• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • MELISSA DERMAN ÖSÜMLIGI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

MELISSA DERMAN ÖSÜMLIGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

Melissa derman ösümligi (Melissa officinalis) - efir ýagly ot görnüşindäki köpýyllyk ösümlik.

Melissa derman ösümligi hökmünde köp ýurtlaryň ylmy we halk lukmançylygynda 200 ýyldan gowrak üstünlikli ulanylyp gelýär. Melissanyň şypa berijilik häsiýetleri ilkinji gezek grek alymy Teofastyň «Historia plantarum»atly eserinde beýan edilendir.  

MELISSANYŇ ÝAÝRAN ÇÄKLERI WE EKOLOGIÝASY

 

Melissa Ortaýer deňzinden Pars aýlagyna çenli, Gara deňziň we Demirgazyk Afrikanyň çäklerinde duş gelýär. Şeýle-de onuň ýabany görnüşleri Merkezi we Günorta Ýewropada, Balkanda, Eýranda, Demirgazyk Amerikada, Ukrainada, Kawkazda we Orta Aziýada duşýandyr.

Awisenna takmynan  1000 ýyl mundan ozal özüniň «Lukmançylyk ylmynyň taglymaty» atly kitabynda melissanyň şypa berijilik häsiýetlerini beýan edip, şeýle ýazýar: «Ýüregi gurplandyrýar we berkidýär; iýmitiň siňmegine ýardam edýär. Beýniniň dykyn almasynda peýdaly».

Orta asyr Ýewropasynda melissa örän meşhur derman ösümligi bolupdyr. XI asyrda fransuz alymy we lukmany Odo «Ösümlikleriň häsiýetleri barada» atly eserinde melissanyň şypa berijilik häsiýetini şeýle beýan edipdir: «Haýwanlaryň dişlän ýagdaýlarynda derrew melissanyň owradylan ýapragyndan ýapgy etseň, tiz kömek edýär. Melissa demgysmalarda, aşgazan ýaralarynda hem peýdalydyr. Melissa duz garyp ýapgy etseň, itiň dişlemelerinde şypa berýär. Içgeçmesi we içagyrysy bolan hassalara hem peýdalydyr».

Melissa rahatlandyryjy serişde hökmünde hem ulanylýar. Ol içiň ýellenmesine, ýuregurma, ýürekbulanma, demgysma peýdalydyr. Şeýle-de melissanyň otundan taýýarlanylan pet bilen agzyňy çaýkasaň dişiň zaýalanmagynyň öňüni alýar. Ol diş etiniň iriňli dömmelerinde örän peýdalydyr.  

Halk lukmançylygynda ösümligiň guradylan ýapraklaryndan çaý demlenip,  işdäni açýan we bedeni berkidýän serişde hökmünde içilýär. Melissa ýüregurmada, başaýlanmada, bogunagyryda, derlediji, peşew çykaryjy we içsürüji serişde hökmünde ulanylýar. Mundan başga-da ol öýken inçekeseline, böwrek we bagyr kesellerinde peýdaly hasaplanylýar. Halk lukmançylygynda melissany nerw dykylmasynda, başaýlanmada we gulak şaňlamalarynda ulanylýar. Şeýle-de bu ösümligi nerw gowşaklygynda, ukusyzlykda peýdalanmak maslahat berilýär. Melissa agyryny aýryjy serişde hökmünde hem ulanylýar.

Mekdebe çenli ýaşyndaky çagalara derman otlaryň diňe sanlyja görnüşini berip bolýandyr. Şol sanlyja otlara melissa hem degişlidir. Ony çagalarda duş gelýän nerw kesellerinde, bogunagyrylarda, böwrek kesellerinde, holesistitlerde, çendenaşa semizlikde ulanmak maslahat berilýär.

ULANYLYŞY

Aşgazan agyrylarynda, dem alyş ýollarynyň kesellerinde, demgysmanyň käbir görnüşlerinde, nerw-ýürek kesellerinde melissa otundan taýýarlanylan pet peýdalydyr: 10g guradylyp owradylan oty 1 bulgur (200ml) suwda 10 minut gaýnadyp, hasadan süzmeli. 1 çaý çemçesinden günde 3 gezek içmeli.   

Işdäniň açylmagy we nerw ulgamyny rahatlandyrmak üçin melissa otunda çaý demlenilýär: otuň ýapraklarynda çaý demläp, ony 10 min. gaýnatmaly. Ýaralarda we bogunagyrylarda meliisa otundan ýapgy edilýär. Nerw kesellerinde, tutgaýlarda we sustupeslikde melisa otunyň petini ulanmak maslahat berilýär: 20g owradylan oty 1 bulgur gaýnag suwa demläp, 1 sagat demine goýmaly. Soňra ony hasadan süzüp, ýarym bulgurdan günde 3 gezek kabul etmeli.

Kelleagyrylary, çakyzany hem melissa otundan taýýarlanylan pet bilen bejerýärler: owradylan otuň 4 çaý çemçesini 1 bulgur gaýnag suwa demläp, 1 sagat demine goýmaly. Soňra ony hasadan süzüp, ýarym bulgurdan günde 3 gezek nahardan öň kabul etmeli.

Işdäni açmak üçin, içege sanjylarynda, içiň ýellenmesinde melissanyň otundan taýýarlanylan peti ýarym bulgurdan  günde 3 gezek nahardan öň kabul etmeli.  Şu usuly ýokarky dem alyş organlaryň sowuklamasynda, bronhial demgysmalarda hem peýdalanylsa bolýar.

Bagyr sanjylarynda melissa otunyň peti şeýle taýýarlanylýar: owradylan otuň 2 nahar çemçesini 2 bulgur gaýnag suwa demläp, 1 sagat demine goýmaly. Soňra ony hasadan süzüp, ýarym bulgurdan günde 3 gezek nahardan öň kabul etmeli.

Gulak şaňlamalarynda melissa otunyň peti arakda taýýarlanylýar: owradylan otu we aragy 1/3 gatnaşykda garyp. Bu garyndyny bir hepdäni dowamynda saklamaly. Soňra bu peti hasadan süzüp, her gezek gulaga 3-4 damja damdyrmaly.

Ulanylan Web Salgy

  • 7872 gezek okalan