• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • KOMPÝUTER WE GÖZ SAGLYGY

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

KOMPÝUTER WE GÖZ SAGLYGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.69 (13 Ses)

Häzir  biziň durmuşymyzy kompýutersiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Kompýuterde biz işleýäris, öz gerekli maglumatlarymyzy rejeläp saklaýarys, onuň kömegi bilen aýdym diňleýäris, kino görýäris, oýunlar oýnap, işden boş wagtymyz dynç alýarys.

Biz kompýuter bilen işläp, belli bir kada-düzgünleri berjaý etmedik ýagdaýymyzda, gözümize uly agram düşýänligini ýatdan çykarmaly däldiris.

Kompýuterde uzak wagt işlemek netijesinde, ýüze çykýan görüş ýadawlylygy, medisina edebiýatynda “kompýuter görüş sindromy“ diýip atlandyryldy. (mundan beýläk gysgaça KGS diýeris).

Görüş ýagawlylygy gözüň ýadamagy, ýygy-ýygydan gözüňi gyrpmak, gabaklaryň agyrlaşmagy ýa-da “gözüňe gum sepilen“ ýaly bolmak, gözüň gyzarmagy, gözüň öňüniň ümezleşmegi ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Agyrlaşan ýagdaýlarda, gözüň ýaşarmagy, ýagtylyga duýgurlylyk, hatda suratyň goşa görünmegi hem bolup biler. Görüş ýadawlylygy kelle agyry, eginleriň agyrmagy, maňlaýda ýa-da gözüň hanasynda agyryň döremegi, göz almasy hereketlenende agyrynyň döremegi ýaly alamatlar bilen hem ýüze çykyp biler. Ondan başga-da, tekstler okalanda çalt ýadamak, görejiňizi bir ýere dikmek ukybynyň haýallamagy ýaly ýagdaýlar bolup biler. Şunuň ýaly alamatlar dörände, katarakta (merjenjigiň ümezlemegi) we glaukoma (gözüňe gara suw inmek) ýaly gözüň keselleri ýüze çykarylmayar

Ýokarda sanalyp geçilen ýagdaýlaryň esasy sebäbi, kompýuteriň monitoryndan çykýan eletromagnit şöhlelenmeleriň täsiri däl-de, gözüň görüş aýratynlyklarynyň üýtgemegidir. Kompýuteriň ekranyndaky suratlanma kagyzdakydan tapawutlanýandyr. Öz häsiýeti boýunça, ol öz-özünden ýagtylyk çykarýan bolup, üznüksiz däl-de, “piksel“ diýip atlandyrylýan diskret  nokatjyklardan ybaratdyr. Ol nokatjyklar belli bir ýygylykda ýanyp öçýändir. Nokatjyklaryň ýanyp öçme ýygylygy näçe az bodugyça, şonça-da gözüň dürli aralyga uýgunlaşma (akkomodasiýa) häsiýetiniň dogrulygy azalýandyr.

Ondan başga-da, görüş ýadawlylygyna görejiň ekrandan klawiatura we kagyzdaky tekste geçip durmagy, iş ýeriniň nädogry guralmagy (gözden ekrana çenli uzaklygyň üýtgemegi, başga ýagtylyk çeşmelerden ekrana ýagtylygyň düşmegi, ekranyň çendenaşa ýagty bolmagy, reňkleriň nädogry saýlanmagy) sebäp bolup biler. Monitoryň başynda uzak işlemek, ýaş suwuklygynyň derejesiniň üýtgemegine getirip biler. Şu ýagdaýlaryň hemmesi, gözüň  ýadamagyna we umumy ýadawlyga sezewar edýär.

 

Kompýuter bilen işlemekligiň göze zyýansyz bolmagy üçin nämeler maslahat berip bolar?

KGS-nyň ýüze çykmagynyň köp sebäpleri bar hem bolsa, onuň esasy sebäbi, gözi gyrpmagyň ýygylygynyň azalmagydyr. Kagyzdaky tekstiň okalşy bilen deňeşdirlende, adam kompýuterde işlände ortaça 3 esse seýrek gözüni gyrpýandyr. Gözüň gyrpylmagynyň ýygylygy azalanda, göz ýaşy bilen ýuwulma ýeterlik bolman, gözler guraksy bolup ugraýar.

 

Aşakda berilýän maslahatlara eýerip, kynçylyklaryň öňüni alyp bolar:

  • Gözüňizi gyrpyp durmagy ýatdan çykarmaň. Gözüňizi gyrpyp durmany öz-özüňize mejbur ediň. Gerek bolsa, kagyza ýatlama ýazyp, monitora ýelmäp goýuň;
  • Işiňizde arakesme ediň. Işiň her sagadynda birnäçe gysgajyk arakesme gurrnaň. Özüňizden dürli daşlykda ýerleşýän zatlara gözüňizi aýlaň. (sagada, güllere, penjireden görünýän köçä). Her sagatda uly arakesme (15 minutlyk) etseniz has ýerlikli bolar;
  • Zerurlyk ýüze çykanda ýörite gözleri çyglandyrýan damjalary ulanyň.

 

KGS-nyň ýüze çykmagyna, monitora düşýän ýagtylyklar hem sebäp bolup biler. Ekrana ýagtylyk näçe az düşse, şonça-da göz üçin oňaýly ýagdaý döreýär. Otaglary ýagtylandyrýan çyralar ýa-da penjireden düşýän gün şöhleleri ýagtylygyň çeşmesi bolup  biler.

               

KGS-na getirýän bu sebäbi aradan aýyrmak üçin aşakdaky düzgünleri berjaý etmelidir:

  • Kompýuter ýerleşdirlende, otagdaky penjireler monitoryň öňünde ýa-da yzynda däl-de, gapdalynda ýerleşer ýaly ediň;
  • Gün şöhleleri monitora düşmez ýaly, penjirelere tutulary ulanyň;
  • Gaty ýiti ýanýan çyralary jaýdan aýyryň. Size ýagtylyk ýeterlik bolmasa, kuwwatlylygy biraz kiçi çyralary ulanyp bilersiňiz;
  • Iş ýerinde, ýagtylyk kuwwatlylygyny saýlap alanyňyzda, 40 ýaşdan uly adamlaryň gözünde ýaş aýratynlyklaryň ýüze çykýanlygyny (göz merjenjigiň saralmagy, görejiň daralmagy, gözüň torly perdesiniň görüş işjeňliginiň peselmegi) göz öňüne tutmalydyr.

 

Bu ýagdaýlaryň hemmesi, ekranyň ýagtylygyny güýçlendirmegi we iş ýeri goşmaça ýagtylandyrmagy talap edýär.

Ondan başga-da, KGS-nyň döremegine, monitoryň ýagtylyk ýitiliginiň nädogry saylanmagy, onuň iş otagyndaky ýagtylykdan tapawutlylygy sebäp bolup biler. Adamyň monitordaky şekilleri dogry seljermegine, otagdaky ýagtylygyň ýitiligi täsir edip biler. Aşa ýagtylandyrylan otagda monitoryň ýagtylandyryş ýitiligini hem ýokarlandyrmalydyr. Şonuň üçin hem, monitordaky şekilleriň ýitiligini sazlaşdyrmazdan öň, otagyň ýagtylygyna üns bermelidir.

KGS-nyň ýüze çykmagyna, monitorda şekillendirilýän tekstleriň ululygy we  reňkleriň nädogry utgaşmasy hem getirip biler. Ak reňkiň ýüzünde gara reňkli şekiller has oňaýly utgaşma bolup durýandyr.

Ondan başga-da, gapma-garşylykly reňkler bolan, sary-gök, gyzyl-ýaşyl reňkler göz bilen has ýeňil kabul edilýändir.

Monitoryň işleýiş häsiýetnamasyna degişli, şekilleriň täzelenme ýygylygyna, şekili düzýän nokatjyklaryň (pikselleriň) ululygyna, ol nokatjyklaryň şekildäki umumy sanyna hem üns bermelidir.

Iş ýüzünde, şekili düzýän nokatjyklaryň sany näçe köp bolsa, şonça-da şekili kabul etmegiň hili ýokarlanýar. Ýöne nokatjyklaryň sanynyň köpelmegi bilen, şekiliň täzelenme ýygylygy peselýär.

Kadaly iş üçin, ol azyndan 70 gerse barabar bolmalydyr. Şekili düzýän nokatjyklaryň ululygy, köp monitorlarda 0,25-028 mm. deňdir. KGS-nyň emele gelmeginiň öňüni almak üçin, nokatjyklaryň ululygy 0,25 mm.-den kiçi bolsa amatlydyr.

Görşümiz ýaly, iş ýerini dogry gurnamak, ýokary hilli  monitorlarda işlemek, kadaly arakesmeleri gurnamak, ýörite goraýyş äýnekleri we göz damjalary ulanmak ýaly çäreler KGS-nyň öňüni almaga we  görejimizi goramaga kömek edip biler.

  • 6433 gezek okalan