Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
B12 WE FOLAT WITAMINLERINIŇ ÝETMEZÇILIGI HRONIKI ÝADAWLYK BILEN BAGLANYŞDYRYLÝAR
Yzygiderli ýadawlygy başdan geçirýän bolsaň, ol diňe stres sebäpli däl-de, seniň iýmitlenişiňdäki meseleleri yşaratlandyryp biler.
Ýakynda ylmy barlagçylar B12 we folat witaminleriniň ýetmezçiliginiň hroniki ýadawlyga (dynç almak bilen hem doly aýrylmaýan, ötüşen ýadawlyk) sebäp bolýandygyny öwrendiler. Hatda sagdyn adamlaryň hem ganlarynda bu ikisi az bolsa, olar has köp ýadagan we höwesden gaçagan bolýarlar.
Hroniki ýadawlyk adamlaryň köp işleýän we az dynç alýan döwrebap durmuşynda ýygy duş gelýän ýagdaýa öwrüldi. Ýadawlyk üçin köplenç stres we ukusyzlyk günäkärlenilse-de, ylmy barlagçylar nädogry iýmitlenmegiň hem munda möhüm rol oýnap bilýändigini belleýärler.
Ýaponiýanyň Osaka Metropolitan uniwersitetiniň ylmy barlagçylar topary 600 töweregi sagdyn ýaponlylaryň gatnaşmagynda kliniki synag geçirdiler. Gatnaşyjylaryň ganlary barlagdan geçirildi, esasan-da onuň düzümindäki folat (B9) we B12 witaminler ölçenildi. Soňra birnäçe usullar arkaly gatnaşyjylaryň ýadawlyk we höweslilik derejeleri hem ölçenilip, bular ganyň netijeleri bilen deňeşdirildi. Netije: jynsyna garamazdan, B12 we folat derejeleri pes bolan adamlaryň başdan geçirýän ýadawlyk we höwessizlik duýgulary uly bolup çykdy.
Bu möhüm witaminleriň ýetmezçiliginiň öňüni almak üçin, alymlar gündelik durmuşda kadaly we dogry iýmitlenmegi ündeýärler:
↪ B12 witaminlerine baý iýmitler: et önümleri, deňiz et önümleri, süýt önümleri we ýumurtga;
↪ Folatyň çeşmeleri: ysmanak ýaly ýaprakly önümler, gök-önümler, noýbalar we däneler, miweler.
- 6 gezek okalan