• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Umumy
  • KESELLERIŇ DÖREMEGINIŇ 7 SEBÄBI

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

KESELLERIŇ DÖREMEGINIŇ 7 SEBÄBI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.81 (21 Ses)

«Eger adam sagdyn bolmagy isleýän bolsa,

ilki bilen keseliň sebäplerinden dynmaga taýyn

bolmalydyr. Oňa diňe şonda kömek edip bolar».

Gippokrat

 

1. PSIHOLOGIÝA. Biziň bedenimiz biziň bilen keselleriň, ýarawsyzlyklaryň we beýleki fiziki kynçylykllaryň üsti bilen gürleşende, ol öz ýagdaýyna üns bermegimizi isleýär. Ol bize durmuşymyzy, hereketlerimizi, pikir edişimizi üýgetmelidigimizi habar berýär. Eger adam öz-özüni ýigrenýän bolsa, ony hiç kim halamaýan bolsa, ol hem adamlary halamaýan bolsa, bu onuň saglyk ýagdaýyna täsir etmezmi? Elbetde eder! Ol öýke-kine, bahyllyk, gorky, gahar-gazap ýaly heläkleýji duýgularyň girdabyna düşer. Eger adam şeýle duýgulardan saplanmak islemese, onuň sagdyn bolmaga asla-da mümkinçiligi bolmaz. Psihologiýa – güýçli sebäpdir. Şonuň üçin-de, ilki bilen şondan başlamaly. Durmuşda ileri tutulmaly zatlary saýgarmaly. Özüňi söýmegi öwrenmeli. Öz ýakynlaryňy söýmeli, olaryň gadyryny bilmeli. Durmuşyň her pursatyna şatlanmaly. Çünki geçen gün hiç haçan gaýdyp gelmez. Her bir ýaşan günüňe şükürli bolup, gelejege umyt bilen garamaly. Hiç haçan hiç bir ýagdaýda umytdan düşmeli däl.

 2. IÝMITLENME. Bu sebäp barada köp ýazyp, az amal edýärler. Dogrudan-da, dogry we oňat iýmitlenip başlamak aňsat däldir. Ilki bilen özüňiziň hiç haçan iýmejek azyklaryňyzyň sanawyny düzüň. Elbetde, adam ýasama gural däl: ol myhmançylygy-da, toýlara-da, sadakalara-da gider. Emma her nähili bolsa-da, biziň gaça durmaly iýmitlerimiz bardyr. Uzak wagtlap zaýalanmaýan iýmiti iýmek maslahat berilmeýär. Mysal üçin, üzüm sapagyndan ýolnanyndan 3-5 gün soň zaýalanaýmaly. Emma biziň günlerimizde üzüm dükanyň tekjelerinde hepdeläp ýatsa-da, zaýalanmaýar. «De Şirak», «Miwina» ýaly göz açyp-ýumasy salymda taýyn bolýan naharlarlary, tiz taýýarlanylýan köfäni, dükanlarda satylýan miwe şirelerini içmek bolmaýar. Ýogurtlary öndürýän kompaniýalar öz önümleriniň peýdaly janly bakteriýalara baýdygyny mahabatlandyrýarlar. Ýöne bakteriýalar diňe 3-6 gün ýaşaýar ahyryn. Bu ýogurtlaryň ulanyş möhleti bolsa 3-4 aýdyr. Öndürijiler ýogurtlary barlaga tabşyrýarlar. Barlagyň netijeleri oňat çykandan soň, ýogurtlary ýörite şöhlelere tutýarlar. Amerikanlar salmanella meselesini hem şu usul arkaly çözdüler. Towuk ýumurtgalaryny ýörite şöhlä tutýarlar. Munuň netijesinde bolsa izotoplaryň bir bölegi barybir galýar. Mürepbeler: malina, erik, ülje mürepbeleriniň düzümine köpsanly himiki maddalar we boýaglar goşulýar. Öý şertlerinde taýýarlanylan ülje mürepbesi asyl-da gyzyl bolmaz, sebäbi kislorodyň we şekeriň goşulmagy netijesinde onuň reňki garamtyl bolýar. Maýonezleri, aýratyn-da plastik gaplardaky maýonezi iýmek hem maslahat berilmeýär. Sebäbi maýoneziň düzümindäki sirke zäherli maddaly bölüp çykarýar. Şeýle-de maýoneziň düzüminde iýmitiň uzak wagtlap zaýanlanman saklamagyny üpjün ediji goşundylaryň we goýaldyjylaryň köp mukdary bardyr. Maýoneziň düzümindäki ýaglar bolsa siziň damarlaryňyzyň diwarlaryny tutar. Buglanan, kakadylan, ýarym kakadylan şöhlat (kolbasa) önümlerini iýmek hem peýdaly däldir. Sebäbi buglanan, duzlanan we reňklenen kagyzy iýip, belok edinýändirin diýip oýlanmak öz-özüňi aldamakdyr. Bu zatlaryň baryna gözüňi ýumsaňam bolýar, endigem edipdiris. Ýöne bu eýýäm psihologiýa (ýokardaky parça seret).

3. SUW Ähli keselleriň üçünji bir sebäbi suw we içgilerdir. Beýniniň düzüminiň 90%-i suwdan ybaratdyr. Beýnä suwuň barmadyk ýagdaýynda oňa näme boljagyny göz öňüne getirmegem kyn. Hiç hili içgiler: ne pepsi-kola, ne çaý, ne-de köfe suwuň ornuny tutup bilmeýär. Ýer ýüzündäki janly-jandarlarlardan diňe adam suwdan başga içgileri içýändir. Ýöne biz saçymyzy kofä ýuwmaýarys, egin-eşikleri çaýa durlamaýarys ahyryn. Bize güýçli erediji hökmünde täsir edýän SUW gerek! Biziň organizmimizdäki öýjüklere suw gerek. Sebäbi olaryň hem «ýuwnasy» gelýär. Eýsem biziň organizmimize näçeräk suw gerek? Eger siz ir-iýmişler, gök önümler, däneler we aňsat özleşdirilýän beloklar bilen iýmitlenýän bolsaňyz, size gije-gündiziň dowamynda 1 litr suw ýeterlikdir. Eger-de et, balyk, ýumurtga, çörek, ajy-turşy zatlardan garbanan bolsaňyz, 1,5-2 litr suw içmek ýeterlikdir. Adam näçe köp iýýän bolsa, şonça-da köp suw içmelidir. Adamda teşnelik diýen bir ajaýyp zat bar.Ýöne bu suwsuzlanmanyň birinji alamaty däl-de, dördünjisidir. Adamyň damagy gurasa, bu onuň organizminiň suwsuzlanmadan ejir çekip başlandygyny aňladýar. Adamyň böwreginde daş bar diýildigi peşewiň goýalyp, onuň düzümindäki duzlaryň çöküp galýandygyny aňladýar. Eger adam köp derläp, onuň deri ysly bolsa, onda suwy köpräk içmelidir. Suwy deriň ysy teniň ysy deňleşer ýaly mukdarda içmelidir. Limfalar arkaly zäherli maddalaryň köp mukdary geçýär. Zäheri bolsa diňe suw bilen eredip çykaryp bolýandyr. Aşgazandaky duz turşulygy babatda-da şeýledir. Aşgazanyň aşa turşulygy jedelli meselidir. Aşgazan hiç haçan gereginden artyk turşulygy bölüp çykarmaz. 2,5gr duz turşulygy gerekmi — aşgazan şol mukdary bölüp çykarar. Emma aşgazanda bolmaly 100 ml suwa derek 10ml suw bar bolsa, duzuň goýalmasy hem şeýle mukdar gatnaşygynda bolar. Adam sarygaýnamadan ejir çeken ýagdaýynda onuň aşgazanynyň turşulygy gereginden artyk bölüp çykarýar diýip nygtaýarlar. Emma aşgazanyň suwsuzlykdan ejir çekýändigi barada pikir-de etmeýärler. Lukmanyň ýanyna süýji keselinden ejir çekýän adam gelende, oňa gandaky şekeriň mukdaryny azaldýan ýörite dermanlary belläýärler. Bir käsede üç çemçe şekeriň eredilen erginini göz öňüne getiriň. Muny nähili derman bilen aýryp bolar? Ol nirä gitsin? Süýjüli gany nätse bolar? Ony suw bilen garsa bolar. Süýjini böwrekden süzüp bolarmy? Bolar. Ony diňe suw içmek bilen eredip bolar. Şonuň üçin-de, süýji keseline uçran adam köplenç teşne bolýandyr. Sebäbi onuň organizmi teşneligini gandyryp, şekeri eredesi gelýär.

4. BAKTERIÝALARYŇ, wiruslaryň, kömelekleriň, parazitleriň hüjümleri. Bu janly organizmleri ýok edip bolmaýar. Olaryň hem ýaşasy gelýär. Olar bizi ulanyp, biz arkaly eklenýärler. Ýöne biz bu «mugthorlar» we «süýthorlar» bilen ýaşasymyz gelenok. Diňe biziň organizmimiziň kesellere garşy durmak ukyby bakteriýalaryň, wiruslaryň we kömelek infeksiýasynyň hötdesinden gelýändir. Emma gurçuklar düýpgöter başgadyr. Olaryň hötdesinden gelmek üçin biz kesgitli çäreleri geçirmelidirs.

5. LUKMANÇYLYK. Lukmançylygy ösdürmeklige birgiden pul sarp edilse-de, ol adamzadyň ömür dowamlylygyny artdyryp bolmaz. Adamyň ömri onuň iýmitlenişine, endiklerine we öz-özüne bolan söýgüsine baglydyr. Geçen asyryň dowamynda «goşawuçlap» kabul eden analginimiz, dimedrolymyz, sitramonymyz häzirki döwürde köp ýurtlaryň derman senagatynda indi öndürilmeýär. Sebäbi olaryň peýdasyndan zyýanynyň köpdügi anyklanyldy. Ýene bir mysal: köp ýyllaryň dowamynda immunomodulyator hökmünde ulanylan Dekaris dermanynyň çagalarda ak ganlylygyň ýüze çykmagyna sebäp bolýandygy anyklanyldy. Bu ylmy barlaglar ABŞ-de geçirildi. Şonuň üçin-de, himiki serişdeleri kabul edip-etmezligi diňe siziň özüňiz çözüp bilerisiňiz.

6. HEREKET. Hytaý bilen Ýaponiýada süňkleriň bogunlary bilen iş salyşýan lukmanlar diýseň seýrek duş gelýändir. Gündogar halklarynyň meşgullanýan sport görnüşlerindäki hereketler birsydyrgynly, akgynlydyr. Olar esasan-da türgenleşik gimnastikasyna meňzeş. Ýöne: „Men mellekde sekiz sagatlap ýer depdim, bükülip işledim. Mundan artyk ýene nähili hereket gerek?”  diýip gaharlanmaga howlukmaň. Dogry, siz hereket edýärsiňiz, ýöne biziň bedenimiz edilýän hereketler agramynyň hemme agzalara deň derejede paýlanylmagyny talap edýär. Bedeniň ähli myşsalary deň derejede hereket eden ýagdaýynda peýdalydyr.

7. ZYÝANLY ENDIKLER. Olar sanardan köpdür. Bu diňe arakhorluk, neşekeşlik ýa-da çilimkeşlik däldir. Muňa ulagda gidip barýarkaňyz kitap okamaklyk we hatda batly sesli sazlary diňlemek hem girýändir. Ýüzin düşüp ýatmaklyk hem zyýanly endiklere degişlidir. Sebäbi bu ýagdaýda boýun 45º burç astynda gyşarýar-da, ganyň beýnä kadaly baryp durmagyna päsgel berýär.

Bu makalany okap, ruhdan düşmäň. Saglygyňyz barada alada etjek boluň!

Ulanylan WEB Salgy

  • 10339 gezek okalan