• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • DOSTLUK BILEN DURMUŞYŇY BAÝLAŞDYR WE SAGLYGYŇY BERKIT

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DOSTLUK BILEN DURMUŞYŇY BAÝLAŞDYR WE SAGLYGYŇY BERKIT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

dostluk bilen durmusyny baylasdyrÝakyn dostlukly gatnaşyklaryň adamyň durmuşyna ýakymly täsirleri uly bolýar. Emma dostlaşmak we dostlugy gorap saklamak ýeňil iş däl. Jebis we sagdyn dostlugyň syrlary nämedekä?

Ýakyn we sagdyn dostlugyň peýdalary

Gowy dost-joralar saglygyň üçin hem gowudyr. Dost-ýarlar saňa gowy günüňde deň gülşüp, erbet günüňde deň aglaşyp, arka durýarlar. Ýakyn dostlary bolan adam özüni ýalňyz duýmaýar. Ýaramly dostlar şeýle-de:

↪ Seniň durmuşyňa many goşýarlar;

↪ Stresiňi azaldyp, şatlygyňy köpeldýärler;

↪ Özüňe bolan ynamyňy beýgeldýärler;

↪ Kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek edýärler;

↪ Saglygyňa zyýanly bolan endikleri üýtgetmäge höweslendirýärler (meselem, köp içmeklik ýa-da fiziki hereketiň azlygy);

↪ Ýakyn we ýaramly dost-ýarlary bar bolan hem-de sosial goldawy güýçli adamlaryň has uzak ýaşaýandygyny hem ylmy barlaglar görkezýärler.

Dostlaşmak ýa-da dostluklary gorap saklamak näme üçin käte kyn?

Adam ýaşka mekdepde ýa-da ýokary okuw jaýlarynda köp wagtyny öz ýaşyndaky adamlar bilen bile geçirýär we dostluklar aňsat we tebigy halda döreýär. Emma, adam maşgalaly bolup ýa-da iş durmuşyna başlanyndan soň, maşgalasyna we işine gümra bolýar. Käbir adamlar gartaşan ene-atalaryna seretmeli bolýarlar. Käbirleri başga ýerlere göçüp gidýärler. Şeýdip ençeme durmuşy sebäplere görä dostluklaryň arasy açylyp bilýär.

Sagdyn dostlugyň belli bir sany barmy? Näçe sany dostuň bolsa peýdaly?

Dostluga gezek gelende hem, hil mukdardan has möhümdir. Her adamyň özüne näçe sany dostuň has peýdalydygyny özi çözmelidir. Arabaglanyşygyň gowşak bolan ençeme dostuň we tanyşyň bolanyndan, jebis we mährem gatnaşýan sanlyja dostuň bolany saglygyň üçin has gowy bolup biler.

Täze dost-joralary nädip tapmaly?

Eger biriniň saňa gowy dost bolup biljegine ynamyň bar bolsa, ilkinji ädim onuň bilen aragatnaşyga geçmekdir. Bu ädim hemişe iň kynydyr. Eger ikizi hem tanaýan adamlar bar bolsa, olardan hem ikiňizi çatmagy haýyş edip bilersiň.

Täze dostlary edinmek üçin birden köp usul ulansaň iň gowy netijeleri berer.

Goňşularyň bilen tanyş. Olary çaýa çagyr ýa-da bilelikde bir ýerlere gezelenje çyk.

↪ Öz gyzyklanmalaryň boýunça töweregiňde bar bolan klublara, sport toparlaryna, kružoklara, meýletin hyzmat berilýän ýerlere gidip gör. Ol ýere ýygy-ýygydan gitmek arkaly seniň halaýan zatlaryňy halaýan adamlary has köp görersiň we olar bilen ýakyn aragatnaşyk gurma mümkinçilikler köpeler.

↪ Adamlary özüň bilen wagt geçirmäge çagyr we başgalaryň çakylyklaryny kabul et. Toý-dabaralara gatnaşmak hem täze tanyşlyklary açma mümkinçiligiňi artdyrar.

Daşaryk ýöremäge çyk. Çagalaryň bar bolsa olary hem alda ýörişe ýa-da seýilgähe çyk. Ol ýerde duşýan adamlaryň bilen gürleşmäge çalyş.

Uludan dem al. Täze dostluklary gurmagyň bir günüň ýa-da bir aýyň işi däldigini ýadyňa sal. Has hem, eger seniň özüň ýygra ýa-da tolgunjaň bolsaň, öýüňden kän çykasyň hem gelmän biler. Emma, uludan dem alyp, ýoga bilen meşgullanyp ýa-da başga görnüşli özüňi rahatlandyrmaň usullaryny ulanyp, özüňe ýakyn dostluklaryň durmuşyňa nähili many we şatlyk goşjagyny ýatla.

Bar bolan dostluklary nädip gorap saklamaly?

Oýlanyşykly çemeleş. Dost-joralaryň bilen aragatnaşygy saklamaga ýörite wagt aýyr. Meselem, hepdede bir gezek bile çaýlaşmak ýa-da telefonda habarlaşmak. Muny edeniňde durmuşyňda nähili başagaýlyklar ýa-da üýtgeşmeler bolup geçse-de, dostlugyň seniň üçin möhüm bolup galýandygyny bildirersiň.

Bilelikde halaýan zatlaryňyzy etmek. Sport bilen meşgullanmak bolsun, täze iýmitleriň görnüşlerini taýýarlamak ýa-da oýun oýnamak ýa-da bolmasa diňe tebigatda wagt geçirmek, dost-ýarlaryň bilen hemmäňiziň halaýan bir zadyňyzy tapyp, şony hem yzygiderli ýerine ýetirmek hem dostluk bagyny berkider hem wagtyňy hoş geçirmäge puryja döreder.

Dostlaryň gadryny bilmek. Dost-ýarlaryňa aram-aram sagbolsun aýdyp dur. Olara seniň durmuşyňy nähili baýlaşdyrýandyklaryny ýatlat. Muny ýönekeý SMS bilen, kiçijek sowgat ýa-da bilelikde wagt geçirmek arkaly edip bilersiň.

Hiç zady gizleme. Eger araňyzda düşünişmezlikler ýa-da meseleler ýüze çyksa, olary şol bada we sypaýylyk bilen ara alyp maslahatlaşmaga synanyş. Uzak dowam edýän sagdyn dostluk üçin açyk aragatnaşyk wajypdyr. Dost-ýarlaryňdan öz duýgularyňy we ynjalyksyzlyklaryňy gizlemezlik kiçi meseleleriň ulalmagynyň we dostlugyňa zyýan ýetirmeginiň öňüni alar. Açyk aragatnaşyk dogruçyllygyň, agzybirligiň we duýgudaşlygyň özenidir.

Çeşme

  • 43 gezek okalan