• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • SÜÝJI KESELINDEN ÖŇKI DURALGA: PREDIABET

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SÜÝJI KESELINDEN ÖŇKI DURALGA: PREDIABET

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

suyji keselinden onki duralga prediabetPrediabet (iň. prediabetes) haçanda gandaky şekeriň (glýukoza) mukdary adaty bolmalysyndan biraz ýokary bolsa ýüze çykýar. Bu ýagdaýda gan şekeri heniz 2-nji derejeli süýji keselindäki ýaly ýokary däl, emma durmuş endiklerini üýtgetmezden, prediabetli ulularda we çagalarda 2-nji derejeli süýjüligiň döreme ähtimallygy uludyr. Şeýle-de, adam prediabete çäre görmän gezse, edil süýji keseli ýaly, wagtyň geçmegi bilen ýürek, gan damarlary we böwrekler zeperlenýär.

Sebäpleri

Hünärmenler prediabetiň anyk sebäplerini bilmeýärler, ýöne maşgala taryhy we genler rol oýnap bilýärler. Mälim bolan anyk zat: prediabetli adamlar gan şekerini normada saklamakda kynçylyk çekýärler.

Bedendäki glýukozanyň, ýagny şekeriň köp bölegi iýmitden gelýär. Sen iýen iýmitiňi siňdireniňde onuň düzümindäki şeker gan damaryňa girýär. Insulin bu şekeri öýjüklere paýlaýar we şeýdip gandaky şekeri kadada saklaýar.

Aşgazanyň edil arkasynda ýerleşýän mäz, ýagny aşgazanasty mäzi insulin bölüp çykarýar. Sen iýmit iýeňde aşgazanasty mäziň ganyňa insulin ugradýar. Haçanda gandaky şekeriň derejesi peselip başlanda, aşgazanasty mäz hem çykarýan insulinini azaldýar. Prediabete uçran beden bu işi doly ýerine ýetirip bilmeýär. Netijede, gandaky şeker öýjükleriňe paýlanman, gan damarlaryňda üýşýär. Munuň esasy iki sebäbi:

↪ Ýa aşgazanasty mäz ýeterlik insulin bölüp çykarmaýar;

↪ Ýa-da beden öýjükleri kän şeker kabul etmeýär. Muňa insuline durnuklylyk diýilýär.

Alamatlary

Prediabetiň köplenç aýdyň simptomlary bolmaýar. Mümkin bolan bir alamaty bedeniň belli ýerlerinde deriniň garalmasydyr. Meselem, boýunda, goltuklarda ýa-da satanda deriniň reňki goýalyp biler.

Töwekgelçilik faktorlary

2-nji derejeli süýji keseliniň döreme ähtimallygyny ýokarlandyrýan töwekgelçilik faktorlary prediabetiň hem döreme ähtimallygyny ýokarlandyrýarlar.

Beden agramy. Semizlik prediabetiň esasy töwekgelçilik faktorydyr. Bedeniňde näçe ýag köp bolsa, öýjükleriň hem insulinden şonça köp ýüz öwürýär.

Bil ölçegi. Biliň aşa ýogynlygy bedeniňde insuline durnuklylygyň bardygyny aňladyp biler. Erkeklerde biliň ölçeginiň 102 santimetrden we aýallarda 88 santimetrden ýokary bolmasy prediabet we süýjülik töwekgelligini ýokarlandyrýar.

↪ Iýmitlenme. Gyzyl ete, işlenilen önümlere, doýgun ýaglara we şekere baý iýmitleri köp iýmek hem prediabete uçramak bilen baglanyşdyrylýar.

↪ Hereketiň näçe az bolsa, diňe bir prediabet däl, dürli keselleriň döreme ähtimallygy ýokarlanýar.

Ýaş. Diabet umuman islendik ýaşda döräp bilýär, emma 35 ýaşdan soňra onuň töwekgelçiligi artýar.

Maşgalaňda (ene-ataň ýa-da doganlaryň) 2-nji derejeli süýji keselli adamlaryň bolmasy.

↪ Göwrelilikde süýji keseli. Göwrelilikde diabeti başdan geçiren aýallar we olaryň çagalary, şeýle-de agramy kadadan pes doglan çagalar soňra prediabete ýakyn bolýarlar.

Ýumurtgalyklaryň polikistoz sindromy. Bu kesel aýbaşylaryň kadasyz bolmagyny, aşa tüý ösmesini we semizligi öz içine alyp, prediabet töwekgelligini hem galdyrýar.

↪ Ýeterlik we çuň uky alyp bilmezmik ýa-da ukyňy bozýan keselleriň bolmagy.

Çilim çekmek.

Gan basyşyň ýokary bolmasy.

Bedeniňde "gowy" holesteriniň (HDL) az bolup, trigliseridleriň köp bolmasy.

Semizlige eltýän belli keselleriň we ýagdaýlaryň bolmasy.

Prediabetiň bardygyny nädip bilmeli?

Eger ýaşyň 35-den geçen bolsa ýa-da sende ýa-da 10 ýaşdan geçen çagaňda semizlik, maşgala taryhynda süýjülik ýa-da prediabetiň we diabetiň ähtimallygyny artdyrýan beýleki faktorlar bar bolsa, adatça gan barlaglarynyň üsti bilen keseli anyklap bolýar.

Öňüni alyş we bejergisi

Prediabetiň öňüni alyş we bejergi çäreleri köplenç birmeňzeşdir. Hatda diabet maşgalaňda bar hem bolsa, durmuş endikleriňi sazlamak arkaly ondan uzaklaşmak mümkin.

↪ Dogry iýmitlenmek (gök-önümleri, miweleri, maňyzlary we bitin däneleri gündelik iýmitiň esasy bölegine öwürmek);

↪ Yzygiderli hereket etmek;

↪ Artykmaç beden agramyny aýyrmak we kadaly agramda gezmek;

↪ Gan basyşyňy kadada saklamak;

↪ Ýeterlik we gowy hilli uky almak;

↪ Temmäki önümlerinden uzak durmak.

Esasy zat özüňe laýyk we hemişe ýöredip biljek durmuş stiliňi saýlap almakdyr. Diňe şonda der döküp gazanan sagdynlygyňy uzak wagtlap saklap bilersiň. Eger köne iýmitleniş we hereketsiz endikleriňe täzeden dolansaň, prediabet hem yzyna dolanyp biler.

Çeşme

  • 10 gezek okalan