• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • HER MINUTDA TELEFONYŇA SERETME ENDIGINI NÄDIP TAŞLAP BOLAR?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

HER MINUTDA TELEFONYŇA SERETME ENDIGINI NÄDIP TAŞLAP BOLAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

telefona seretme endigiBara-bara ýedi ýaşlydan ýetmiş ýaşla çenli telefonlarymyzyň guly bolup barmagymyz ýöne ýerden däl. Akylly telefonlar ýörite adamy özüne maýyl eder ýaly we özünde köp wagt geçirer ýaly edip dizaýn edilýärler. Şonuň üçin-de, telefonyny beýle köp ulanmak gerek bolmaýan ýa-da islemeýän adamlar hem özlerini saklamakda kynçylyk çekýärler.

Özüňi alyp baryş ylymlary, psihologiýa, tehnologiýa hünärmenleri telefonyň bilen araňda çäk goýmagyň netijeli ýollarynyň bardygyny aýdýarlar. Käbir adamlar muny diňe düşünjelilik we özlerine erk edip bilmek arkaly başaryp bilýärler, emma käbirlerimize biraz daşky kömek zerur bolýar.

1. Ilki bilen telefonyňy näme üçin eliňe alýandygyň anygyna ýet

Bu gün ýüzlenji gezek TikTok-y barlamak üçin ýene telefonyňa el uzadanyňda, özüňi duýşuňa üns ber. Köpler ýadawlyk, keýpiçökgünlik ýa-da içgysma ýaly duýgulary başdan geçirenlerinde sosial mediýa güýmenegen bolýarlar. Her gezek telefonyňa el uzadanyňda "Muny nähili sebäp bilen edýärin? Şol sebäbe başga nähili ýollar bilen çemeleşip bilerin?" diýip öz-özüňe sorag bermek bu hereketiň manysyna düşünmäge kömek edýär. Köplenç passiw sosial mediýa skrollingiň ýerini irkilmek, ýakyn adamyň bilen gürleşmek ýa-da lezzet alýan zatlaryň bilen meşgullanmak bilen çalşyp bolýar.

2. Wagtlaýyn islegleriňe gulak asmazlygy endik edin

Hünärmenler wagtlaýyn islegleri tolkunlara meňzedýärler. Olar kem-kemden ulalyp, soňra-da ýene kiçelip ýitip gidýärler. Diňe telefonyňa el uzatma isleginiň dörändigi üçin ol islegi ýerine ýetirmeli diýen zat ýok. Şeýle esassyz islegleri ünsden sowmagy we herekete geçmezligi näçe köp türgenleşseň, şonça-da wagtlaýyn islegleriňe ÝOK diýmek aňsatlaşar.

3. Endikleriňi üýtget

Eger-de her minutda telefonyňy barlap durma endigiňi taşlamak isleseň, onda ilki endigiň nädip döreýändigini öwren. Hünärmenleriň bellemegine görä, endik haçanda 3 zat bir ara gelende döreýär: şol zady etmäge bolan höwes, şol zady etmäge bolan ukyp we şol zady etmäge iterýän sebäp. Eger-de bu üç zynjyryň birini üzüp bilseň, endigi hem taşlap bolýar. Telefona gezek gelende, muny etmegiň ençeme ýoly bar: Duýduryşlary öçürmek; telefonyňy diňe ak-gara görnüşe geçirmek; öýde telefonyňy diňe belli bir otagda ulanmak (meselem, aşhanada ýa-da ýatylýan otagda ulanmazlyk); telefon ulanma sagatlaryny çäklendirmek; özüne çekiji priloženiýeleri telefonyňdan aýyrmak.

4. Telefonyňy ýatýan otagyňdan uzakda sakla

Agşamlaryna we gijelerine telefon ulanmazlyk diňe bir ukyň gowulaşmagyna kömek etmän, eýsem telefonyňy bir günüň içinde umuman has az ulanmagyňa hem kömek eder. Ýatylýan otagda telefon goýmak oňa islendik wagty el ýetirmegi hem aňsatlaşdyrýar. Şonuň üçin, iň gowusy ýatylýan otaglara elektron enjamlary salmazlykdyr.

5. Telefon ulanmagyňy kynlaşdyr

Ýokarda hem bellenilişi ýaly, telefon ulanma endigini ençeme has durmuşyňy baýlaşdyryjy güýmenjeler, duşuşyklar we endikler (täze zatlary öwrenmek, tebigatda wagt geçirmek, sport bilen meşgullanmak, dost-ýarlaryň bilen görüşmek we baş.) bilen çalşyp bolýar. Mundan başga-da, telefonda geçirýän wagtyňy çäklendirmäge kömek edýän ençeme priloženiýeler (one sec, ScreenZen) bar. Opal, Freedom ýa-da Brick ýaly programmalar bolsa saýlan priloženiýeleriňi we saýtlaryňy wagtlaýynça bloklamaga mümkinçilik berýärler. Päsgelçilikleri näçe köpeltseň, telefonyňy ulanmak hem şonça kynlaşar.

Çeşme

  • 19 gezek okalan