• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • YSSYDA DAŞARY ÇYKMALY BOLSAŇ, BU 8 ÝALŇYŞLYGY GOÝBERME

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

YSSYDA DAŞARY ÇYKMALY BOLSAŇ, BU 8 ÝALŇYŞLYGY GOÝBERME

  • Lukman
1 1 1 1 1

yssyda dasary cykmaly1. Gyssagly we taýýarlyksyz daşary çykmak

Haçanda tomsuň ýylylyk tolkuny bedene birden uranda, beden şoka girip bilýär. Esasan-da ençe wagtlap içerde, kondisionerli ýerde oturyp birden birnäçe sagatlyk daşary çykmak maslahat berilmeýär. Eger-de yssy howada uzak wagtlap daşarda boljagyňy bilýän bolsaň, onda öňünden yzygiderli az wagtlyk daşary çykyp bedeniňi öwrenişdir. Esasan-da çagalaryň bedeni gyzgyna haýal öwrenişýär. Şonuň üçin, olary daşarda wagt geçirmäge taýýarlamak has köp sabyrlylyk talap edýär.

2. Çykmazdan öň we soň suwsuzlygyňy gandyrmazlyk

Daşary çykmazdan öň suw içmek we ýanyň bilen suw alyp çykmak yssy howada saglygyň üçin edip biljek işleriň iň peýdalysy bolsa gerek. Tomusda daşardakaň suw içmek üçin suwsamagyňa garaşma. Suwsap başlamak eýýäm bedeniň 10-25% suwsuzdygyny aňladýar. Köp adam adaty günde hem ýeterlik suw içmeýär, şonuň üçin yssy günlerde içýän suwuň mukdaryny iki esse köpeldip bilersiň. Bedeniň suwlulygynyň iň gowy alamaty bolsa peşewiňdir – onuň reňki näçe dury bolsa şonça gowy.

3. Gyzgyn maşynda çydap oturmazlyk

Duran maşynyň içi gysga wagtda aşa gyzyp bilýär we muny käte içindäki adama duýmak kyn bolýar. Aýnalardan urýan gün we aýlanyp duran ýylylyk tolkunlary hatda kondisioneri işläp duran maşynyň içini hem gaýnaýan gazana dönderip bilýärler. Telefonda jaňa zada güýmenip, duran maşynyň içinde döräp biljek howply gyzgynlyga geleňsizlik etme.

4. Yssyda ýakmaýan derman serişdeleri ulanmak

Käbir derman serişdeleri adamy gyzgynlyga has çydamsyz hala salyp bilýär. Meselem, gan basyşyň dermanlary ýa-da peşew haltanyň, demgysmanyň we tutgaýyň dermanlary ýaly serişdeler bedeniň suwuny azaldýarlar. Onuň üstesine ýene-de derledip, bedeniňden suwlaryň ýitirilmegine getirýän yssy howa adamy örän howply ýagdaýa salyp bilýär. Eger yzygiderli derman içýän bolsaň, lukmanyňdan onuň suwsuzlandyrma täsirleri barada sorap bilersiň.

5. Yssy howa bilen baglanyşykly keselleriň alamatlaryny ünsden sowmak

Bedeniň aşa gyzýandygyny bildirýän ilkinji alamatlar beýle bir gorkuly bolman biler: derlemek, ýadawlyk, baş aýlanma we kelleagyry. Emma bular gyzgynlygyň hüjüm edýändiginiň aýdyň yşaratlarydyr we gözden salynmaly däldir. Çünki bu alamatlar gysga wagtyň içinde ýaramazlaşyp, bedeniňi suw içmek bilen hem dikeldip bolmajak ýagdaýa salyp biler.

6. Lukmançylyk kömegini haçan almalydygyny bilmezlik

Eger-de ýanyňdaky adamda gyzgynlygyň ýaramaz alamatlary ýüze çykyp başlasa, ony salkyn ýere geçir we suw ýa-da sport içgisini ber we derisini ölle. Onuň artykmaç eşiklerini hem çykaryp bilersiň (köwüşlerini, joraplaryny we penjegini). Ondan ünsüňi sowma. Eger 30 minutdan soň hem onuň ýagdaýlary gowulaşmasa ýa-da bu wagtyň dowamynda ol beterleşip başlasa (ýürek urma çaltlaşsa, dem alma kynlaşsa we baş aýlanma beterleşse), lukmana ýüz tut ýa-da ýaşaýan ýeriň tiz kömek gullugyna jaň et. Eger-de adamy ýalyn ursa, ol özünden gidip, içki organlaryna zeper ýetip bilýär – bu ýagdaýda lukmançylyk kömegi gaýragoýulmasyzdyr.

7. Giňiş we açyk reňkli eşikleri geýmezlik

Eger-de yssy howada daşarda wagt geçirýän bolsaň, geýýän egin-eşikleriň ähmiýeti uludyr. Egniňde giňiş oturýan we ýeňil eşikler bedeniňden gyzgynlygyň has aňsat bugaryp gitmegine kömek etse, açyk reňkli eşikler ýapyk reňklere garanda gelýän ýylylygy yzyna serpikdirýärler.

8. Alkogoldan daş durmazlyk

Gyzgyn howada daşarda üýşmeleňe gatnaşmaly bolsaň, hatda sowadylyp berilýän alkogolly içgileri hem içmezlik iň gowusydyr. Yssyda alkogol bedeni has çalt suwsadýar. Alkogolyň diňe bir bedeniň suwuny ýitiriji täsiri bolman, eýsem ol seniň pikirleniş ukybyňy hem peseldýär – munuň netijesinde adam ýalyn urmasynyň alamatlaryny gözden salyp biler.

Çeşme

  • 6 gezek okalan