• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • BIZ NÄHILI HOWADAN DEM ALÝARYS?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BIZ NÄHILI HOWADAN DEM ALÝARYS?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.93 (15 Ses)

Häzirki  döwürde  ekologlar  daşky gurşawyň, esasan-da howanyň hapalanmagy barada köp gürrüň edip, bu meseläni adamzada uly howp salyp biljek kynçylyklara degişli edýärler. Näme üçin howanyň hapalanmagynyň şeýle köp sebäbi bar? Daşarda göze görünýän hapa bolmasa-da, näme üçin bu babatda aladalanmaly? Göräýmäge, howa dury we arassa. Emma hakykatda bu asla beýle däl! Siz şäheriň belent ýerine çykyp, aşak ser salyp gördüňizmi? Şonda siz howanyň çalymtyl reňklidigini görersiňiz.

Howanyň hapalanmagy  adam üçinem, daşky gurşaw üçinem zyýanly bolup, onuň hapalanmagyna köplenç adamzadyň  hut özi sebäp bolýar.

Howanyň  düzümine kislorod, azot, suw buglary we adamzadyň ösüşi sebäpli emele gelen ownuk zyýanly maddalar girýär. Şol ownuk zyýanly maddalaryň howanyň düzümine aralaşmagy kislorodyň mukdaryny azaldýar, arassa howanyň ýetmezçiligine eltýär.

Biz gurumly tüsse, dünýä möçberindäki maýlamanyň, ozon gatlagynyň ýukalmagy barada köp zatlary bilýäris. Hakykatda bolsa, bularyň ählisi howanyň hapalanmagy zerarly ýüze çykýan hadysalardyr.

Dünýä möçberindäki maýlama nebit önümleriniň ýakylmagy netijesinde döreýän toksik emissiýalar sebäpli emele gelýär.

Ozon gatlagynyň ýukalmagy  bolsa, sowadyjy enjamlaryň  we dürli senagat mehanizmleriniň  ulanylmagy netijesinde bölünip çykýan dargadyjy himiki  toksinleri zerarly emele gelýär.

Gurumly tüsse we turşulykly ýagyşlar zäherli gazlaryň bölünip çykmagy netijesinde emele gelýän zyýanly hadysadyr.

Howanyň hapalanmagynyň bu görnüşi has yakymsyz we howpludyr. Zäherli gazlar atmosfera düşüp, beýleki elementler bilen himiki birleşmeleri döredýärler. Gürrüň uglerodyň ikili okisi, himiki buglar we azodyň oksidi barada gidýär. Şeýle hapalanma ümür we ýagyn görnüşinde ýere gaýdyp gelende, öz weýran ediji täsirini dowam edýär. Şeýle howadan dem alnanda, onuň saglyga zyýan ýetirilýändigi şübhesizdir.

Howa diňe daşarda däl-de, eýsem öýlerimizde we iş ýerlerimizde-de saglygymyz üçin howply bolup bilýär. Içerdäki howanyň hapalanmagynyň esasy çeşmesiçilim tüssesidir. Zäherli maddalar nahar taýýarlanada hem bölünip çykýar. Olar nahar taýýarlaýan gap-gaçlaryňyzyň teflon örtüginiň çyzylan ýerinden hem syzyp bilýändir.

Atmosfera edilýän ýylylyk täsiri bütin adamzat  üçin uly  mesele bolup durýar. Bu täsir zäherli gazlardan döreýär. Arassa atmosferanyň iň ilkinji ýagysy metandyr. Ol lagym ulgamyndaky galyndylaryň dargamagy netijesinde hem  emele gelýän gazdyr. Ýöne metanyň köp bölegi ýyladyş ulgamy we nahar taýýarlamak üçin ulanýan tebigy gazymyzyň gazylyp  alynmagy netijesinde atmosfera düşýär.

Daş kömrüniň we çyg nebitiň ýakylmagy hem howanyň hapalanmagyna sebäp bolýar. Olar ýananda, adam üçin zäherli madda bolan kükürdiň ikili okisi bölünip çykýp, bu  madda  adamda öýken keselleriniň (dowamly bronhit, demigysma, öýkeniň düwnük keseli) döremegine getirip bilýändir. Kömür gazylyp alnanda hemkükürdiň ikili okisi bölünip çykýar. Şol sebäpli hem şahtaçylar keselçilik babatda uly töwekgellik toparyna degişli edilip bilner.

Indi biziň her birimiz howanyň hapalanmagynyň esasy çeşmeleriniň nämedigine göz ýetirdik. Ol, dogrudan-da, örän uly mesele. Ol meseläni çözmek bolsa aňsat iş däl, sebäbi adamzat bu kynçylygyň möhümliligini  hemişe göz öňüne tutup hem durmaýar. Köçedäki awtoulaglaryň tüsselerine, şäherdäki zawodyň ýa-da nebitli ojagyň çykarýan gara gurumyna, ýakylýan zir-zibilleriň tüsse görnüşdäki zäherine üns berip, belki-de biz dem alýan howamyzyň ýagdaýy barada has çynlakaý pikir ederis?!

  • 5788 gezek okalan