýok" diýmek oňa örän kyn we ol öz gymmatyny başgalaryň gözünden gözleýär. Başgalara ýaranjak bolup adamyň yzygiderli özüni gurban etmegi ony diýseň ýadadýar, howsalalylyga we umytsyzlyga iterýär, eger bejerilmese depressiýa, ejizlige, özüňe kembaha garamaklyga we durmuşyň boşap, manysyny ýitirmekligine alyp barýar.
Ko-bagly gatnaşykdan nädip halas bolmaly?
↪ Araçäkleriňi kesgitle. Başga biriniň halasgärine, idegçisine ýa-da aladaçysyna öwrülmezden öňünçä muňa nämäniň iterýändigine düşünmäge çalyş. Sen çyndan hem kömek etmek isleýärmiň ýa-da başgany kontrol etmek isleýärmiň? Araçäkleriňe düşünmek we ony başgalara belli etmek arkaly sen öz saglygyňy goraýarsyň we başgalara näçeräk mukdarda wagt we energiýa sarp etmelidigiňi anyklaýarsyň.
↪ Ilden öňürti öz aladaňy et. Muny "diňe özüňi bilmek" düşünjesi bilen garyşdyrmaly däldir. Öz saglygy ýa durmuş ýagdaýy düzüw bolmadyk adam başgalara netijeli kömek edip bilmeýär. Adam diňe ýeterlik uky alanyndan, kanagatlanarly iýmitleneninden we özüne aýawly seredeninden soňra durmuşynda başgalara näçeräk ýer berip biljegini dogry kesgitläp biler.
↪ Islegleriňi we zerurlyklaryňy anykla. Muny etmegiň iň aňsat usuly: galam we kagyz al-da, näme isleýändigiňi we özüňe nämäniň zerurdygyny ýaz. Meselem, "men ikitaraplaýyn gatnaşyklary isleýärin" ýagny, iki tarapyň hem deň derejede birek-birege hormat, gadyr we goldaw görkezmesi. Iň çuňňur zerurlyklaryňy aýyl-saýyl etmek we olary durmuşa geçirip başlamak has sagdyn aragatnaşyklaryň başlangyjy bolup biler.
↪ Professional kömek al. Eger ko-baglylykdan ejir çekýändirin öýtseň, psihologa ýüz tut. Saglyk professionallary saňa ýagdaýyňa has içgin düşünmäge we hereketleriňi üýtgetmäge kömek edip bilerler.
- 156 gezek okalan